Edebiýat dünýäsine
Edebiýat dünýäsine
Edebiýat dünýäsi, seniň goýnuňda
Janyny janyňa gatanlaryň bar.
Taplanyp her hili ýowuz oýnuňda,
Başdan belent maksat tutanlaryň bar.
Başy dik mahaly göreni görgi
Bolup,
çekip urgy üstüne urgy,
Gidensoň bilinip gadyry, orny,
Ady giň äleme ýetenleriň bar.
Küt-küt kagyzlaryň çykyp kastyna,
Hars uruşyp, galan ýaly basgyda,
Ähli eklenjini seniň üstüňe
Hut algydar ýaly atanlaryň bar.
Seň durkuňy belent daga meňzedýän:
Kä ýeňil ýöredýäň,
käte entedýäň,
Kä gaýa çykarýaň,
kä gorpa itýäň,
Geçmesi kyn set müň kötelleriň bar.
Harama ganym sen, zehinlä dogan,
Gaty kän beýikleň yhlasy siňen,
Kim sende ýaşap ýör müň ýyldan soňam,
Ýa özi dirikä ötenleriň bar. Goşgular