|

Edebi ýañsylamalar

Edebi ýañsylamalar EDEBI ÝAÑSYLAMALAR

• Arkalydyr akgañlar

Urdy diýip gar bilen,
Tersleşmerin ýar bilen.
(S.Öräýew «Ýar bilen»)

Jark-mark bolaýmam bar,
Eger gaharym gelse.
Emma geçirimli men,
Garşydaşym ýar bolsa.

Näçe sütem etse-de,
Döz gelýärin jebrine.
Arkalylyk edýän-de,
Gidiberýän ugruma.

Meselemki, bir gün ol,
Hakyt urdy gar bilen.
Gör, şonda-da akgañlar
Tersleşmed-ä ýar bilen!

• Elbetde, sen isleseñ…

Ýoluñ bolup, ýodañ bolup,
Sypalaýyn aýaklarñy.
Pyýalañda çaýyñ bolup,
Köýdüreýin dodaklarñy!
(A.Kowusow «Sen isleseñ…»)

Aýajyklaryñdan sypalar ýaly,
Ýörejek ýoluña ýoda bolaýyn.
Eger jorabyma siñse tozanym,
Kir ýuwulýan «Aýna» soda bolaýyn.

Ýa-da pyýalañda gyzgyn çaý bolup,
Dodaklarñy besse-besse ýakaýyn.
Az görseñ-ä, ýata suw men, ezizim,
Meý-mes bolup, towlanjyrap akaýyn.

• Ýigrendigim gözeller

…Owadan gyzlary ýigrenýärin men,
Olar betbagtlygmy ýadyma salýar.
(N.Rejebow «Sen näme bilýärsiñ ýaşaýyş hakda»)

Bir gyz meni göz astyna alyp ýör,
Kemsiz gözel, özem goñşy obadan.
Emma, dostlar, ýigrenýärin men ony,
Sebäbi, ol… sebäbi ol — owadan!

…Eý, owadan gyzlar, eý, gözel gyzlar,
Sizden dynma ýokmuka, heý, dünýäde?!
Neneñ edip sizi ýigrenmäýin men,
Betbagtlygmy salyp ýörsüñiz ýada.

• Bilmeýänler bilip goýsun

Harplardan-harplardan
Setir-setir hat ýazylýar.
Bagda üzüm bişen wagty
Köp üzülýär, köp üzülýär.

Çeşmelerden inýän suwdan,
Ýap döreýär, ýap döreýär.
Iñ dürdäne ajap sözden
Bap döreýär, bap döreýär.
(S.Öwezberdiýew «Sekizlemeler»)

Harplardan-a harplardan,
Hat döreýär tarp ýerden —
Ine, şeýle «täzeligi»
Eşitmän galaýmañ birden.

Bagda üzüm bişen wagty,
Hoşasyny üzmek bolar.
Ine, bu-da bir «açyşdyr»,
Bu hakda hem ýazmak bolar.

Habar bermek bolar ýene,
Ýaplaryñ-da döreýşini.
…Ynha, görüp dursuñyz-a
Baplaryñ-a döreýşini.

Pygamberguly GURBANOW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 1986. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle