Edaradan reportaž
Edaradan reportaž
— Näme diýp edara işlemeýämiş!?
Kim goýberýär «myş-myş»!
Görüñ ahyr, telefonam işläp dur,
Holodilnik, radio, sagadam,
Kondisioner sergin howa noşlap dur,
Tokly çäýnek…
Sogaby kän sanasañ!
Ol ýatanmy?
Goý, ýatsyn-da biçäre,
Haýsy gowy — ony bilip bolmaýar.
Ýatdygy horlaýar — tapmadyk çäre,
Oýandygam baý-baý, samahyllaýar.
— Ýeri, olar näme, «waçjyk-da-waçjyk»?
Bar borly zenanlañ gäwüş çalýany.
— Goý-aýt, aýallarmyz çeýneýär sakgyç,
Söz diýip gör ýygnagmyz geldäni,
Sakgyç däl-de, çeýnär olar kelläñi!
Ol gelinmi?
Adyn tutma söýmeseñ…
Ol uzyn gün aýnasyna gözleýär.
Ol täsin hudožnik — Tañryñ goýberen
Kem-köstüni krem bilen düzleýär.
Çüş! Huk eder bu lektormyz gürlese:
«Reýgan, Tetçer…»
aýlap-ýyllap sarnaýar.
Aýaly-ha gitdi, oglam türmede,
Heläk ol dünýäni düzetjek bolup,
Öýde bolsa maşgalasy dargaýar…
Ol ýapyrlyp, belläp otyr mydama,
Bitirýär ol iñ bir wajyp pişäni.
Ol görýär — naçalnik alýar nyşana,
Ol çeneýär — başlyk gysýar mäşäni!
Sekretarşa telefona ýapyşýar,
Soñ işlidir elem, dişlidir dilem.
Ýa telefon üsti bilen öpüşýär,
Ýa-da öpüşýär ol trubka bilen…
…Bu edarañ gybaty däl, sypaty,
Munda durmuş pellesini giçleýär.
Baranyndan arlar onuñ sypany:
— Ýap işigi!
Kondisioner işleýār! —
Tokly çäýnek,
holodilnik işleýär,
A işgärler gördi onuñ işini.
Dymyljapdyr,
kabinetler porsapdyr,
Bir tär bilen açaýmasak işigi!..
— Näme diýp edara işlemeýämiş!?
Dürli pikir aýlanýar meñ serimde.
Awans ýöräp dur,
aýlyk ýöräp dur,
Edara ýöräp dur…
Ýöreýär ýöne
Duran ýerinde!..
Nobatguly REJEBOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. Goşgular