|

Dynç güni

Dynç güni DYNÇ GÜNI

Oýanarsyň bu gün öňküleňden ir,
Başyň ýaş, janyň sag, ökünerden ir,
Ýöne çaýyr basyp ýatan mellegňi,
Piliň al-da, derrew bir çetinden gir.

Ýeterlikdir gyzyň, aýalyň işem,
Ýuwulmaly zatlar üýşüp durandyr.
Tutularam, ýassyklaryň daşlaram
“Bizem-ä ýuwmaly” diýşip durandyr.

Düşmez çygly esgi gyzyň elinden,
Ýuwwar, süpir penjireleň aýnasyn
Hem diýer ol: “Oturgyjy oňatja
Sakla jigim, birden ýykylaýmasyn.”

Çaň basan keçeler, haly-palaslar
Çykar öýden synlaryny süýreşip.
Diýer paçak dograp oturan ogluň:
“Kaka, barýar gawunlarmyz çüýreşip.”

Diýersiň aýylyp başlansoň essiň:
“Gyzym, bar, sen birazajyk et üwe!”
Guran zatlar bolsa garaşar ýatar
Çygly hasa bilen gyzgyn ütüge.

Çaňjaryp durandyr polam, polka-da,
Onam gije ýuwup, ýygnap oturarsyň.
Dynç güni surnugyp, süýnüp sütüniň,
Iş gününe zordan özüň atarsyň.

Atajan ANNABERDIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle