Duzly ballada
Duzly ballada

Diýdik: «Tebigaty boýun egdirdik!»
Ýazdyk: «Tebigatdan adamlar üstün».
…Üç awçy Bathyza barýardy awa,
Ok-ýaragy azyk-suwlugy üpjün.
Nilden uçup çykan ot ýaly güllä
Gondurdy bir uçup barýan jereni.
Ot ýakdylar, ýöne duz galan eken,
Indi bäri getirmeseň Jebeli.
Alaç ýokdy, eger duzsuz bişirseň,
Agza ýarar ýaly boljak däl şara.
Jereniň gözünde arman, böwründe
Döwüň penjesi deý şar gara ýara.
Ýada düşdi birden Ýeroýlanduz,
Duzly jar — bathyzyň orta arasy.
Üç awçy üç ýerden şol ýere depdi,
Pudarlandy boz jereniň balasy.
Duzly ýerde ot ýakynyp üç awçy,
Et bişirip, duzly ýere çökdüler.
Şara bilen arak uran kişiler
Meý mestdiler, sermestdiler, kökdüler.
Uky bürdi, tüpeňlerin ýassanyp,
Gyşardy üç awçy duzuň üstünde.
Bir-biriniň ýumşak ýerne ýaplanyp,
Üçüsi-de uka gitdi dessine.
Bilýänler-ä bilýär, bilmeýänlere
Şu ýerde bir zady ýatlatmak gerek.
Nakyl bardyr: «Duza gaçan duz bolar»
Öz köne kadasyn bozmady pelek.
Gözlänler üç tümmek duzuň ýanyndan
Peşeňe dakylan gazet ýyrtygyn
tapyp tanadylar üç tümme duzy,
Ýitenlerne bolan eken alty gün.
Ony aýan etdi gazetdäki san
Hem oň mowzuglary bölýärdi ünsün.
Oka: «Tebigaty boýun egdirýäs!»
Ýene: «Tebigatdan adamlar üstün!»
* * *
Men wagty setire geçirýän her gün,
Tygşytlajak bolýan akýan wagty men.
Berjek bolýan gysga ömre köp many,
Özgeleň dünýäde ykýan wagty men.
Wagty saklap bilmez özünden özge,
Kylnan işde onuň mähri galandyr.
Wagt — bakylykdyr işlenen ömre,
Işlenmedik ömre bolsa — talaňdyr.
Atamyrat ATABAÝEW.
«Türkmenistan» gazeti, 1992 ý. Goşgular