Düýş bilen huşuň arasynda (Esse)

LIN Tsiň Süän,
hytaý ýazyjysy
Men sagat satylýan dükana baranymda, satyjy «ýaltalaryň sagadyny» almagy maslahat berdi.
— Ol nähili sagat bolýar? — diýip, men geňirgenip soradym.
— O sagat ýörite ýalta adamlara niýetlenen. Adaty sagatlaryň diňe bir hili sesi bolýar, ýaltalaryňky welin gygyryp ugrandan, depgini ýuwaş-ýuwaşdan gatalyp, iň soňunda ukudaky adamy gününe goýman ugraýar. Adaty sagatlaryň bir gezek düwmesine bassaň sesi ýatýar, ýaltalaryň bolsa bir gezek basanyň bilen duranok, ol her bäş minutdan gygyryp, diňe toga çatylan düwmesine basanyňda jyňňyrdysyny goýýar — diýip, satyjy tekjeden kiçijik elektron sagady aldy-da, öňümde goýdy.
— Muny kimler satyn almaly?
— Hemmeler alyp biler! Sebäbi adamlaryň köpüsi ukusyna dözümsiz bolýar, aýratynam, gyşyna daňdan oýanmak olara gaty agyr düşýär.
— Ýöne ýalta kişi oýanaga-da, munuň toga çatylan düwmesine bassa, onuň adaty sagatdan hiç hili tapawudy ýok bolar-da, şeýle dälmi?
— Elbetde! Ýaltalyk süňňüne siňen adamlara iň batly gygyrýan sagatlaryňam peýdasy degmez. Bu sagady düýş bilen huşuň arasyndaky adamlar ulanmaly…
Ömrüniň köpüsini sagat söwdasyna bagyşlan, olara ilik-düwme belet satyjynyň bular ýaly gürrüňleri meni örän geň galdyrdy, şonuň üçinem soragymyň üstüni ýetirdim.
— Be-e, düýş bilen huşuň arasy nähili bolýar?
Satyjy şeýle diýdi:
— Adam sagadyň jaňyna ýaňy bir oýanan wagty, ol düýş bilen huşuň aralygynda bolýar. Eger ol sagadyň jaňyny eşidip, şol wagt hem ukusyndan açylsa, muny buddizmde «zehinli kök» diýip atlandyrýarlar. Emma sagat hernäçe jyrlap, adamam oýanyp bilmän, iň soňunda-da toga çatylan düwmäni basyp öçürse, onda bu tüýsli adamlary «kütek kök» diýip atlandyrýarlar. Adaty adamlar zehinli kökem däl, kütek kökem, olar «gatyşyk kök». Gatyşyk kök diýilýänler oýanybam bilýär, ýoluny ýitiribem, ruhy taýdan galkynybam bilýär, çökübem. Jaň sesini eşiden badyna düýş bilen huşuň aralygyndaky ikirjiňlenmä garşy göreşmäge taýyn adamlara gowy jaňly sagadyň uly kömegi deger, sebäbi düýş bilen huşuň arasyndaky adamlara ýaňadan uka gitmek aňsat düşüp, oýanmak ýokuş degýär. Şol pursat bu adamlara gaýta-gaýta öwüt-nesihat, itergi gerek. Ýaltalaryň sagady, ynha, şu pursatda öz täsirini ýetirýär.
Satyjy pelsepä beýle ökdedir öýtmändim. Men iň soňunda ýaltalaryň sagadyny satyn alyp, öýe gaýtdym. Her gün ir säher sagat gygyranda, pelsepeçi satyjynyň aýdan sözleri ýadyma düşüp: «Emitofo» ( Emitofo — Buddizmde Gündogar Jennetde şalyk sürýän Amitaba Buddanyň adyny aňladýar, buddaçylar onuň adyna doga okaýarlar.) diýip gygyrardym-da, tarsa ýerimden turup, işe başlardym, sebäbi «zehinli kök» bolasym gelýärdi.
Esli wagt geçenden soň, satyn alan sagadym gygyrmasyny goýdy oturyberdi. Ony yzyna — bejertmäge äkitdim. Görüp otursam, onuň gygyrmaýandygynyň geň-taň sebäbi bar eken. Köp wagt bäri «keýpden çykýança» gygyrmaga maý bermändigim üçin, ol asyl sesini çykaryp bilmän, döwläýen bolsa nätjek?
— Elektron zatlar şeýle-dä, olara uzak wagtlap gygyrmaga maý bermeseň, döwülýär oturyberýär — diýip, satyjy aýtdy.
Öýe gaýdyp gelýärkäm kelläme şeýle pikir geldi: eger-de «zehinli kök», «kütek kök», «gatyşyk kök» diýilýän düşünjelere görä netije çykarsaň, onda gapyllykdan oýanan «zehinli kök» ynsanda gury hyýallaryň, boş arzuwlaryň, kelläňe bir girensoň hiç çykyp gitmeýän pikirleriň döremegine ýol berenok.
Aslynda, «dünýewi ýürek» bilen Budda uýýanlaryň ýüreginiň arasynda hiç hili tapawut ýok. Dünýewi ýürek — bu gury hyýallaryň gaflatyndan oýanmadyk ýürekdir, Budda uýýan ýürek bolsa — uzaga çeken ukudan kem-kem açylan ýürekdir. Dünýewi ýürek — bu açylmadyk gunçadyr, Budda ynanýan ýürek bolsa — gunçalap açylan güldür. Açylanam, açylmadygam — ikisem bir güldür, emma açylan gülüň reňki owadan bolup, adamlaryň ýüregini gopduryjy hoşboý ysy bar. Ol ýaz paslynyň bark urýan ysyna meňzeýär.
Biz doly oýanan zehinli kök däl, hyýallara çümüp galan kütek kökem däl. biz — ýönekeý düýş bilen huşuň araçägindäki adamlar. Biz edil şu pursat ýaramaz dünýäde ýaşamzok, käwagtlar köňlümiz şöhle saçýan Güneşe, älemgoşarly asmana, gyzaran şapaga sary uçup gidýär. Wagtal-wagtal ýaşyl ýaýla kibi mylaýym görke girip, Aý ýaly şöhle saçýarys, ýyldyzlar ýaly ýylpyldaşyp, durmuşa ýagty garaýyş bilen seredýäris.
Bu duýgy edil daň säher sagadyň jyňňyrdysyna oýanýan ýalydyr.
Ýöne gynandyrýan ýeri — sagat gygyrandan soň, biz bu pany dünýäniň dumanly tolkunlaryna gark bolup, ýaňadan uka batýarys.
Oýalyk gowy zat, emma ol düýşden doly aýryldygyň däl — bu bir bitewi zat. Huşam gowy zat, ýöne o-da özüňi ýitirmekden gutuldygyň däl, bu-da bir bitewi zat.
Aslynda, durmuşyň «oýalyk hem uky», «ugruňy ýitirmek hem sagdyn huş» diýen iki tarapy bolup, adamlar olaryň arasynda ikirjiňlenýär, göreşýär, erjeşýär, gözleýär, ýöne durmuşyň manysy, baky gymmatlyklary şu garyşyk akymyň içindedir.
Adamyň durmuşynyň birkemsiz däldigi gorkuly däl, adamyň ejirden doly dünýä täzeden gelmegem howatyrly däl, gorkuly zat — bu ýoluňy ýitirip, ony hem bilmezligiňdir, ömürboýy agyr uka batyp, ondan açylmazlygyňdyr. Howatyrlanmaly zat — bu köňlüň darlygyndan, boş arzuwlardan küýüňe bir girensoň, hiç gutulyp bolmaýan pikirlerden oýarýan jaňly sagadyň ýoklugydyr.
Biz ukudan oýananymyzda, gören düýşümizi gürrüň berýäris, muňa «Ýürek Sutrasynda»: ( Ýürek Sutrasy — Buddizmde esasy eserleriň biri. ) «düýşüň içindäki düýş» diýilýär, sebäbi adamyň durmuşy düýşdür. Adam düýşüň içindekä aýdyň-ýagty ýoly nädip tapsyn? «Lankawatara Sutrasynda» ( Lankawatara Sutra — «Lanka adasynda beýik kanunuň peýda bolmagy» diýmekdir. Mahaýana buddizminde iň hormat goýulýan eserleriň biri. Rowaýatlara görä, onda Buddanyň Lanka adasynda aýdan sözleri bardyr. ) Budda şeýle diýýär: «Her bir ýönekeý adam boş arzuwlara, küýüňe bir girensoň hiç çykmaýan pikirlere ulaşyp, özüni düýpsüz çukura oklaýar, öz halyndan habarsyz galýar. Adaty adam öz şahsyýetiniň gönezliginde saklanjak bolýar, şeýdibem başda gelip, soňundanam gidilýän çarhy-pelekde yzyny üzmän boş arzuwlaryň toruna düşýär».
Düýşüň içinde düýş bar, bu bolsa durmuşymyzyň gynandyrýan ýeri, emma oýanmagyň içinde-de oýanmak bar, bu hem durmuşymyzyň üstünligi. Gaflat ukusyndan oýanmak — akylyň durlanmagynyň gözbaşydyr. Adam birahatlygyň, gaharyň özüne zyýan ýetirýändigine diňe akyly durlanandan soň düşünip, köňli boş hyýallardan daşlaşýar, ýagtylanýar. Oýanan adam öz ykbalyna özi eýelik edýär.
Hyýal — bu gülüň ýapragy ýaly bir zatdyr, gül ýapraklary bir düşensoň, nädip täzeden ýapraklasyn?
Düýş — bu akym ýalydyr, hanasy bir guransoň, nädip täzeden suw aksyn?
Agajyň gülleriniň dökülýän ýerinde, akar suwuň gözbaşynda doly ýaşaýyş, ýagtylyk bar. Biz diňe şunuň düýbüne ýetenimizde, diňe şol ýerde arkaýyn dynjymyzy alyp bileris.
Eý, ynama ýeten adamlar! Düýş bilen huşuň arasynda, ýüregiňiziň jümmüşinden çykýan jaň sesini eşitjek boluň! Soňra bolsa tarsa ýeriňizden turup, asuda, päk, dogry, baky ýola gadam uruň!
