|

Duýgy

Duýgy DUÝGY

Özbaşyna ýaşap ýören dünýedim
Dogrydym men.
Hem kejirdim.
Keçjaldym
Gurşap durka daşym — imi-salalyk,
Öz içimi ýonup ýören neçjardym

Mynçgalap durka ýüregimi ünji,
Şadyhorram gezip ýören ýalydym
Göýäki men, Ýer şarynda ýeketäk,
Ýalňyzlygyň aýrylmajak ýarydym

Meýin içip yşgyň, sermest halatym
Başarmadym ötenleri saýpallap
Wagtlaýyn hyýalda kosmasa uçdum,
Hakykatda gezdim-ýördim pelpelläp

Sabyra atlandym, umytdan düşmän
Ähli zady ynam bilen sözledim
Durmuş gizlenpeçek oýny ýalydy,
Duýgy bilen söýgi, şatlyk gözledim

Ömrümi mydama duýga bagladym,
Netijesin gören ýaly gurradan
Duýgy — maňa baky ýaşlygy beren,
Duýgy — meni juwanlykda garradan…

Ylham GURBANALYÝEW.

2022.12 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle