Duýgularym
Duýgularym
Içde mesgen tutdy, ýaşady olar
Barlygyny duýdurdylar söz bilen.
Ne gije görüldi, ne-de bir gündiz,
Asla-asla görülmedi göz bilen.
Juwan ýaşda juwanlygyn bildirtmän
Söz açdylar edil garrylar ýaly.
Bagtly günleri-de boldy-la welin,
Muşakgatly hem-de görgüler ýary.
Eden-etdilikler ýoluny kesip,
Haýkyrdy adamlaň ýalňyşlaryna.
Dogryçyl bolany üçindir, belki
Uçrapdy ýalňyzlyk gargyşlaryna.
Ýük etdiler aladany, gussany
Bir pursadam ýaşamandy keşiksiz.
Ýetim olar söýgä, mähre zar mydam
Hem afrikaly çaga deý eşiksiz.
Ylham GURBANALYÝEW. Goşgular