| |

Düýäniñ, goýnuñ hem-de öküziñ jedeli

Düýäniñ, goýnuñ hem-de öküziñ jedeli Düýäniñ, goýnuñ hem öküziñ jedeli

Görüp ýolda ýatan bir bogdak oty,
Düýe, Goýun, Öküz begenen gaty.

Biraz oýa batyp, seslenen Goýun
«Bölüşsek, hijimiz bilmeris doýup.

Haýsymyz dünýäde köp ýaşan bolsak,
Ot şonuñky bolsun, ýaýnasyn ol dok.

Eger şeýle etsek bolar göwnejaý.
ulyny sylany halaýar Hudaý».

Öküz ýogyn molap, diýipdir şo hal:<br /> «Goýnuñ maslahaty unamazça däl.

Bu işde hiç kimiñ galmasyn göwni,
Her kim aýtsyn näçe ýaşyndadygny».

«Hasaplaýyn ýaşan ýyllarmyñ sanyn,
Gezdim sürüsinde Halylullanyñ.

Ondan bärkilerni aýdyp durmaýyn,
Başga pygamberiñ — ady Ybraýym.

Ilki soýup, gurban beren goýny-da,
Meñ söwer dostumdy, alýan boýnuma».

Diýip, Goýun tamamlanda gepini,
Öküz dillenipdir: «Diñläñ siz meni.

Diýýän sözlerimde hiç ýokdur ýalan,
Adam ata ýer sürüpdir meñ bilen!»

Düýe haýran galyp olañ geplerne,
«Näme, çypdyrýañyz?» diýmegiñ ýerne,

«Edýänim şu!» diýýän ýaly hamana,
Ýañky oty hellewledip asmana,

Diýipdir: «Etmäliñ biderek jedel,
Ota haýsyñyzyñ agzyñyz ýeter?

Nä aldajak bolup, çekýäñiz azap,
Sizden ýaş däldigim, görnüp duran zat». Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle