Duşuşyk yzasy
Duşuşyk yzasy

Bilýän, bizi ýene duşurar bir zat:
Tötänlikmi ýa ýazgydy takdyryň.
Şonda kalbyň iki damja ýaşyny
Göze dözmän, ýene kalba akdyryn.
Seň ýüzüňe bolsa gülüp bakaryn,
Aýyp bolar, senem ony geňleseň:
Men neýläýin, dünýäň ähli posasyn
Seniň täk posaňa berip bilmesem?!
Sen meni nämede günäläp bilseň,
Oňa diňe özüň borsuň günäkär:
Hem yşk berlen, hem yş görnen duýguda
Ne ykrar edildim, ne boldum inkär.
Tötänlikmi bulam
Ýa-da täleýiň
Bize dözjek aýralygnyň jezasy?
Bilýän zadym: iki damja ýaş bolar
Seniň bilen duşuşmagmyň yzasy…
■ ŞERTLI SÖÝGI
Söýgüde wada bolmaýar —
Wadaly zat şöýgi däldir.
Kasama salyp bolmaýan
Duýgular hakyky päldir.
Kasam etmersiň ejeňe,
Çagaňa kasam etmersiň.
Emma geçenňe, geljegňe
Sen biperwaý seretmersiň.
Duýgy gözleme seriňden —
Hak ony kalba salandyr.
Hak kelamy — ýüregiňde,
Dile geçdigi — ýalandyr.
Şertin bozup ölen ýokdur,
Şertli söýgem — şöýgi däldir.
Yşk ýa bardyr, ýa-da ýokdur,
Söýmedikleň şerti kändir.
Garaşma menden kasama,
Wadalarma bolma maýyl —
Söýüp bilemok ýasama,
Men şertsiz söýmäge kaýyl.
Çary ATAÝEW. Goşgular