|

Düşünişmezlik

Düşünişmezlik DÜŞÜNIŞMEZLIK

Düşünişmezlik

Şeýle pursat geldi —
Men ýeke galdym.
Ne ýakynym,
Ne dostum bar ýanymda.
Tutyny goýberip,
Aýnany ýapyp,
Bir aýylganç gygyranym ýadymda.

Şeýle bir gygyrdym —
Ýassygy çeýnäp!
Öz sesime gulaklarym gapyldy.
Ötegçi akyp dur eýläk-de beýläk,
Ne-hä eşden,
Ne-de gelen tapyldy.

Dost-ýaryma ýeke-ýeke jañ etdim.
Kimsi öýünde ýok,
Kim zerur işli.
Ot alan otagda galan güjük deý,
Ýürek urnup-urnup, ýerinden süýşdi.

Ýene-de gygyrdym penjirä bakyp,
Tapylmazmy, hiý, göwünlik berenler?
…Birniñ sesi geldi:
«Henizem bar-ow
Mesligine çydap bilmän ýörenler!..»

Şiraly NURMYRADOW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 11.09.1987 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle