Düşnüksiz adam / hekaýa
Düşnüksiz adam / hekaýa

Annaly aýlyk alyp geldi. Ol öýe girip, heniz köwşüniň bagjygyny çözmänkä aýaly Bossan ellerini bykynyna tutup:
— Neme… Aýlygyňy alan bolsaň, öňümizdäki bazar güni bazara çyk-da, bir goýun alyp gel. Soýup, huruşlyk edineli. Kellebaşaýagynam dograma ederis-de, ejeňe aýat okadarys — diýdi.
* * *
Daňyň alagaraňkysynda Annalyny ukudan oýaran aýaly boldy.
— Gyýw, tur indi. Bazara gitmel-ä sen… Çaý içeriň diýseň-ä demläp berjek. Bolmasa-da, çaltrak äw. Ahyrbazara galarsyň.
Annaly turup, geýindi. Aýaly Bossan pully düwünçegi alyp geldi. Ony lükgeligi bilen äriniň öňüne oklap:
— Al, ana. Puluňy bir galdyryp gidäýme. Özüňem häzirräk bol. Sähel nemetseň, ogurladarsyň. Bazar jüwlüksiz bolmaz – diýdi.
Annaly daşarda köneje “Moskwiç” maşynyny otlap bilmän gara başyna gaý bolup ýörkä aýaly oňa ýene sargyt gatyşykly akyl öwretdi:
— Gyýw, goýun bir tanaýaňmy sen? Goç-soç dagyn alaýyjy bolmagyn. Goçuň eti maňa bolýan däldir. Arryk goýna-da ýapyşmagyn. Çakyr süňk bolup duran zadyň nämesini huruş edinjek? Beý diýsemem, semizinden semizini gözläp, heläk bolup ýörme…
Guýrugy elek ýaly, elli kilelik goýun äkelibilseň-ä, oňa ýetesi zat ýok welin, arzan dälmikä diýýän-dä.
— Gymmatdyr – diýip, Annaly maşynyň kapotyny ýapdy.
— Şo-da. Gymmatmyka diýýän-dä menem. Nemedäýsene bolmasa, arrygyna-da ýapyşma, semizine-de. Soýup, huruş edinerlik mal tanarsyň -a. Ortatabyrak bir zat. Bärräk-bärräk soraşdyr-da, ylalaşyp, alyp gaýdyber. Wah, jellabyň birine duşsaň-a, ýagyrnişligiňi tüteder welin… Belki, Hudaý… Gyýw, araky telpek alşyň ýaly bolaýmasyn. Eşidýäňmi?
Emma Annaly ony eşitmedi. Ol eýýäm maşynyny otlapdy. Maşynynyň bolsa gep-üýn alyşdyrmaýan erbet sesi bardy.
— Bi bir söwda-da oňaranok iliňki ýaly – diýip, Annaly ugransoň, aýaly Bossan zeýrenip, mellegiň törüne ýöneldi. Ol ýerde sähel eglenip, öýe girdi-de, ýorgangala sümüldi.
* * *
Annaly maşynyny bazaryň sesýetim golaýynda
goýdy-da, emelsizlik bilen salnan agyllaryň daşynda
köwejekledi. Aýlanyp-aýlanyp, ahyry daňdanyň
çigreginden ätiýäç edip: “Ýa, walla, alagaraňkyda-da
bir söwda bormy?” diýdi-de, hababaýlap, maşynyň
içine girdi. Girdi-de, urdy ukyny.
Bir zamanlar gözüni açyp görse, ýüzüni sakgalmurta
basdyran bir kişi maşynyň aýnasyny kakyp dur.
— O-ow, ýaşşuly, waleýkimessalam, kireý edýäňmi?
— Sagat näçe bold-aý? – diýip, Annaly gözüni
owkalady.
— Sagad-a dokuzdan işleýä welin, bi Peşanala
taşlabilmezmiň? Birki sany goýun aldyk-da…
— E-eý, men goýun almal-a, goýun. Baý-bo-ow, il
eýýäm söwdasyny edip bolan ýaly-la.
Annaly alňasady. Pully düwünçegini goltugyna
gysdyrdy. Aljyrajak boldy. Ylgaşlap, mal bazarynyň
bir çetinden girdi. Giren dessine-de köşeşdi.
“Ýa-he-eý, bazar ýaňy başlanypdyr-a. Goýundan
kän zat ýok.”
Ol köw-söw edip uzak aýlanmady.
— Haý, janawar-eý. Gör, bulary. Mal dagyn däldir –
diýip, goýunly agylyň agzynda duran gaba telpekli
ýaşulynyň ýanynda aýak çekdi.
— Ýaşuly, goýun näden?
— Goýunmy? Goýun, inim, şu diýip belli birini
görkezmeseň, bahasyny aýdyp bolmaz.
Annaly balagyny çermäp, agyla girdi. “Ine, şü. Aýt
şuň bahasyny” diýip bir işşegi tutup görkezdi.
Ýaşuly goýnuň bahasyny aýtmaga howlukmady.
“Aý, inim, malyň-a gowsuny tutduň. Bolsa-da, tangyr
ekeniň. Meň mallaryma tangyrlyk nämä gerek? Besbellidir-le. Elin mal şeýle bolýa-da. Guzulygyndan özüm idetdim muny…” diýen ýaly sözleri aýdyp, Annalyny agylyň içinde birki minut saklady. Iň soňunda-da goýnuň bahasyny aýdyp: “Al eliňi bärik, inim! Armany galan däldir indi şu söwdaň” diýdi. Annaly iň bolmanda söwdaň hatyrasyna-da çekeleşmezden-zat etmezden oňa elini berdi. Şeýdibem söwda etdiler.
Puluny sanap alansoň, ýaşuly bir gulaç çemesi işilen
ýüp bilen goýny güýlüp berdi-de:
— Al, ana, göter, nesip etsin — diýdi.
Annaly goýny göterip, maşynyna ýöneldi. Ol guş
bazarynyň gabadyndan geçip barýarka täsin bir zada
nazary kaklyşdy. Adaty däl, kiçijik bir towuk bilen
horazy bazara çykarypdyrlar. Olaryň aşa owadanlygy
Annalynyň garagyny gapdy. Ol goýnuny elinden
düşürmän:
— Bi nähili towug-aý? – diýip sorady.
— Bimi? Aý, biýem towugyň bir görnüşi-dä. Impirtni
towuk. Hyýalyň bolsa gel – diýip, towugyň eýesi
aýtdy. Ol ýaş oglan eken.
— Näçe diýýäň?.. Bahasyny soran bolýan welin, şu
wagt-a arta-süýşe pulam ýok. Towugyň eýesi ýeser eken.
— Eliňdäki goýny näçä aldyň? Juda alarman bolsaň,
şo goýnuň bilen çalşyp goýbäris — diýip, ol tüýs
Annalyň edäýjek söwdasyny teklip etdi.
— Horazy bilen bilemi?
— Hawa-la.
— Başa-başmy?
— Başa-baş!
— Bäh! – diýip, Annaly kürtdürdi.
Olaryň daşy eýýäm adamdan doludy.
— Ýaman oňat söwda boldy. Ur eli! – diýşip, olar
gygyryşdylar.
— Dawaý, ur eli! – diýip, Annaly hem süründi.
Ýaş oglan töwekgel eken.
-“Il oňlasa, atyňy soý” diýipdirler. Al, nesip etsin!
Annaly muňa az begenmedi. Söwdany şowly hasap
etdi. ”Be-eý, walla, bi towuklary alsam aldym welin,
bylara iými-zady nähili bermelikä? Nämejik çokýaka
bular? Ýaňy soramak kellä gelmändir” diýip, ol ýolda
gelýärkä iňkise gitdi. Soňam: “Özi towuk bolsa, dänepäne çokýandyr-da. Ýak, walla, menem…” diýip, özüne teselli berdi.
Uzak bir ýerlerden Annalynyň maşynynyň sesi
eşdilende iki sany tokarja gyzjagaz ylgaşyp köçä
çykdy. Maşyny görenlerindenem:
— Kakam goýun getirýä. Kakga mäje etirýä – diýip,
aldygyna gygyryşdylar.
Bossan ärini ýylgyryp garşy aldy. Annaly maşyndan
düşen dessine:
— Bossan diýýän-ä, ýak, walla, bu gün-ä ýaman
birhili söwda bold-aý. Birhili-birhili boldy-da, men-ä
towuk aldym oturyberdim – diýdi.
— O nähili towuk?
— Towuk-da. Horazly towuk. Impirtni, kiçijik,
owadanja… Bolmasa goýny indiki aýlykda nemederisdä.
Annaly maşynynyň bagažnigini açyp, towukdyr
horazy aýalyna görkezdi…
Ondan soňky bolan zatlar hemmelere-de
düşnüklidir. Annaly-ha gyzlaryny ýanyna alyp, agşama çenli towugyna hem horazyna ketek ýasamak bilen meşgul boldy. Aýaly Bossan bolsa uzakly gününi hüňürdäp hem zeýrenip geçirdi.
Agşam ýatjak bolanlarynda Bossan ärini ýanyndan
kowdy.
— Bar şo towuklaň bilen ýatyber. Şolar heleý bolar
saňa. Tur, meň ýanymda bir ýatma – diýdi.
Annaly aýalynyň diýenini etmän-de biljekdi. Ýöne
ertire çenli iňirdi eşidip ýatmaly bolmagy mümkindi.
Ol hopugyp ýerinden turdy. “Bi indi uklaýmasa,
ýanyna gelip bolmaz” diýip oýlandy. Gapydan çykyp
barýarka aýaly Bossan oňa ýene bir zat diýdi:
— Hamana, meň ejeme aýat okatjak bolýansyň…
Utananogam.
Annaly towuk keteginiň ýanyna bardy-da,
çommalyp oturdy. Bu jelegaýlarda bular ýaly täsin
guşuň başga bir kişide ýokdugy ýadyna düşüp, bu
söwdasyndan kanagat tapdy. “Bularyň özi ýumruk
ýalyjak. Ýumurtgasy dagyn nähilikä? Jüýjejikler-ä
hasam kiçidir. Men munuň ýumurtgasyny ýygnaýynda, jüýje çykardaýyn, köpeldeýin. Bossan-a göwnemez welin, zeleli ýok” diýip ol pikir etdi. Daşky çyranyň yşygyna çala saýgardýan bu delje towuga hem horaza seredip, ýylgyrdy.
Aýaly Bossan mahaly bilen uklamady. Ol Annala
teý düşünip bilmeýärdi.
Fewral, 1996. Mary.
K.Ataýew Hekaýalar
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.