Durmuşyň keýpi
Durmuşyň keýpi
Durmuş keýpli –
söhbet etseň her kim bilen,
ýa-da galsaň täk başyňa.
Durmuş keýpli – serhoş wagtyň,
sersag wagtyňam şeýle.
Ýaman däl – bolsa zenan ýanyňda,
ýöne, keýpiňe-de sogan dograma
olaryň hiç biri saňa bakmasa.
Nähili keýp –
kitap ýazmak.
Ýöne, bir gezek keýpden çykdym,
sahypa yzyna sahypa
golýazmamy otda ýakyp,
belki-de ol romanym
erbedem däldir beýle.
Ähli zatda ýaşaýyşa höwes bar.
Kim aýdypdyr,
pulsuzlyk –
gam-gussalyk diýip?
Ýaşaýyşa höwes bar:
ölüme höküm edileniň kamerasynda,
ýas ýerinde,
hem meýhanada
– bu anyk belli.
Ine, bir gün peýda boldy
ýaşamak keýpi
ölüm ýassygynda ýatan kişiň gaşynda,
görmändi ol bende
ýeter-ýetmez ömründe
ýeke pursat şatlygy.
(Haýyş edýän, goşgyny
ünsli ýene bir okaň).
Ýan RYBOWIÇ.
Terjime: Mango. Goşgular