| |

Durmuşy öwredýän Tym­sal­lar

Durmuşy öwredýän Tym­sal­lar

Iň güýçli

Kakasy oglunyň geljekde abraýly, bilimli adam bolmagy ugrunda elinden gelenini gaýgyrmandyr. Ogly iň abraýly ýokary okuw jaýlarynda okap, bilim alypdyr. Kakasy hem gerek ýerinde mydama ogluna kömek edip, goltgy beripdir. Okuwyny tamamlap, ogly dürli kärlerde işläp, ýokary wezipeleriň eýesi bolupdyr. Kakasy hem ogluna daşyndan guwanyp, buýsanyp gezipdir…

Günlerde bir gün kakasy ogluny görmäge işleýän edarasyna barypdyr. Ömrüni daýhançylyk bilen geçirensoň, perzendiniň bu ýeten derejesinde özüniň uly paýynyň bardygyna öz ýanyndan monça bolupdyr. Ogly oturgyjyna ýaplanyp otyrka, arkasyndan baryp, oglunyň egnine elini goýupdyr-da, oňa şeýle sowal beripdir:

«Oglum, seniň pikiriňçe, dünýäde iň güýçli adam kim?» (Kakasy oglunyň «Elbetde, sen, kaka» diýip, jogap bererine garaşypdyr).

Ogly bolsa:

«Iň güýçli adam — men» diýip jogap beripdir.

Kakasy bu garaşylmadyk jogaba allaniçigsi bolup, gamlanyp, sesini çykarman daşaryk ýöräberipdir. Çykyp barýarka yzyna gaňrylyp, ogluna ýene-de bir gezek ýaňky sowaly beripdir. Ogly:

«Ýok, kaka, dünýädäki iň güýçli adam — sen» diýen. Kakasy bolsa:

«Ýöne sen edil ýaňyja dünýäniň iň güýçli adamy özüň diýdiň ahyryn» diýip geň galypdyr.

Ogly:

«Hawa, ol wagt iň güýçli adam mendim. Çünki seniň elleriň meniň egnimdedi, kaka» diýip jogap beripdir.

Paýhasly goja

Birwagtlar bir paýhasly goja bar eken. Adamlar ol gojanyň ýanyna dürli meseleler babatda geňeş etmäge geler ekenler. Aglaba oňa durmuşdaky kynçylyklary, dert-aladalary barada aýdýarmyşlar. Dertleriniň hiç wagt ýok bolup gitmeýändigi, olardan halas bolmaýandyklaryny aýdyp zeýrenýärmişler.

Bir gün ol goja märekä ýüzlenip, bir degişme aýdypdyr. Hemmeler muňa gülşüpdirler. Birsalymdan soň goja ol degişmäni ýene bir gezek aýdypdyr. Bu gezek oturanlaryň käbiri gülüpdir. Biraz wagtdan soň ýaňky degişmäni goja ýene gaýtalapdyr. Bu gezek märekäniň hiç haýsy gülmändir. Bu ýagdaýa dana goja ýylgyrypdyr-da, şeýle diýipdir:

«Adamlar, ynha serediň, ýaňky degişme nähili gülkünç bolsa-da, siz oňa diňe bir sapar gülmegi başardyňyz. Onda näme üçin siz şol bir dertler barada hemişe gamlanýarsyňyz?

Durmuşda gabat gelýän her hili kynçylyklaryň, çykgynsyz ýagdaýlaryň wagtlaýyn bir hadysadygyny ýadyňyzdan çykarmaň! Olar barada yzygiderli gaýga batyp, aladalanyp ýörmek siziň diňe wagtyňyzy hem-de güýç-kuwwatyňyzy almakdan başga iş bitirmez».

Ynam

Bir işewür adam iş saparyna gitmelidi. Ýöne iş-aladalarynyň köplügi sebäpli, tasdan uçuşa gijä galypdy. Ol aljyraňňylyk bilen howa menziline baryp, dessine goşlaryny tabşyryp, uçara mündi. Uçaryň penjire tarapynda orta ýaşly bir aýal, bäri ýanynda bolsa bir kiçijik gyz otyrdy. Ýantorbasyny ýokarda goýanyndan soň, olaryň aralaryndaky ornuna geçip oturdy.

Uçar ýerinden gozganyp, bat aldy. Ol adam ýanynda oturan kiçijik gyzjagaz bilen gürleşmäge başlady. Gyzjagaz elindäki surat albomynyň suratlaryny reňklemek bilen meşguldy. Ol öz gyzy bilen ýaşytdaşrak bu gyzjagaza her hili sowallar berdi. Gyzjagazyň ýeke özüniň gorkman uçarly syýahata çykanlygyny geň gördi. Ýöne bu barada gyzjagazdan hiç zat sorap bilmedi.

Gonmagyna, takmynan, bir sagat ýaly wagt galanda, ýaramaz howa ýagdaýy sebäpli birden uçar aşak-ýokary galkyjaklap başlady. Uçarman adamlaryň dowla düşmezliklerini hem-de howpsuzlyk kemerlerini berkitmeklerini sargaýardy. Soňky ýarym sagadyň içinde uçar birnäçe gezek siltenip, ýere gaçaýjak bolýan ýaly sandyrady. Uçaryň içindäkileri uly gorky gaplap alypdy. Işewür adam bolsa gorky-gaýgydan ýaňa derledi, bar güýji bilen oturgyjyndan ýapyşdy.

Şol wagt ýanyndaky kiçijik gyzjagaza gözi düşdi. Gyzjagaz, hamana diýersiň, hiç zat bolmadyk ýaly henizem suratlaryny reňklemek bilen meşguldy. Biraz salymdan uçar kadaly ýagdaýa geçdi. Uçarbelet az wagtdan barmaly ýerlerine gonýandyklaryny habar berdi. Uçar pessaýlap ugrady. Işewür adam gyzjagaza özüni gyzyklandyrýan sowaly berdi:

«Sen bir kiçijik gyz, ýöne men henize çenli sen ýaly gorkusyz adamy görmedim. Hany, maňa aýt, uly adamlaryň şeýle gorkmagyna garamazdan, sen nädip beýle arkaýyn oturyp bildiň?».

Gyzjagaz hem:

«Uçarman meniň kakam. Ol meni öýümize äkidip barýar» diýip jogap berdi.

Kiçijik gyzjagazyň şeýle uly ynamy işewür adamy haýran galdyrdy.

Iňlis dilinden terjime eden Mahym Orazberdiýewa,
Mary şäherindäki 21-nji orta mekdebiň mugallymy
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle