Durmuşa garaýyş hakynda…
Durmuşa garaýyş hakynda…
Bir garybyň aýaly ýag taýýarlaýan eken. Äri bolsa, ýagy ýerli dükana satmaga beripdir. Aýalyň taýýarlaýan ýagy tegelek bolup, agramy 1 kilograma deň eken. Ýagdan girýän girdeji maşgalanyň oňşugyny aýlamaga ýardam edipdir.
Bir gezek dükançy bu garyp maşgalanyň halaldygyna güman edipdir-de tegelek ýagy ölçäp görüpdir. Görse, ol ýag tegelekleriniň hersi 1 kilogram däl-de, 900 grama deň eken. Muňa dükançynyň diýseň gahary gelipdir.
Ertesi gün şol garyp ýene-de ýag satmak üçin dükanyň gapysyndan ätläpdir. Şol wagt dükançy gaharly sesi bilen:
─ Sen ýalançy ekeniň, indi maňa ýag getirme, barybyr senden hiç zat satyn almaryn,! Maňa her tegelegiň agramy 1 kilogramdyr diýdiň, olar 900 gram eken. Men saňa özümi aldatmaryn ─ diýipdir.
Garyp bolsa oňa naýynjar garap:
─ Hojaýyn, biziň terezimiz ýok. Hemişe ölçeg daşy hökmünde sizden satyn alan 1 kilogram şekerimizi ulandyk. Ýag tegeleklerini şol şekeriň agramy bilen ölçedik─ diýipdir.
Terjime eden: Goçmyrat Orazberdiýew,
žurnalist. Edebi makalalar
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.