Durmuş oýunlary barada sakgaldaşyň gürrüňinden
Durmuş oýunlary barada sakgaldaşyň gürrüňinden
Jahyl çaglarymda çaga köpeltdim,
Söýdüm, ulaltdym hem toýlaryn tutdym.
Mähir-muhabbetden gujagym dolar,
Garramda hözirin görerin öýtdüm.
Gojalamsoň, (ejizlik däl ýöne çyn),
Özüm üçin ýaşamagym ýene kyn.
Gaýgy-hasrat gujagymy doldurdy,
Her balaň müň derdi bolany üçin.
2022 ý.
***
Kemeler gymmaty, görnügi bolmaz,
Bedewiň guýrugy, ýaly bolmasa.
Zelili.
Getirdiler meýdandan,
Gamyşgulak bedewi.
Görseň gözüň gamaşd:yr,
Owsun symap bedeni.
Görnügi hem gymmaty,
Tylla ýalyn gyrkdylar.
Deregine boýnuna,
Bezeg şaý-sep dakdylar.
Girdi emeli durka,
Üýtgäp, tebygy görki.
Bedew gözden ýaş dökdi,
Durkuna bolman erki.
1997 ý. Goşgular