| | | | | |

Durmuş Nobatguly däldir, Göwherim -9: Soñundan aýtjak sözlerim

Durmuş Nobatguly däldir, Göwherim -9: Soñundan aýtjak sözlerim

9. Soňundan aýtjak sözlerim

Türkmen poeziýasynyň geçmişiniň baý bolşy ýaly, onuň şu asyram beýik-beýik şahyrlara gaty baý. Ýigriminji-kyrkynjy ýyllarda tutuş sowet poeziýasynda bolşy ýaly, türkmen sowet poeziýasy hem esasan syýasatyň gullugynda durup, agitatorçylyk missiýasyny ýerine ýetirip, öz mukaddes borjundan sowlup geçdi. Emma şol ýyllarda-da poeziýasy düýbünden öwrenilmedik A.Gulmuhammedow kimin ägirt şahyrlar bolupdyr. Olar hakyky poeziýa bilen iş salyşýar, şonuň üçinem olary Staliniň gazap syýasaty ýok edip, olaryň deregine agitator şahyrlary mertebe belentligine göteripdir.
Rehmet Seýidow, Gara Seýitliýew, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow, Ata Atajanow, Mämmet Seýidow ýaly şahyrlar başga respublikalarda bolanynda bütin sowet soýuzyna tanalmaly uly şahyrlardy, emma olar özlerine bagly bolmadyk sebäplere görä Mejelaýtisiňki, Alym Köşekowyňky, Resul Gamzatowyňky ýaly şöhratdan mahrum boldular.
Türkmenistanda öňem kämil poeziýa bardy, soňam kämil poeziýa bar, emma ýokarda nygtaýşymyz ýaly, şol poeziýa düýpli öwrenilmedi. Ylmy taýdan derňelmedi. Ýogsa şu mahala çenli, türkmen hem sowet poeziýasyna Rehmet Seýidow näme täzelik getirdi, Berdinazar Hudaýnazarow näme üýtgeşiklik bilen geldi, Kerim Gurbannepesow poeziýany nämeler bilen baýlaşdyrdy diýip kitap yzyna kitap çykaýmaly ýaly. Emma ol arzuwlygyna galdy. Hatda beýik Magtymgulynyň — Gündogaryň iň şuglaly filosofy, akyldary, şahyry Magtymgulynyň hem dünýä edebiýatyna nämeler getirendigi öwrenilmändigi üçin diňe başyňy ýaýkap dymaýmak galýar. Poeziýa öz işini aňryýany bilen etdi, ony ylmy esasda «dokumentleşdirmek» üçin bolsa, gynansak-da, bizde poeziýa üçin ýöriteleşen alymlar ýok diýen ýaly.
Dogry, alym D.Nuralyýew mundan on-on bäş ýyl ozal «Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy» atly sensasion, tendensioz makalasyny ýazypdy. Makalada Gurbannazar Ezizowdan soňky şahyrlaryň edebiýata hiç täzelik getirmändigi ýepbeklenýärdi. Gurbannazar Ezizow türkmen sowet poeziýasynda özboluşly rewolýusiýany amala aşyran şahyr. Ol Gündogar edebiýatyna Ýewropa edebiýatynyň akymyny getirdi. Bu gaty uly iş. Gurbannazaryň poeziýasy, ondan soňky poeziýa düýbünden diýen ýaly täze poeziýa. Emma her halkyň poeziýasynda her dörän şahyr rewolýusiýa edip bilmeýär. Alymyň ýalňyşy, ol Gurbannazar Ezizowdan soňky şahyrlardan hem şol rewolýusiýany talap edýär. Rewolýusiýadan soň ösüş bolmaly, kämillik bolmaly. Rewolýusiýadan soň rewolýusiýa bolmaly däl-de, täze ösüş, täze belentlikler, kämillik bolmaly. Hut şonuň üçinem Gurbannazar Ezizowdan soňky şahyrlaryň döredijiligi öwrenilende, olaryň her biriniň edebiýata öz getiren zadyny öwrenip, şol boýunça olara baha bermeli. Ewolýusion belentlikleriň derejesini ölçemegi öwrenmeli.
Nobatguly Gurbannazar Ezizow dagynyň neslinden soňky nesle degişli şahyr. Ol türkmen poeziýasyna, umuman, dünýä poeziýasyna nämeler getirdi?!
Beýik nemes şahyry Genrij Geýne: «Diňe beýik şahyrlar öz döwrüniň poeziýasyna düşünip bilerler: geçmişiň poeziýasyna düşünmek aňsat»  diýipdir. Bu näme diýildigi? Eger biz öz döwrümiziň ogly bolsak, eger biz öz döwrümize, ýaşan eýýamymyza akyl ýetirmäge ymtylýan bolsak, bize diňe öz döwürdeş şahyrymyz hemaýat edip biler. Geçmişiň beýik şahyr-akyldarlary Gorasiý, Gýote, Şekspir, Dante, Omar Haýýam, Faraby, Al Maari, Mürze Galyp, Puşkin, Lermontow, Magtymguly ýaly beýik geniler bize dünýä, geçmişe, adamzada akyl ýetirmäge basgançaklardyr, olar düýnki dünýä, düýnki eýýama, düýnki adamzada düşünmäge basgançaklardyr. Bize öz döwrümize, öz döwürdeşlerimize, öz halkymyzyň psihologiýasyna, öz ýaşaýan dünýämize akyl ýetirmek zerur. Eger biz öz eýýamymyzyň syrly çuňluklaryna, nämälim giňişliklerine aralaşmak islesek, ol ýolda bize diňe döwürdeş şahyrlarymyz ýolbeletlik edip biler. Hut şonuň üçinem biz öz döwürdeş şahyrlarymyzy öwrenmäge borçludyrys. Eýsem Nobatguly poeziýa nämeler getirdi, nämeleri kämilleşdirmäge gatnaşdy?
Nobatguly Rejebow, Atamyrat Atabaýew, Ahmet Gurbannepesow, Gurdurdy Sähetdurdyýew, Döwlet Garkyn (Döwletgeldi Annamyradow) ýaly şahyrlar Gurbannazar Ezizow dagynyň başlan ýoluny dowam etdirip, rifmada başlanan gözlegleri kämilleşdirip, türkmen poeziýasynda düýbünden täze rifmalary işe girizdiler. Işlik rifmalary poeziýadan gysylyp çykaryldy. «Bezeýär — gözleýär» ýaly rifmalar arhiwe gidip, olaryň ýerine dürli-dürli rifmalar poeziýa geldi. Pantorimden başlap, aýal hem erkek rifmalar, goşma rifmalardan kalambur rifmalara çenli Nobatgulynyň, Atamyrat Atabaýewiň, Ahmet Gurbannepesowyň, Döwlet Garkynyň poeziýasynda ulanylýar.
Nobatguly Rejebowyň «Publisistik poemasyndan» bir bent:

Ýetişdirdik kütüje hem çeýeje,
Lotuja hem çemeje,
Titije we ş.me.je.
Ş.m-äni.

Bary-ýogy üç-dört setir, ine, pantorim. Nobatguly bu ýerde täze rifmanyň hatyrasyna goşgy kadasyny ýykyp, täze kada tapyp, ussatlygyny görkezmek islänok, ýok, ol öz döwrüniň «diplomly» kesellerini sanaýar.
Nobatguly Rejebow täze epitetleriň, metaforalaryň, meňzetmeleriň giden tapgyryny türkmen poeziýasyna getirdi. Ol «bokurdak bilen hokurdan» sözüni rifmalaşdyrýar. Birinjiden, täze rifma, ikinjiden, biziň döwrümiziň doýmaz-dolmaz iýermenlikleriniň obrazy. Suwuň gaçyp eden hokurdanyny doldurjak gümanyň ýok.
Şahyryň «Parahatlyk marşy» atly poemasynda täze meňzetmeleriň üsti bilen pikir aýtmanyň täze görnüşleri gaty kän. Poema sowuk urşa garşy gönükdirilip ýazylan. Dünýäniň bir ýeriniň bişendigini, ol ýerde atom urşuna taýynlanyp, dünýäniň ýok ediljek bolunýandygyny, beýleki bir ýeriniň bolsa şindi doly eşik geýmegi hem bilmeýändigini, dünýä urşundan ýok bolup gidibiýr ýaly olaň dünýäniň öňünde hiç bir günäsiniň ýokdugyny şahyr şeýle beýan edýär:

Entek olar asmana,
ýaýdan gaýry zady atyp görenok.
Entek olar zemine,
Tohumdan gaýry zat atyp görenok!
Ýeriň şardygynam açyp görenok!
Entek olar zawod turbasy bilen
Demikdirenoklar mawy asmany.
Entek olar elhenç raketa bilen
Atyp
        gökden gaçyranok Allany!

Şahyr atom urşy turaýsa, dünýäniň nähili boljakdygyndan söz açýar, ýaraglanmagyň bigünä, ýaşamak isleýän halk köpçüligine tükeniksiz hasratdygyny, elhençlikdigini nygtaýar.

Bakyň ahyr, dünýäň gabrystanlary
Garaşmakdan ýaňa ahyrzamana
Ýykyk-ýemrik haçlaryny somlaýar
Haçly ýöriş gurýan ýaly hamana.

Hawa, hakyky kyýamata garaşyp ýatan merhumlar «emeli kyýamata» garşylyk görkezip, durmuşa garşy «haçly ýöriş» guraýar. Nobatgulynyň başga bir goşgusynda bolsa gurlup barýan şäher diňe sährany gysman, töwerekdäki gonamçylyklary hem gysýar. Şol hüjüme tap getirmedik gabrystanlylar «ak baýdaklaryny» göterip, ýowuz ýaşaýyşdan aman dileýär.
Nobatguly biziň poeziýamyza meňzetmeleriň, metaforalaryň her dürlüsini getirdi. Hakyky şahyryň tapyndysy diňe öz halkynyň edebiýaty üçin täzelik bolman, dünýä edebiýatynda täzelik bolýar, ýöne ony ylmy subut etmek bize başardanok.
Şahyr özüniň «Aýdym» atly goşgusyny şahyr hem bagşy Gurbanaly Magrupynyň pajygaly ykbalyna bagyş edipdir. Gurbanaly Magrupy söweşde duşmana bialaç ýesir düşýär. Gul edilýär, emma onuň aýdymyny eşiden hem görmegeýligine haýran galan han: «Bi gözleri gören gyzlar hüýlener, hamyla bor sesin eşden gelinler» diýip howatyrlanyp gözlerini çekdirýär, soňam: «bar, ýurduňy tapsaň gidiber» diýýär. Şahyr Magrupy aýdym aýdyp, öz aýdymynyň yzyna düşüp gelýär.
Şahyryň gözüni köwleýärler, emma şahyr görýär. Ol şahyr Nobatgulynyň fantaziýasy bilen görýär.

Gözün köwlediler Saltyk şahyryň
Sypyryldy dünýäň ýüzünden perde.
Bir seretse, aýyl-saýyl görünýä
Jahalat-da,
              gamdyr gussa-da,
                                         şer-de.
Gör, neneňsi gara ýanyk ekeniň
Şahyra hüýr bolup al salan dünýä…

Nobatguly poeziýa şahyrana nowella žanryny getirdi, kämilleşdirdi. Aslynda, şahyryň gaty köp goşgulary nowella häsiýetlidir, onuň sebäbiniň hem Nobatgulynyň «ters» pikir edip, garaşmaýan ýeriňden barmagy başaryp bilýänliginden.
«Gyzgüzer» goşgusynda ol, Aý aýdyň gijedäki ikiçäk suwa düşýänleriň pyşyrdysyny süýjülik bilen beýan edýär. Her kim oglan bilen gyzdyr diýip intim duýgularyň ummanyna urulýar. O ýerde bolsa ýaş oglan bedew atyny suwa düşürip ýör. Ýa bolmasa, «Berdi aganyň ýaş toýunda» atly goşgusynda şahyr ýubileý ýagdaýyny suratlandyrýar, dünýäniň dürli ýerinden gelen oratorlar dürli dillerde Berdi agany wasp edýär. Professorlar, şahyrlar Berdi agany wasp edýär, hatda duşmanyna çenli Berdi agany magtaýar.

Goja bolsa pyşyrdap wasp edýärdi
Ýanynda oturan ýaşajyk gelni

— diýip, Nobatguly Berdi Kerbabanyň islendik öwgüden, magtamadan beýikdigini, hatda ýubileý dabarasy wagtynda hem Berdi aganyň şahyrlygyna galandygyny, şahyryň borjunyň bolsa gözelligiň waspydygyny örän täsinlik bilen aýdýar.
Nobatguly poeziýa kämil erkinligi getirdi. Ol kämil erkinligiň hatyrasyna köpsözlülige uranok, tersine, diýjek bolýan pikiriniň mandysyny goýman, göze doly obrazyny çekýär. «Jemşidiň jamy» atly poemasynyň gahrymany beýik akyldar Magtymguly dünýäden hakykaty agtarýar, haky agtarýar: Ol Magtymgulynyň «Ýa bir merde duş et, ýa-da Hudaýa» diýen setirlerinden ugur alyp,  Hudaýa ýüzlenýär.

Ýalaňaç hindi kimin
                               sežd edeýin buta-da,
Sežd edeýin ota-da,
                               sežd edeýin oda-da,
Sežd edeýin Güne-de,
                                sežd edeýin Aýa-da,
Duşmadym men Hydyra,
                                duşmadym Ylýasa-da,
Didaryň görkes maňa!

Hydyr diýdim Hyrs çykdy,
                                    dürs diýenim ters çykdy,
Arş diýenim kürs çykdy,
                                     ýüregimden ers çykdy,
Gamdyr gussa kalbymdan gäbe bile gerk çykdy,
Daglara ugrar bolsam gara daglar berk çykdy,
Didaryň görkes maňa!

Forma taýdanam, mazmun taýdanam, pikir taýdanam original täze goşgy.
Nobatguly türkmen poeziýasyna nakyl derejesine göterilen, ýüzlerçe takyk filosofiki pikirleri getirdi. Nakyllarda döwrüň kemsiz eýlenen parasady bolsa, Nobatgulynyň aksiomalarynda şol parasat bilen birlikde döwrüň nerwi, ruhy psihologiýasy hem bar. Nakyllaryň haýsy zamanda dörändigini hiç kim aýdyp bilmez, emma Nobatgulynyň nakyllaryny okap, onuň Nobatgulynyňkydygyny, galagoply, ýigriminji asyrda dörändigini takyk bilip bolýar.
Nobatgulynyň sýurrealistik poeziýanyň başyny başlaýjy diýip arkaýyn aýdyp bolar. Onuň onlarça kämil sýurrealistik şygryny derňedik hem. Ol şygyrlar forma, mazmun, ruh, psihologik taýdan täze goşgular. «Guýy», «Rentgen», «3333», «Zenanlara», «Manekenler», «Possun», «Belent men» ýaly şygyrlar täze poeziýanyň başlanyşydyr, Şahyr «Possun» diýen sýurrealistik goşgusyny ýumoristik äheň bilen başlaýar.

Haýsy betbagt aýyň hamyn sypyryp
Geýipsiň sen egine,
Basypsyň sussy.
Ýetişemok ynha derim süpürip,
Onsuzam türkmeniň howasy yssy.
Onsuzam gorkmaýan aýal jynsyndan
Barmydyr heý Adam ataň kowmunda
…Sen-ä munda derläp ýörsüň,
                                             bir aýam
Ýalaňaç ygyp ýör Taýgaň sowgunda…

Bu şygyr, göräýmäge, tebigaty goramak baradaky şygyr ýalydyr, emma şygyr dünýäniň kanunalaýyklygy hakda. Dünýäde artyk hem kem zat ýok. Seniň bir zadyň artsa, başga biriniň bir zada gowzaýar. Takyk, anyk filosofiýa!
Nobatguly poeziýa täze pikir baryny getirdi. Ýadyňyzda bolsa, ilkinji Ýeriň emeli hemrasy uçurylany bäri adamzat aňy asmana hüjüm edip ugrady. Şahyrlar ýigriminji asyry kosmos asyry atlandyryp, adamy ganatly adam diýip poeziýa saldylar. Dabaraly, magtanmaly goşgular bilen adamyň äleme çykyşyny uly ýeňiş hökmünde dünýä ýaýdylar, Nobatguly bolsa «XX asyr» atly şygrynda şeýle diýýär:

Ýumurtga —
                 ellips zemin,
Ýaryldy-da,
                daşa çykdy guş çaga.
Düýşüňde dary gör, göwün ýüwürt-de,
Asmanda — däne deý syrly ýyldyzlar!
Ganat bolsa bekemändir uçmaga…

Awtor bu goşgusynda ýigriminji asyryň ýumurtgany ýaryp daşa çykandygyny, entek adamzat aňynyň hem, ganatynyň hem bekemändigini beýan edýär. Nobatguly bu pikirini ösdürip «Bäbejik» diýen şygrynda ynsan beýnisini wagty ýeten, dogulmaga garaşyp ýatan bäbejik hökmünde suratlandyrýar. Büküdip ýatan beýni bilen ene garnynda ýatan çagajygyň arasyndaky meňzetmeden ugur alyp ynsan doguldy, indi onuň beýnisiniň dogulmaga wagtynyň ýetendigini aýdýar, emma ters dünýäde ol bäbejigi — beýnini o dünýä özi bilen äkiderin diýip howatyrlanýar. Ynsan beýnisi dükge düşüp ýatyr. Ol kimiň öňünde dükge düşüpdir? Wagtyňmy, Hudaýyňmy, nadanlygyňmy? — Şahyr ondan çykalga tapman sufizme urýar. Ol, şeýlelikde, onlarça sufistik goşgy ýazyp, Magtymgulydan we beýleki sufistik şahyrlardan soň, türkmen poeziýasyna täzeçe sufizmi getirdi. Ol Hudaýy, ýaşaýşyň manysyny, absolýut hakykaty agtarýar. On dokuzynjy hem ýigriminji asyrda poeziýada ýere düşen ynsan pikirini ýene asmana göterýär. Ol syrly poeziýany getirdi.
Nobatguly dogma pikirlerden daşda, ol taýyn zada uýmaýar. Ol ozalky düşünjeleri merduwan edinip, Hudaýyň hem şeýtanyň, aýanlygyň hem pynhanlygyň, dürli gapma-garşylygyň arasynda pelesaň kakyp, dünýäniň, durmuşyň mazmunyny agtarýar. Onuň diapazony giň. Panteistik hudaýlar, türkmeniň taryhy hudaýlary mitre (mertlik hudaýy), gök böri — Nobatgulynyň ruhy çelgileri…
Eger alymlaryň aýdyşy ýaly, bu goja zemin hem paýtun planetasy ýaly, haçanam bolsa bir mahal ýok bolup gitjek bolsa, ýeriň ýüzünden ýaşaýyş öçjek bolsa, onda şu günki günüň mazmuny hem ýok bolup çykýar. Eger-de dinleriň aýdyşy ýaly, asmanda Hudaý bar bolsa, Hudaýyň missiýasy nämeden ybarat?! Näme diýip ol öz ýaradanlaryna nazar aýlamaýar?! Näme diýip Hudaý adamzady hürri çaga deý zeminde ýalňyz goýupdyr?! Şahyr, ine, şular ýaly pikirlere ulaşyp, çarhypelek, dünýä, wagt, Hudaý hakynda pikir ýöredýär. Şeýle pikiri bolsa şindi Nobatgula çenli şu asyrda ýöreden şahyr ýok.
Ýönekeý bir mysal: dünýäniň ähli dinlerinde şeýtan bar. Şeýtan ozal perişde bolupdyr. Emma Hudaýtagala Adamy ýaradyp, şeýtana onuň hyzmatyny etmegi buýurýar. Beýleki perişdeler bu işe razy bolýarlar, emma şeýtan ol işi etmän, Hudaýyň tersine gidip, Adama ters zatlary öwredýär. Dünýä dinleri, şahyrlar melguna — şeýtana gargama kemini goýmaýar. Emma Nobatguly bu ýerde hem dogma pikiriň ters tarapyndan geldi.

Men şeýtan — ilkinji erkin pikir men,
Taňrynyň ilkinji oppozisiýasy!
Taňra ilki garşy çykyp bilen men!
Taňra garşy iň ilkinji pitne men!
Döwranlar dolanar,
                          dolanar dinler
Men baky men!
Ýok, men ölüp gitmerin!

— diýip, Nobatguly şeýtana täze «status» tapdy oturyberdi.

Şahyr Nobatguly Rejebow häzirki zaman türkmen poeziýasynda romantizmiň edebi ugruny gutarnykly suratda kemala getirdi. Ondan öň romantizm diňe mahal-mahal ýüze çykyp durýan tendensiýa derejesinde ýaşaýardy.

Şahyryň söýgi hem peýzaž lirikasynyň obrazlar sistemasy hut romantiki prinsiplerde romantizmiň kanunlary boýunça ýaşaýan çeperçilik sistemasydyr.

Şahyryň romantiki lirikasy arkaly türkmen poeziýasyna deňiz stihiýasy geldi. Stihiýa, onda-da deňiz stihiýasy bolsa romantiki dünýäni aňlaýşyň ýüze çykmasy üçin juda ýerlikli formady. Ruhuň şo hili ýagdaýy hem kalbyň şo hili sypaty romantizm üçin esasy zatdyr.

Şahyryň romantizmi türkmen poeziýasyna Selbiniň, Garperiniň, Suwperiniň, Serwi agajynyň romantiki obrazlaryny getirdi. Ol obrazlar özüniň emosional-estetiki özboluşlylygy, içki strukturasy boýunça-da, türkmen poeziýasynda uly täzelik bolup durýar. Şol obrazlar romantizmiň Nobatgulynyň döredijiligi arkaly türkmen poeziýasynda estetiki kämillik hem intellektual ösüş babatda Ýewropa poeziýasyndakydan pes bolmadyk derejä ýetendigini aňladýardy. Şahyryň magşugy bolan Selbi dünýä poeziýasyndaky belli-belli zenan şahsyýetleri bilen baglanyşykly ideal obrazlara ýakynlaşýar. Özüniň estetiki tebigaty boýunça ol tüýs romantiki obrazdyr. Ondan öňki XX asyr türkmen poeziýasynda aýal-gyzlaryň adatça realistik obrazy bardy.

Ruhy-estetiki hadysa bolan romantiki stihiýa söýgi meselesinde erotiki duýgularyň emansipasiýasyny getirdi. Bu hem adam duýgularynyň suratlandyrylyşyny galyba salan sosialistik realizmiň böwsüp geçilmegidi. Şu manyda Nobatgulynyň erotikasy Keminäniň hem Mätäjiniň ruhy belentligine ýetdi. Bu bolsa adam duýgularynyň ýöntem hem wagşyýana ýüze çykmasyndan düýpgöter tapawutlanýan ruhy-medeni hadysadyr.

Garperi, Suwperi ýaly romantiki obrazlar ruhuň klassyky derejesindäki estetiki hadysa boldy. Olar biziň milli estetiki düşünjämiziň täze gözýetimlerini açýardy. «Çeşme kimin inçe bil», «çeşme deý towlanyp duran», «çeşme saçly», «ak saçly» ýaly metaforalar real dünýäni syzyşyň täze estetiki standartlaryny alamatlandyrýardy. Munuň özi XX asyr türkmen poeziýasynda açylan birgiden metaforalar sistemasydyr, ýönekeýleşdirip aýdanyňda, birgiden çeperçilik älemidir. Ol özüniň many tükeniksizligi hem emosional jadysy boýunça klassykanyň «lagl dodak», «simi-zenehdan», «zülpi-şamar» ýaly obrazlylygy bilen bäsleşýär. Umuman, Nobatgulynyň türkmen poeziýasyna getiren metaforiki obrazlary birki jümlede sanap görkezerden köpdür.

Nobatguly Rejebow türkmen poeziýasyna sufizmi gaýtaryp getirdi. Munuň özi şahyrana ruhuň taryhynda özboluşly düýpli öwrülişikdir. Ol täze bir etapdyr.

Öňki, klassyky sufizm bilen deňeşdirilendäki täzeligi bir jümlede aýtmaly bolsa, şeýle diýip bolardy: Nobatgulynyň sufizmi mistiki ýokundylardan saplanan sufizmdir.

Degişli estetiki hadysada — Nobatgulynyň poeziýasynda marksistik ideologiýa içki protestini görmek bolýar: sosialistik realizm, kommunistik ideologiýa adam ruhunyň kosmiki gözleglerini önümçilik progresine baglap goýýar. Adam ruhunyň erkinligi ret edilip, material barlyk hemişe esasy planda goýulýar, ruh ikinji derejeli zat diýip bilinýär. Munuň özi predmetler babatda olaryň kölegeleriniň ikinji derejede bolşy ýaly bir zatdyr. Şeýle ideologiýa adamyň estetiki ukyplaryny hem göýdük galdyrdy. Adamlar, şol sanda şahyrlar hem diňe gündelik, sosial hajatlaryň hyzmatkärine öwrüldiler. Nobatguly türkmen poeziýasynda ilkinji bolup kommunistik ideologiýa garşy çykyş edip ugrady.

Sufizm bolsa, şol sanda Nobatgulynyň sufizmi hem adamzat ruhuny kosmiki hadysa, adam gatnaşyklaryny kosmiki netijeli hem kosmiki manyly gatnaşyklar hökmünde ykrar edýär.

XX asyr türkmen poeziýasynda Nobatguly ilkinji bolup ynsan söýgüsini ylahyýet (ylahy-Hudaý) derejesinde suratlandyrdy. Munda Aşygyň hem Magşugyň obrazynyň estetiki manysy real söýgüdäkisinden düýpgöter üýtgeýär. Sufiý — Aşygyň dünýä, ynsana, ýaşaýşa akyl ýetiriş meselesinde öz gnoseologik pozisiýasy, öz estetiki konsepsiýalary, öz intellektual ölçegleri kemala gelýär. Degişlilikde, özboluşly sufiçilik obrazlar sistemasy, ideýalaryň özboluşly sufiçilik sistemasy ýüze çykýar.

Nobatgulynyň ylahy söýgüsi klassyky sufiçilik ýörelgelere sygmaýar. Munuň özi birhili, «dünýewileşen» sufizmdir. Eger Magtymguly öz ylahy lirikasynda Hudaýy (Gözelligi, Bakylygy, Adyllygy, Diriligi) adamlaşdyrsa, Nobatguly Adamy ylahylaşdyrdy (hudawylaşdyrdy). Munuň özi bäş günlük hatyraly jemgyýetçilik-kollektiwistik Erke gurban edilen Ruhy halas etmegiň, aýaga galdyrmagyň şahyrana najatydy.

Nobatgulynyň simwolikasy iki hilidir: sufiçilik simwolika hem-de häzirki zaman simwolikasy. Sufiçilik simwolikanyň şahyryň estetiki prinsipleri bilen dahylly çeşmeleri bar bolsa, soňky simwolikanyň sowet döwrüniň senzurasy bilen baglanyşykly sebäpleri bar.

Şahyr XX asyr türkmen poeziýasyna pitnewilik ruhuny getirdi. Şahyryň eserlerinde kommunistik senzura tarapyndan gadagan edilen ideýalar aýlaw, podtekst, simwol bilen ýaşyrynlykda okyja ýetirilýärdi. Şeýdibem, şahyr döredijiliginiň bütin dowamynda diýen ýaly özüniň raýatlyk pozisiýasyny simwollar arkaly beýan edýän liriki gahryman ýaşap geldi. Şol pozisiýany şahyr bir halatda yrsarap bolmajak simwoliki detallar arkaly berse, başga bir halatda diňe «mus-mus» diýmek, «soňuna çenli aýtmazlyk» usulynda, podtekstde aňlatdy. Şonuň üçinem onuň birinji kitabynda-da, iň soňky ýygyndysynda-da döwrüň jemgyýetçilik problemalaryna seslenme tapyp bolýar.

Nobatgulynyň simwolizmini XX asyr poeziýamyzda öňem ýoň bolan allegoriýadan düýpli tapawutlandyrmalydyr. Allegoriýa — birtaraplaýynlykdyr. Allegoriýada göçme many asyl manyny «ýuwudýar», şeýdip onuň bir gatlakly strukturasy emele gelýär. Simwolda bolsa iki gatlak hem deň derejede ýaşaýar, simwolyň iki özeni bolup, hem manylar, hem suratlar sistemasy öz özeniniň daşynda gurnalýar.

Gijä çalyp hanjar ýaly alawun,
Gylawun barlar —
Ýanýar gyzyl ot.
Ol tümlük bilenem, sowuk bilenem
Bir asman astyna sygşyp bilenok.
Ot,
Göterlesi gelýär iň soňky gezek,
Ýetilmedik belentligne asmanyň,
Ot ýanyp dur — göterilýär tüssesi,
Ot ýanyp dur — saçyp gyrmyzy ganyn.

Şeýle şygyrlaryň, olara girýän sözleriň iki manylydygy (tümlük, sowuk, belentlik, tüsse, gyrmyzy gan) zerarly, iki özeni kemala gelýär. Beýle çeperçilik hadysa öň duş gelýänem bolsa, Nobatgulynyň poeziýasy arkaly türkmen şygyrýetinde ol giň hadysa öwrüldi.

Şahyr soňky kitabynda, köplenç, sufiçilik simwolika ýüz urdy. «Ýazgyt», «Kelle», «Adam», «Eý, tula», «Gurt», «Etjegiň et» ýaly şygyr sufiçilik ruhdaky simwolika ýugrulandyr. Şeýle simwolizm ýaşaýşyň uniwersal kanunalaýyklarynyň üstüni açýanlygy bilen tapawutlanýar. Onuň «ýaşyryn dili» aýanlyga geçirilmekden gorkmak zerarly däl-de, aýanlyga terjime edip bolmaýan mazmunynyň barlygy sebäpli kemala gelýär. Nobatgulydan öň, sosialistik realizm çäklerinde şeýle estetiki uniwersalizm akyla sygjak zat däldi.

Nobatgulynyň şygyrlaryndaky milli raýatlyk pafos okyjyda milli taryhy hakydanyň oýanmagyna sebäp bolýar, çünki olardaky liriki gahrymanyň özünde taryhy hakyda çuňlugy bilen tapawutlanýar, şonuň bilen ol beýleki döwürdeş hem öňki şahyrlardan tapawutlanýar. Gaýrylaryň taryhy hakydasy iş ýüzýnde 1917-nji ýyldan başlanýardy, ondan öňki zatlar bolsa hälki bir mysal, gep gerdişi hökmünde öz döwrüne illýustrasiýa hökmünde ýatlanylýardy. Sowet ideologiýasy, ähli beýleki zatlar ýaly, geçmişi-de öz işindäki bir serişdä öwrüpdi, Nobatgulyda bolsa, ol ahyrky maksatdy. Onsoň «gadymy halk», «beýik geçmiş» ýaly jümleleri kiçi dilden bärde aýdanyň bilen taryhy hakyda oýanmaýardy. Onuň oýanmagy üçin milli geçmişiň ähli içki gymmatlyklaryny, taryhy prosesiň üznüksizligini öz ruhuňda dikeldip bilýän şahyr bolup dogulmak gerekdi. Nobatgulynyň goşgularynda milli geçmişiň köp ýatlanylmagy asla ýöne ýere däldir.

Nobatgulynyň türkmen poeziýasyndaky özboluşlylygyny alamatlandyrýan faktlaryň biri-de şahyryň sungata gatnaşygydyr. Şahyr sungat meselesine paş edijilikli garaýar. Munuň özi kommunistik sungata bolan gatnaşykdyr. Kommunistik partiýanyň boýuntyrykly guluna öwrülen edebiýatyň hakykaty dogruçyl suratlandyrmaga-da, okyja estetiki lezzet bermäge-de gurby çatanokdy. Sungatyň düýp manysy hem funksiýasy barada düýpli pikirlenip bilýän Nobatguly türkmen poeziýasyna degişli temadaky ýaňsa hem gyjyda ýugrulan şygyrlary getirdi.

Dünýä poeziýasyna çykmak, onuň iň öňdebaryjy ugurlarynyň çeperçilik gazananlaryny ýerli şertlere görä döredijilikli özleşdirmek hem Nobatgulynyň hyzmatlarynyň biridir. Ondan öň türkmen poeziýasyna haýsydyr bir şahyryň, özem, köplenç, rus şahyrynyň täsiri gelýärdi. N.Rejebow bolsa Fransiýa, Germaniýa, Latyn Amerikasy, Ispaniýa ýaly ýurtlaryň birgiden edebi ugurlarynyň üstünliklerini çeperçilik sistema hökmünde özüne siňdirmäge çalyşdy. Muňa ylaýta-da şahyryň döredijiliginde sýurrealizmiň tutýan orny boýunça akyl ýetirmek mümkin.

Sýurrealizm fransuzçadan terjime edilende iň ýokary realizm diýmekdir. Beýle diýilmeginiň özüne ýetik sebäpleri bar. Bu ýerde, esasan, iki faktor göz öňüne tutulýar: Birinjiden, eseri ýazýan wagty şahyr daşky dünýäniň özünde döreden täsirini öz subýektiw aňynyň «düzedişlerini» gatnaşdyrmazdan bada-bat kagyz ýüzüne geçirmelidir. Ikinjiden, realizm hökmünde ol diňe bir aňyň — adamyň subýektiw ygtyýaryndaky sferanyň däl, eýsem ondan has aşakdaky dünýäň — aňasty reallygyň impulslaryny, instinktiw derejedäki ymtylmalaryny beýan etmelidir. Nobatgulyny sýurrealizme getiren zat — onuň öňki çeperçilik ýörelgeler bilen kanagatlanmaýan gözleýji erkidir. Şol erk hem türkmen poeziýasynyň dünýäniň öňdebaryjy poeziýalary bilen gönüden-göni aragatnaşykda bolmagyna, türkmen poeziýasynyň sözüň hakyky manysynda dünýä poeziýasyna çykmagyna getirdi.

Nobatguly türkmen poeziýasyna batyrgaýlyk bilen öz şahyrana dilini girizen şahyr.

Nobatguly Rejebow kämil şahyr. Bir akyldaryň aýdyşy ýaly, geçmişe baha bermek aňsat, emma şu güne akyl ýetirmekde iş bar. Sebäp şu gün entek dowam edýär. Nobatgulynyň dünýäsine töwerekleýin göz ýetirmek üçin, onuň dünýäsinde ýaşamaly, onuň gözýetimine göz ýetirmeli, bu bolsa häzir mümkin däl. Sebäbi şu gün entek dowam edýär, entek biz yzarlap Nobatgulynyň edebiýatymyza nähili täzelikler getirendigi babatda köp kelle döwmeli, öwrenmeli, jedelleşmeli bolarys. Bir zat weli aýdyň: Nobatguly Rejebow türkmen edebiýatyna Nobatgulyny getirdi.

1990 — 1995 ý.

Osman ÖDÄÝEW.

Edebiýaty öwreniş

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle