|

Durmuş deňzinde

Durmuş deňzinde DURMUŞ DEÑZINDE

…Men durmuş deňzinde…
Ýüzüp barýaryn,
Ýüki ýetik bu gün ömür salymyň.
Howatyr edýärin, onuň agramna,
Bir ýerlerde agyp gitjek ýaly men…

Durmuş dolup-daşýar…
Iki ýan çaýkap,
Ahmal bolsaň, ýitirjek ol deregňi.
Bolmaýar, otursaň başyňy ýaýkap—
Aldygyna işletmeseň küregňi.

Deňizde…
Bolmaly däl eken ýöwsel,
Gaý-tupandan gorkmaly däl ekeni.
…Bu gün meniň bilen ugurdaş owsen,
Şemal ynam bolup dolýar ýelkene!

Dumly-duşuň…
Galagopluk durşuna—
Gomlar howuň basjak bolup sürünýär.
…Ýöne, maňa göreşsiz bu durmuşam,
Nämüçindir, ýürekgysgynç görünýär…

Ýüzüp barýan…
Bakman derdi-azara,
Ömürde—ölümden özgesi hiçdir!
Belki, öldürmeýän zatlaryň bary,
Bizi bu durmuşda edýändir güýçli?!

Durmuş!
Ur ýüküňi maňa gatla-da,
Mas ýükle! Salmasaň bolýar allary!
…Deňiz tolkunlary, harasatlary,
Aňsat agdarýandyr ýüksüz sallary…

Annamuhammet KIRŞEN. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle