Dürli-dümen dürüşde
Dürli-dümen dürüşde
Ýüküm ýetik, egnimde ýer galmady.
Umytdadym, arman tamam bolmady.
Mätäç bolup, ser aýladym daşyma,
Emma bir dosta-da gözüm ilmedi.
* * *
Men nobat belläpdim, nobatym ýitdi.
Şum ykbal ýenede keçjallyk etdi.
Meň tabydym götermeli ýigitler,
Maňa öz tabydyn göterdip gitdi.
* * *
Gör niçe ýükleri göterer egin,
Ýürekde düwüler, gör nije düwün.
Egin ýüke görä döredilipdir,
Erkiňe göräde döräpdir göwün.
* * *
Juwanlyk döwründe ýaşan çagymyz,
Wagtyň gadyryny bilmändiris biz.
Wagt geçýär diýip pikir edýärdik,
Asyl geçip barýas eken özümiz.
* * *
Goltugymdan galdyr, egnimden basma,
Göwnüme giňlik sal, döşümi gysma.
Towluragam bolsa ömür tanapy,
Gysgaltma sen ony, ortadan kesme.
* * *
Sagady ýigrenýän, ýigrenýän çenden.
Ol wagty äkidýär uzaga menden.
Sanap otyr geçenimi, geljegmi,
Ömrümi azaldyp, ol günbe-günden.
* * *
Geçdi gitdi, geçdi gitdi bu pursat,
Kä gysyldy, kä gyýyldy bu gursak.
Durmuşyň gyzygy bormydy heýde,
Elmydam şu ýaşda, şu durkda dursak.
* * *
Gözel, gözleriňde niçik jady bar?
Olar görejime bakýar naýynjar.
Wagt aramyzdan akýar derýa deý,
Senä bir kenary, men hem bir kenar.
* * *
Bir öýde toý, bir öýde ýas.
Käte gülýäs, kä aglaýas.
Ýüregmiz ýanyp dursada,
Il ýüzüne gülen bolýas.
* * *
Söz ummany, seniň kenarňa baryp,
Saňa tagzym etsem, baş egip durup.
Suwuňdan içsemde men gana-gana.
Arman, kalbym söze garypdyr, garyp.
Azat NURGELDIÝEW. Goşgular