|

Durdum berlen wadada..

Durdum berlen wadada..  DURDUM BERLEN WADADA

Bu gün juda ümsüm dymýar pursatlar,
Bir agram bar-hamyr ýug:yr gursakda,
Ýöne durmuş mekdep, sapagy aýan,
Çözgüdin çözeli, okap ýörsekde…

Diñle, ýa ýaş bolýañ ýa-da ýadapsyñ,
Gatnaşyklar güllemändir, pudapsyñ.
Eliñ suwly wagty teşne gördüñmi,
Suwsuz mydam bir ganmajak badamsyñ…

Özüm däl-de ruhum şu gün ýarawsyz,
Goldawym ýok, otyryn men garawsyz,
Gün çyksa hemişe howa maýlaýar,
Bu gün Gün ýok, baglar otyr gyrawsyz…

Güneş bolýar gyrawly gün öýläni,
Hak halaýar ýagşylygy halany.
Men aglamok, köñlümde müñ däne deý,
Ylham goşga öw:ir her bir nalamy.

Sebäp her kimiñ ýoly — özüne ykbal,
Nesibä düşeni şeýleräk ahwal,
Ýürekde Arş bilen Zemin arada-
Yşkym bar, şol maña paý bolan ahmal.

Sözi söýüp, durdum berlen wadada,
Jadylandym ylham atly jadyda,
Eger bir gün maña salam ýollasañ
Ýaşap ýörün bir goşguly adada…

Oguljemal ÇARYÝEWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle