Duralganyň ýanyndaky agaç
Duralganyň ýanyndaky agaç
Howaň yşnagy ýok,
Ýanwaryň üçi,
Telpekli, possunly titiräp durun.
Seniň bolsa asla piňiňe-de däl
Ýüzüň kesip gelýän sowgy ýanwaryň.
Gaýta belent tutup buýsançly başyň,
Täze gelin ýaly sülmüräp dursuň.
Ýa-ha seň mertligiň çakymdan artyk,
Ýa men baryp ýatan ejiz, ugursyz.
Şahalaňda doňup galan damjalar
Howluganok ene ýeri guçmaga.
Guşlaram goýnuňy makul bilipdir
Gazap bolup gelen gyşy gyşlara.
Ýöne damjalaram, guşlaram däl-de,
Başgarak bir ýagdaý egledi ünsüm.
Hala asman guýsun süýt reňk tozgasyn,
Hala-da ene ýer durşuna doňsun,
Sen şonda-da, sen şonda-da eşiksiz,
Hany, nirde tomus geýen lybasyň?
Ýalaňaç halyňa boýun egdirmek
Kyn dälmi bu gyşyň aňzak howasyn? Goşgular