| |

Dünýäniñ iñ meşhur ýalançylary

Dünýäniñ iñ meşhur ýalançylary DÜNÝÄNIÑ IÑ MEŞHUR ÝALANÇYLARY

"Ýalançynyñ bolmaz anty-imany…"
Magtymguly Pyragy.

■ Kristof DAUM

Meşhur nemes futbolçysy we tälimçi Kristof Daum kokain ulanmaýandygyny aýdyp birnäçe gezek beýannamalar beripdi. Emma geçirilen barlaglar munuñ dogry däldigini ýüze çykardy.

■ Bill KLINTON

ABŞ-nyñ öñki Prezidenti Bill Klinton 1998-nji ýylda öz sekretary Monika Lewinskaýa bilen ýakyn gatnaşykda bolmandygyny aýdypdy. Emma ol soñra ýalan sözländigini we Monika bilen "gezendigini" boýnuna aldy.

■ Pinokkio

Karlo Kollodiniñ ertekileriniñ meşhur gahrymany Pinokkio her ýalan sözlände burny bir gez uzaýarmyş. Şonuñ üçin Pinokkio ýalançylygyñ nyşanyna öwrüldi.

■ Walter ULBRIHT

Germaniýanyñ Sosialist partiýasynyñ başlygy Water Ulbriht Berlin diwary çekilmezden iki aý öñ "Hiç kimiñ Berlinde diwar çekmek ýaly niýeti" ýok diýipdi…

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. Geň-taňsy wakalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle