| |

Dünýäniñ in meşhur kezzaplary

Dünýäniñ in meşhur kezzaplary

DÜNÝÄNIÑ IÑ MEŞHUR KEZZAPLARY

"Ygtybaryñ ýokdur, sözüñ ýalandyr…"
Magtymguly Pyragy.

Biziñ häzirki döwrümizde iñ köp duş gelinýän ýaramaz pişe kezzapçylyk bolsa gerek. Arañyzda kezzapçylygyñ oduna ýanmadyk bardyr öýdemzok. Käbir kezzaplar üçin kezzapçylyk özbaşyna bir sungat. Muny oñarmak üçinem aýratyn zehin, aýratyn ukyp gerek. Her kesiñ elinden kezzaplyk gelmeýär. Aşakda taryhyñ dürli döwürlerinde ýaşap geçen "ýakasy gaýyşly" kezzaplaryñ sanawyna ser salanyñyzda munuñ şeýledigine göz ýetirseñiz gerek.

■ Frenk Abigneýl (1948)

Dünýäniñ iñ meşhur kezzaplarynyñ biri Frenk Abigneýldir. Ol ýörite biliminiñ ýoklugyna garamazdan döwrüniñ iñ uly howa ýollary gullugynda birnäçe aýlap uçarmanlyk edipdir. Uçarmanlykdan bizar bolup uly hassahanalaryñ birinde lukman bolup işläp başlapdyr. Lukmançylykdanam irip prokuratura edarasyna sümülipdir. Elbetde, onuñ ne-hä medisina ugrundan, ne-de hukuk ugrundan bilimi bardy. Abigneýl galphorlyk edip ýol almakda görlüp-eşdilmedik ukyba eýedi. Onuñ gallaplykdanam başy çykýan eken. Abigneýl millionlarça dollarlyk galp pul we çek ýasabilipdir. Onuñ gallaplygyna haýran galmazlyk mümkin däl eken, çünki bank işgärleri we pul boýunça ýörite hünärmenler onuñ ýasan galp pullaryny hakyky puldan tapawutlandyryp bilmändir. 
Abigneýl ele salnandan soñ FBR-niñ hasabyna işläp başlapdyr.
2002-nji ýylda dünýä belli kinorežissýor Stiwen Spilberg "Başarsañ tut!" («Поймай меня, если сможешь» — "Catch Me If You Can") ady bilen Abigneýliñ kezzapçylykly durmuşyny ekranlaşdyrylypdy. Abigneýliñ roluny Leonardo Di Kaprio oýnapdy.

■ Osman Ziýa Sülün (1923-1984)

Türkiýäniñ adybelli kezzaplaryndan bolan Osman Ziýa Sülün diýseñ täsin kezzapçylyk tilsimlerini oýlap tapypdyr. Sülün Osman ady bilen tanalan bu kezzabyñ "müşderileri" Türkiýäniñ dürli künjeklerinden Stambula işlemäge ýa-ga gezmäge gelýän sada adamlar bolupdyr. Sülün Osman olara Bosfor köprüsi, Galata diñi, tramwaýlar, gämiler, sagat küñreleri ýaly satmasy mümkin däl gozgalmasyz emläkleri "satypdyr". Onuñ toruna düşen sada adamlar bolsa göwünlerine hiç hili şübhe getirmän onuñ satýan zatlaryna pul geçiripdir. Bir gezek ol sagat küñresiniñ öñünde durup, sagada seredenlere onuñ satlykdygyny aýdypdyr. Başga bir gezek bolsa amerikanlaryñ Stambula gelen uçar daşaýjy gämisini bir ynanjañ bendä "satyp" ep-esli pul çilipdir.

■ Jorj Parker (1860-1936)

Jorj Parker Nýu-Ýorkuñ Metropoliten muzeýini, Garaşsyzlyk binasyny, Bruklin köprüsini birnäçe gezek "satlyga" çykarypdyr. Onuñ kezzaplygy şeýle bir ösen derejede bolupdyr welin, hatda puly ýetmeýän müşderilerine "satlyk" köprini nesýesine-de beriberýän eken.

■ Çarlz Ponsi (1882-1949)

Asly italiýaly Çarlz Ponsi "sagat zynjyry" diýip at berlen kezzapçylyk tilsiminiñ awtorydy. 1903-nji ýylda ABŞ-na göçen Ponsi döreden kezzaplyk tilsimi arkaly 225 amerikan dollaryna barabar baýlygyñ eýesi boldy. Ponsi adamlardan pul toplapdyr, soñ ýene toplan pullaryny başga adamlara paýlapdyr. Adamlar pul gazanýandyryn öýdüp ellerindäki bolanja puluny Ponsä beripdir. Aslynda oniñ bar edýän işi puluñ özüne berilmegi üçin adamlaryñ ynamyna girmekden başga zat däldi. Bu kezzapçylykly emel soñabaka diýseñ ýörgünli boldy. Birgiden kezzap bu adamlary bu emele çolaşdyryp millionlarça dollar gazanmagy başardy.
2013-nji ýylda kinorežissýor Dante Dezart "Ponsiniñ tilsimi" («Схема Понци»  — "Le système de Ponzi") atly telefilm surata düşürdi. Çarlz Ponsiniñ roluny Skali Delpeýra oýnapdy.

■ Wiktor Lýustig (1890-1947)

Asly çehiýaly Wiktor Lýustig ABŞ-da we Ýewropada eden kezzapçylygy üçin tussag astyna alnyp, meşhur amerikan türmesi bolan "Alkatras" türmesine ugradylypdyr.
Bir gezek ol Parižiñ "Eýfel" başnýasyny köne-küşül zatlary satýan jerçä "satypdyr". 
Lýustig hususanam pul ýasaýan enjam satybam birgiden adamy aldawa salypdyr. Ol eline alan enjamynyñ pul çykarýandygyny aýdyp, adamlary aldamagy oñarýardy we ony 30 dollara satýardy. Elbetde satyn alynan enjam pul çykarmak küje, zat küje…
Wiktor Lýustig öz kezzaplygyndan diýseñ hoşal ýaşapdyr. Hatda ol "Dünýäde akmaklaryñ şeýle kändigini. Ýalan sözläp ýaşamak nähili ajap!" diýip gaýtalamagy gowy görüpdir.

■ Gerd Haýdeman (1931)

Asyl käri žurnalist bolan Gerd Haýdeman kezzapçylygyñ täsin tilsimini oýlap tapypdyr. Ol hemşerileri bilen bile ýazan gündeligini "Gitleriñ hut özüniñ ýöreden gündeligi" diýip birgiden adamyñ "gulagyna depipdir". Döwrüñ iñ meşhur žurnaly "Stern" bolsa onuñ aýdýan gündeligini 6 million dollara satyn alypdyr.
Gülkünç ýeri, gündelikde göze dürtülip duran ýalñyşlyklaryñ barlygyna garamazdan taryhy eserler boýunça ýörite hünärmenleriñ muny añşyrmanlygydy.

■ Bernard Meýdoff (1938)

Bernard Meýdoff ABŞ-nyñ iñ meşhur we iñ uly maliýe edaralaryny "suwsuz äkidip suwsuz getirdi". Aslynda ol dünýäniñ iñ uly "NASDAQ" birža fondunyñ başlygydy. Meýdoff soñabaka dürli kezzapçylyk ýoly arkaly maliýe guramalarynyñ pullaryny özüniñ dürli ýurtlaryñ bankynda açan hasabyna geçiripdir.
Meýdoffyñ kezzapdygy bilinensoñ tegelek 50 million dollar gürüm-jürüm bolýar. Meýdoff 150 ýyl azatlyk mahrum edilenem bolsa ýiten pullaryñ nirdedigini anyklamak başartmandyr.
2017-nji ýylda Meýdoffyñ kezzapçylykly durmuşy hakynda Diana Enrikesiñ adybir kitabyba esaslanyp kinorežissýor Barri Lewinson tarapyndan "Kezzaplaryñ atasy" ("Maстер лжы" или «Лжец, Великий и Ужасный» — англ. "The Wizard of Lies") atly telefilm surata düşürildi. Meýdoffyñ rolunda dünýä belli aktýor Robert de Niro oýnaýar.

■ Ahmet Güneý Zobu

"Raki" lakamly Ahmet Güneý Zobu Türkiýäniñ taryhynda kezzaplyk bilen ýaka tanadan tüýkesmeleriñ iñ meşhury bolsa gerek. Häzir Stambulyñ Jahanhir raýonynda suw stansiýasyny ýöredýän Güneý Zobu Osmanly döwletiniñ generallaryndan Hasan Ryza paşanyñ agtygy, Ikinji jahan urşy ýyllarynda Türkiýäniñ Moskwadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şemsetdin Zobunyñ ogludyr.
Geçen asyryñ 80-nji ýyllary onuñ ýyldyzynyñ parlaýan wagtydy. Raki (Rokki) lakamly bu kezzap esasan bikanun işler bilen meşgullanýan adamlary aldawa düşürýän eken. Şonuñ üçin onuñ "müşderileri" hukuk goraýjy edaralara arz etmäge çekinipdirler. Ol pul çalşygynyñ gadagan edilen ýyllarynda pul çalyşjak bolup ýüz tutýanlary toruna salypdyr. Şeýle-de, Raki iñlis dilini suwara bilipdir. Bir gezek ol amerikan ofiseriniñ eşigini geýip myhmanhanalaryñ birinde "müşderisine" garaşyp durka, myhmanhana şol wagtyñ premýer-ministri Süleýman Demirel gelip girýär. Süleýman Demirel amerikan ofiseridir öýdüp, onuñ bilen esli salym gürrüñdeş bolupdyr.

■ Jordan Belfort (1962)

Jordan Belfort bolsa birža fondlaryndan kän baş çykarmaýan pul goýumçylara arzan aksiýalary gymmatbahaly aksiýa ýaly görkezip million dollarlyk pul işledi. Onuñ gazanan pullarynyñ jemi 110 million dollardan agypdyr. Belfortyñ bu kezzapçylygy-da kinomatografiýaçylaryñ gözünden sypmady. 2013-nji ýylda düşürilen "Uoll-stritiñ möjegi" («Волк с Уолл-стрит») kinofilminde onuñ roluny Leonardo Di Kaprio oýnaýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Geň-taňsy wakalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle