|

Dünýäniñ adaty bolmadyk çagalary

Dünýäniñ adaty bolmadyk çagalary

DÜNÝÄNIÑ ADATY BOLMADYK ÇAGALARY

■ Lizzi Klark

“Dünýäniň iň bezzat çagasy” diýilip yglan edilen. Näme üçindir öýdýäňiz?! Diňläň onda:
—    Täzeje satyn alynan Kadillake maşynyň ýüzüne “Ýuw meni” diýip ýazypdyr;
—    ejesiniň sumkasyndan 500 $ alyp otlapdyr;
—    167-nji halkara jaňyny edip (Ak öýe) Bill Klintonyň ogluny sorapdyr;
—    şlangany alyp ene-atasynyň ýatylýan jaýyna suw tutupdyr;
—    ejesiniň söýgüli Orhideýa atly gülüni gaza tutup otlapdyr;
—    gaýçy alyp itleriniň guýrugyny kesip aýrypdyr;
—    ene-atasy bilen gepleşmek üçin gelen žurnalistleriň kisesine öz oýunjaklaryny dykyp “ogurlady” diýip töhmet atypdyr.
Ene-atasy: “Çaga heniz 8 (sekiz) ýaşamansoň urup-sögüp bilemizok” diýýärler.

■ Lu Hao

Dünýäniň iň semiz çagasy Hytaýda dünýä inipdir. Çaga dogulan wagty adaty çagalar ýaly (2.6kg) bolan. Birnäçe aýdan soň ol semremäge başlaýar. 3 (üç) ýaşyna baranda 60 kg barypdyr. Ol iýer ýaly zat bermeseň gygyryp aglap başlaýar eken. Ene-atasy lukmanlara görkezselerem netije bermändir.

■ Juliana Strou

Rumynýada doglan bu çaga “Dünýäniň iň güýçli çagasy” diýip rekord goýýar.
Onuň kakasyna “Çaga agram salýaň” diýip günäkärleýärler. Ýöne kakasynyň aýtmagyna görä ol bu zatlary öz höwesine edýär.

■ Karan Singh

Bu çaga Hindistanly bolup, iki ýaşly çagalaryň arasynda boýunyň 130 sm,  agramynyň 42 kg bolmagy bilen tapawutlanýar. Onuň ejesi hem Aziýanyň iň uzyn zenany hökmünde tanalýar.

■ Leyli Lingdo
          
Bulam Hindistanly bolup, häzir onuň ýaşy 27 (ýigrimi ýedi). Ýöne näçe ýyl geçse-de ol 2 (iki) ýaşly çagalygyndan saýlanmaýar. Agramy 11 kg, boýy 84 sm. Şol sebäpli hem “Dünýäniň iň garry çagasy” hökmünde tanalýar. Onuň 27 ýaşanlygynyň ýeketäk şaýady onuň dişleri. Ol dünýädäki iň seýrek keselleriň biri, çagany ösüşden saklaýan “pan-hypopitarism” bilen kesellän.

■ Oskar Rigli

Ol 2 (iki) ýaşynda wagty “Dünýäniň iň akylly çagasy” diýilip tanalýar. Ol özüniň ilkinji statýasyny 5 (bäş) ýaşynda ýazdy. Onuň IQ-i (коеффициент интеллекта) Eýnşteýniňki ýaly 160-a deň.

Taýýarlan: Erkin Çaryýarow.

Geň-taňsy wakalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle