|

Dünýämiziň hereketi bilimdir

Dünýämiziň hereketi bilimdir DÜNÝÄMIZIÑ BEREKETI BILIMDIR

Öñ bir zaman gündiz eli çyraly
Köçe bilen baryar eken bir adam
Öñünden bir kisi çykyp diýenmiş:
«Seniñ bolup ýörşiň nähilow adam?»

Sen näme gözleýäň diýip soranda:
«Men adam gözleýän» diýenmiş garry
Biz nä adam dälmi ötegçi
O niçik adamyşyn bizlerden gaýry

Meniň agtarýanym bilimdir adam
Bilimsiz kişiler tümlikden barýan
Ýolagçydyr meniň bilen çaknaşyp,
Keýpimi, köňlümi kylmasyn weýran diýip,

Diýip, şu çyrany aldym men ele
Bilimsiz batyldyr gündizlikde-de
Olar diňe dagda-düzde büdremän
Büdräp ýörer, ine, şu düzlükde-de.
Diyip, öz yoluna yöräberipdir,
Añk bolup galypdyr soranjañ kişi
Ahmyr bilen başyn yaykap durupdyr
Göyä ki bar yaly agyr etmişi..

Bilimdir köñülleñ röwşen çyragy,
Bilim barka-yagty yollar biziñdir.
Bilimli saygarar garany, agy,
Dünyämiziñ hereketi bilimdir.

Atamyrat ATABAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle