Dünýäde
Dünýäde

Üstünlige aňsat ýetjek bolýas biz,
Ýaşamasy juda agyr dünýäde.
Onsoň çalt sargaryp, çakgan solýas biz
Çyn sözi juda az
wagyr dünýäde.
Gümanly ýaşasaň bolarsyň küpür,
Herniçik etmeli baryňa şükür,
Dymsaň-a samsyksyň, gürleseň pökür,
Ýok zada etmeli sabyr dünýäde
Aýna däl, kalbyna seretsin her kim,
Dünýä gözel bolsa göwnüňde görküň
Ýaşap başarmadyk özünden görsün,
Ýaşanyňa degýän nebir dünýede.
Göwün gulpdyr, açarydyr öwgüler,
Dost bolmagy başarsaňam döw bilen,
Degmäň, degmäň, degmäň ynsan göwnüne,
Ahyrky pillesi gabyr dünýäde.
Aşyrmät GARLY. Goşgular