|

Dünýä türkmenleriniñ mukaddes aýdymy

Dünýä türkmenleriniñ mukaddes aýdymy

DÜNÝÄ TÜRKMENLERIŇ MUKADDES
AÝDYMY

Dostlaşmak kadadyr, doganlyk adat,
Döwleti berkarar, illeri abat,
Kuwwatlan sen ýene, daş bolsun apat,
Türkmenistan eziz watanymyz sen.

Halkym, ýurdum diýip, döşün gerendir,
Oguz hanyň nesli döwlet gurandyr.
Türkmene güýç-kuwwat beriň, erenler,
Türkmenistan eziz watanymyz sen.

Gözmüziň garasy, adyň senada,
Agzybirlik hak Hudadan erada.
Ýollarymyz ýylba-ýyldan zyýada,
Türkmenistan eziz watanymyz sen.

Aýdyňdyr geljegi Türkmenistanyň,
Aýdymdyr—Görjegi Türkmenistanyň.
Oguzdan gaýdandyr Türkmenistanym,
Türkmenistan eziz watanymyz sen.

Şir ogly men, şirdir aslym, şir menem,
Nur ogly men, nurdur aslym, nur menem.
Bu ýollarda Görogly men, zor menem,
Türkmenistan eziz watanymyz sen.

03.06.2008ý.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle