|

Dünýä hakda

Dünýä hakda DÜNÝÄ HAKDA

Dünýä hakda

Dünýä gözellikden doly,
Doly dawa-jenjelden.
Hem gohdan, hem zenzelden.
Dünýä doly men-menden.
Adam ýaly garrap barýar gün-günden.
Köp dünýäniň hamelony,
Demony,
Şeýtan süýdün emeni.
Diýsem ýalňyş bolmaz eger,
Geldi şeýtan zamany.
Dünýä bulam-bujar,
Hem wajyr-wujur.
Ýalbardym Hudaýa:
— Berewer gujur!
Adam içre adamlaryň alasy,
Däli-diwanasy – şeýtan balasy.
Tükeniksiz garyp-gasar nalasy.
Il kölesi —
Bolsa iliň töresi,
Bolmaz munuň çäresi.
Aýtsam älem lolusy —
Kime hesret,
Kime eşret,
Gepiň külesi…

22.11.2023.

Allaýar ÇÜRIÝEW.

Surat: Döwran HYDYR / «Tükeniksiz pelsepe» Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle