Dub aşagynda doňuz / basnýa
Dub aşagynda doňuz / basnýa

Doňuz baryp gojaman Dub astyna,
Gozasyndan iýip, zerrin bolansoň,
Kölgesinde ýatdy onuň dessine,
Gözlerin delmirdip ol galansoň.
Düşdi Dubuň teýin gazmaň kastyna:
«Köki zyýan berýär muňa».
Gonan Garga diýdi oňa:
«Düýbün gazsaň gurar, belki, bu agaç».
«Goý, gurasyn» diýdi doňuz aç-açan:
«Meni gozgalaňa salmaýar ol hiç,
Ondan zyýan baryn görmeýän hiç haçan.
Ömür bolmasa-da etmen puşeýman,
Goza bolsa bolýar — meni semredýän».
«Gadyr bilmez! — diýip, çykdy Dubdan ses —
Temegiňi galdyrsaňdyň ýokary,
Saňa aýan bordy, näkes,
Gozalaryň menden önýändikleri».
* * *
Şunuň deýin bilimsiz hem körlerçe
Ylma hem bilime näletler edýär.
Alymlar zähmetin syzmaz sähelçe,
Ählisiniň iýmişin ol ýuwudýar.
Iwan KRYLOW.
Terjime eden Berdi KERBABAÝEW. Goşgular