Doýduk, Bessir… ýaly gyz atlaryna
Doýduk, Bessir… ýaly gyz atlaryna
Aýjemal,
Güljemal,
Soň Altynjemal…
Öwüsdi gyzlardan has salkyn şemal.
Ogla ýetilmezmi — dilege baksak,
Öýe döwlet gelsin — dogulsyn Maksat.
Gyzyň ýüki ýetdi, bizem janserek,
Arman, bize ogul,
Bir ogul gerek!
Dünýä indi, Ogulgerek!
Uly howlymyzda, gör, näçe ses bar,
Goç ogul doganlaň sesine ses ber!
Doguldy Bessir.
Ogluň «iňňäsini» eşitsek diýdik,
«Iňňä-iňňä» diýip başlandy Doýduk.
Ogla ýüz düşmese görkli, edepli,
Gyzlardanam doýmak bolar-a çemli.
Annaguly NURMÄMMEDOW.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 28.01.1983 ý. Goşgular