|

Döwür oýlanmasy

Döwür oýlanmasy DÖWÜR OÝLANMASY

Döwür oýlanmasy

Oglanlar gitdiler. Men ýaşap ýörün,
Öňki ýaşan döwrüň birçak pytrady.
Salyhatly ýaşamagyň hasap däl,
Gören görgüleriň jana ötledi.

“Ýazarmydyň ýetmişiňde şeýle zat?”
Diýseler öň ynanmazdym, belki-de.
Indi aýdanyňa ynanmaýarlar,
Ýalan çykýar agy bilen gülki-de.

Döwseler döwgüler ýürek otlaýar,
Çyn öýtmäň, agram ýokdur öwgüleň.
Kim gaçýar, kim kowýar? Bilmersiň asla,
“Arapda şaňlaýar ujy…” kowgulaň.

“Baş aýak, aýak baş” diýlenimidir,
Gardaş diýip ýapyşanyň maýypdyr.
Men ýerden tapmadym aýdan sözümi,
Bir näkese aýdan sözüň haýpdyr.

Bahyl däl men baýlygyna adamyň,
Ýöne haram baýlygyna bahyl men.
Bu bolýan zatlara akyl çatmaýar,
Çynym diýsem, egni gysyk şahyr men.

Kemine-de ýaşap ýörenliginde,
Tapardylar, belki-de, bir kemini.
Bir gün çagyrylýan ýere çagyryp,
Ederdiler almaz ýaly demini.

Pul ölçese eger adam nyrhyny,
Ýitse niçik bolar daýhan sarpasy?
Şo dälmidir janymyza jan beren,
Onuň ýere sepen bugdaý, arpasy…

Tagzym kylmak lazym babadaýhana,
Tagzym kylmak lazymdyr çyn maldara.
Möwrit ötmän eken orta asyryň,
Aldap bolýar jan tapylsa aldara.

Bu ahwal dünýäni gaplap alypdyr,
Adam aldawyndan goraň Zemini!
Diýdim: “Elewreýär nätjegin bilmän,
Älemi döreden älem Emini….”

21-22.04.2023 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle