|

Döwük küýze

Döwük küýze DÖWÜK KÜÝZE

Ýegen Atagarryýewe

Alym kişi niçe gündür dyrmalap,
Bitin ele saldy döwük küýzäni.
Ol hamana altynly hum tapan dek,
Küýze bilen unudypdy dünýäni.

Ýazdy, pozdy, kelle döwüp oýlandy,
Topragyñ gatlagyn öwrendi kemsiz.
Ýagly petir ýaly gat-gat taryhyñ
Niçeme asyry ýatyrdy demsiz.

Deñeşdirdi ençe tapyndysyny,
Gözleriniñ göreji dek gorady.
Alym kän gürleşdi küýzesi bilen,
Aslyny, durkuny, hilin sorady.

Kim ýasapdyr,
kimse içipdir suwun,
Küýze ýekän-ýekän beýan edipdir.
Adam öz eliniñ hünäri bilen
Nesillere döwrün goýup gidipdir.

* * *

Goluñ ýaýyp, daşyn garan bir zaman,
Durmuş gözel, ýaşanyña degýändir.
Şükür, seniñ kimdigiñe garaman,
Aý, Gün señ üçinem ýaşyp-dogýandyr.

Penjireden girip, gapydan çykyp,
Dünýe durar,
adam gider bakyýa.
Bäş gün ömür, sarpa goýup adama,
Süýji-süýji ýaşaşalyñ, Aky aga!

Asyrlaryñ keşgin çeken metjitler
Dymyp saña köp zatlary aýdyp dur.
Munda diñe il-gün diýip baş goýan
Owadan adamlañ ady galypdyr.

Sona ÝAZOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle