| |

Döwük galam

Döwük galam DÖWÜK GALAM

Döwük galam

Galamy hemişe döwük şahyryň,
Goşgularam şonça sowuk ahyryn.
Sowuk sözler ýylatmaýar ýüregi,
(Ýada sal elmydam suwly elegi,
Ýa-da suwsuz çelegi).
Ütülen guş—ýok ganaty, ýelegi,
Döwük galam bilen ýazylan namaň,
Ýok aýagy,
Ýok gulagy,
Bilegi…
Bar togsan dokuz ýüzi,
Bar dönüp duran sözi.
Döwük galam bilen ýazylan namaň,
Ýuwandyr tagam-duzy.
Örülendir gatbar-gat,
Arktika – doňak buzy.
Döwük galam bilen ýazlan namany,
Okap, diýdi biri: – Ýok munda many.
Hem görüp şahyryň döwük galamyn,
Ýadyma saldym men,
Goňşymyzyň beren sowuk salamyn.

Allaýar ÇÜRIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle