Döwrebap temalar we şahyrana ussatlyk
Döwrebap temalar we şahyrana ussatlyk
DÖWREBAP TEMALAR WE ŞAHYRANA USSATLYK
Döwrebap temalar we şahyrana ussatlyk ХХ asyr garagalpak edebiýatynyň wekilleri A.Musaýewiň, A.Dabylowyň, S.Nurumbetowyň we Y.Ýusubowyň döredijiliginde ýüzüni görkezen Magtymguly temasy garaşsyzlyk ýyllarynda has-da rowaçlandy. Magtymgula ýanama görnüşinde ýazylan toplum häsiýetli goşgular peýda bolup ugrady. „Men şahyr“ diýýänleriň hemmesi diýen ýaly Magtymgulynyň döredijiligine meňzedip, ýa şonuň ideýalaryna laýyklap eser döretmäge diýseň höwesek bolýar. Biz bu pikiriň deliline garagalpak poeziýasyndan islendigiçe mysal getirip bilýäris. Emma kitabyň bu bölüminde olaryň hemmesi dogrusynda gürrüň etmäge mümkinçiligiň ýokdugyna görä, diňe käbir şahyrlaryň döredijiligine göz aýlamak bilen çäklenmekçi bolýarys.
Temamyz bilen bagly esasy gürrüňe geçmezden ozal, bir ýagdaýy ýatlap geçmegi zerur hasaplaýarys. Hakykatdan-da, Magtymgula ýanama /öýkünme/ ýazan, bu ugurda döredijiligine „basdaşlyk“ derejesine ýetiren şahyrlar näçe diýseň bar, ýöne welin, şygyrlar çeperçiligi taýdan dürli öwüşgine eýe. Magtymgulynyň tasirinde galam ýöredýän leriň arasynda adygan şahyrlar-da, döredijiligiň orta gürpündäki şahyrlar-da, şeýle hem şindi ýeterlik tejribe toplamadyk, emma goşgulary ýa-da goşgy toplumlary metbugat sahypalarynda ýygy-ýygydan görünýän awtorlar-da bar. Makalamyzda biz olaryň eserlerini, dogrusy, köp ýanjap, çintgäp durmadyk. Her niçik, şygyrlar dürli edebi şekillerde ýazylan-da bolsa, olardaky umumy bir maksat – Magtymgulyny beýgeltmek, şahyr şygyrlarynyň ussatlyk derejesine kaýyllyk, halklaryň we edebiýatlaryň dostlugyny gadyrlamak ideýalary bizi aýratyn gyzyklandyrýar. Ol uly şahyrmy, ortarakmy ýa başlangyç galam eýesi – tapawudy ýok, eger ol Magtymguly temasyna yhlasly ýapyşyp ýa-da onuň eserlerinden täsirlenip oňat, göz eglenerlik goşgular ýazan bolsa, biz şonuň ýaly eserleri-de nazarymyzdan düşürmezlige çalyşdyk. Kemçiliklerine garanda, utukly taraplaryny giňräk görkezmäge, anyklap aýtsak, bähbitli taraplaryna köpräk üns berdik. Tema şeýle çemeleşýändigimiz kimdir birinde nägilelik döretmez diýip umyt edýäris.
Garagalpak edebiýatynda T.Jumamuratow, Ž.Aýmyrzäýew, I.Ýusubow, K.Rahmanow, T.Kabulow, Ž.Izbaskanow, U.Pirjanow, A.Ajynyýazow, S.Pirjanow, A.Ötepbergenow, K.Kerimow, T. Särsenbaýew, B.Seýtaýew we beýleki ýahyrlaryň liriki hojalygynda Magtymguly obrazy, onuň şygryýetinden täsirlenme açyk-aýdyň ýagdaýda göze görünýär. Mysal üçin, T.Jumamuratowyň „Türkmeniň“, T.Kabulowyň „Magtymgula murajat“, J.Izbaskanowyň „Bolmasa“, U.Pirjanowyň „Magtymgulynyň dilinden“, A.Ajynyýazowyň „Bolar“, S.Pirjanowyň „Bolmaz“, A. Ötepbergenowyň „Ýagşy“, „Bolarmy?“, „Näme sen?“ goşgulary we „Allany unutma“ hem-de „Allanyň hem hasaby bar“ poemalarynda we başga-da şahyrana eserlerde Magtymguly äheňleri, ideýalary täze wakalar bilen utgaşdyrylyp suratlandyrylýar. Bu, öz nobatynda şahyryň edebi mirasynyň ölmez-ýitmezligininiň, tutuş halkymyz, kitaphonlarymyz we döredijilerimiz üçin many-mazmun çeşmesi bolup durýanlygynyň alamatydyr. Şygyrlaryň täze zaman bilen şu hili utgaşykly ýazylmagy, bir tarapdan, okyjy ýüregine keýpihonluk bagyşlasa, ikinji bir tarapdan, Magtymguly şygryýetiniň bakylyk bilen bagry badaşan şygryýetdigine şaýatlyk edýär.
***
Magtymgula ýanama şekilinde ýazylan käbir şygyrlarda Durgunlyk ýyllarynyň – sowetler döwrüniň adalatsyzlyklary ýazgarylsa, käbirlerinde Aral deňziniň takdyry, heläkçiligi bilen bagly sossial meseleler gozgalýar. Başga bir toplumlarda bolsa, şu günki durmuşa has bolan ahlaky durumlar dogrusynda pikir ýöredilýär. U.Pirjanowyň „Magymgulynyň dilinden“ diýen goşgusy şeýle eserleriň biriudir. Ol temanyň saýlanyp alnyşy we formasy jähetden Magtymgulynyň „Başlady“ tipindäki goşgularyny ýatladýar, emma olaryň parhly taraplary-da ýok däl. Magtymgulynyň ХVIII asyryň gabahatlyklarynyň jebrini çekendigini, adalatsyzlyklara närazylyk bildirip, goşgular ýazandygy hemmelere mälim. U.Pirjanowyň goşgusyndaky tankyt naýzasy despotik düzgüniň kemçiliklerini paş etmäge gönükdirilipdir. Iki goşguda hem tankyt serişdesi bir, emma onuň obýekti welin başga. U.Pirjanowyň goşgusundaky aşaky bentler real durmuşda sataşyp durýan ýaramaz hadysalaryň üstünden düşýär.
Gileň syrgyýalar auyz žalasyp,
Daçada, kurortda pinhän tabysyp,
Gä atakka, gä hämelge talasyp,
Ýelge ýersi kylyk ýete baslady.
Ýene:
Betke tutyp appak menen pahtany,
Toz-toz ýetip auyl menen kalany.
Soňynda puş bolyp sürgen däurany,
Öz abyraýyn özi töge baslady.
(Mazmuny: Zora ýetişdirip ap-ak pagtany, toz-toz edip oba bilen galany, soňunda puç bolup süren döwrany, öz abraýny özi döke başlady.) /1/-„sowet Karakalpakstany“,1990, 3-nji mart.
(Mazmuny: betpäller mydama agyzlaryny ýalaşyp, daçada, kurortda gizlin sataşyp, kä şöhrata, käte bolsa mekirlige ýüz urup, Ile geň-taň işler edip başlady.)
„Döke başlady“ diýen goşgusynda Magtymguly ХVIII asyr ýagdağlaryny şeýle beýan edýär.
Gömüldı derýalar, ýykyldy daglar,
Ýetımler gözýaşyn döke başlady.
Orramsydan bolan haramhor bagler,
Ýurdy bır ýanyndan ýyka başlady./2/-Magtymguly. “Türkmenistan”, 1 t., 171 s./
U.Pirjanowyň goşgusyny “Magtymgulynyň dilinden…” diýip atlandyrandygy ýöne ýere däl. Awtor öz döwrüniň näsazlyklaryna Magtymgulynyň şahyranalygy nukdaý nazardan garaýar. Olary öz paýhasyna kybap edip, şahsy dünýägaraýşyna, döredijilik mümkinçiliklerine uýgunlaşdyrýar, täzeçe teswirler arkaly döwrebaplaşdyrýar. Şeýle özboluşlyk goşgynyň her bendinde görünýär. Eger Magtymguly halkyň başyna düşen külpetleri ýurdy weýrana dönderen adalatsyz jemgyýetiň emeldarlary diýip düşündirse, U.Pirjanow şygrynda sowet döwründe halky kynçylyklara sezewar eden bir topar egoist, wezipeparaz, nadan kişiler diýip hasaplaýar. Şahyryň tekrarlanmaly özboluşlygy hem şunda, ýagny Magtymgulynyň peýdalanan şekilini, öňe süren ideýalaryny, sadalap aýtsak, edebi “galybyny” täze zamana laýyklaşdyrýanlygyndadyr.Garagalpagystanyň haljk şahyry Tolybaý Kabulowyň Magtymgulynyň döredijiligi bilen utgaşykly garagalpak-türkmen edebi gatnaşyklaryny rowaçlandyrmakdaky hyzmaty-da ýatlanylmaga mynasypdyr. Ol hem Magtymgula öýkünip, birnäçe goşgy ýazdy. Awtoryň “Magtymgula myrajat” goşgusy häzirki zaman garagalpak şygryýetinde Magtymgulynyň görüm-göreldesiniň döredijilikli dowam edýändigine anyk bir mysaldyr. Magtymgula meňzedilip, şoňa ugurdaşlykda ýazylan bu goşguda hem durmuşymyz üçin möhüm ahlaky meseleler dile alynýar. Şahyr durmuşa dahylly bir topar sowallara Magtymgyla arkalanyp, jogap agtarýar. Bir näçe asyr öň dünýä inen şahyryň lirikasynda gozgalan gumanistik sypatlaryň şu günki ýaşaýş üçin hem häsiýetlidigini, Magtymgulynyň geljegi göz öňünde tutup bilen öte pähimdar şahyr bolandygyny täze ahlak düşünjelere ýugrup orta atýar. „Magtymgula murajat“ goşgusynyň U. Pirjanowyň „Magtymgulynyň dilinden“ diýen şygryndan tapawutly tarapy, T.Kabulowyň öwüt-nesihat häsiýetli ündewlere köpräk agram berýänliginde. Ol Magtymgulynyň şygyr beýanlaryndaky taglym ýorumlaryny öz döwrüniň ahlak taraplary bilen baglamaga we şeýle ýol arkaly goşga döwrüň şu günki jemalyny siňdirmäge çalyşýar, pikirleriniň terbiýeçilik ähmiýetine aýratyn üns berýär.
Maktymkuly, makul gäpdir aýtkanyň,
Jigit jigit ýemes ýoşy bolmasa.
Kim biledi, atka aýyl batkanyň,
Saurysyn syýpalar dosty bolmasa.
Ýa-da:
„Dostuň-da dosty bar“ diýgen danalar,
Bul sözdi här kandaý insan tän alar.
Dünýanyň keňligi bir pul sanalar,
Keuil kapylgyrdyň hoşy bolmasa.
(Mazmuny: Magtymguly makul gepdir aýdanyň, ýigit ýigit däldir joşy bolmasa. Kim bilipdir, nebse tutuş batanny, arkasyny tutar dosty bolmasa. Danalar „Dostuň-da dosty bar“ diýipdirler, muny ähli ynsan ykrar edýär, dünýäniň giňligi bir pul sanalar, göwün gapyrjagynyň hoşy bolmasa.) /1/- T.Kabulow Taňlamaly kosyklary. Nökis,2009,,240 s./
Deňeşdirip görmegiňiz üçin Magtymgulynyň „Bolmasa“ goşgular toplumyndan käbir nusgalary getirýäris.
Kysmatyn hak bilen ryzkyn azlamaz,
Söz bilenler bilen sözün gizlemez.
Köňül joşa gelmez, til hem sözlemez,
Her ýürekde yşkdan köz hem bolmasa./1/.-Magtymguly.1 t., 215 s.
Başga bir şygryndan ýene bir bent:
Magtymguly, bildiň, mundag zamandyr,
Hälä sudy bolsa, soňra zyýandyr.
Är ýigidiň içi doly armandyr,
Gara göz, inçe bil ýary bolmasa./2. Magtymguly. 1 t., 216 s./.
Magtymgulyda şeýle redifli goşgy bäş sany. Olar, şol bir meňzeş redifli bolsalar-da, tema gerimi giň, beýan usullary-da başgaça. Emma goşgulardaky şahyrana reňk—ahlak taglymy garaýyşlaryň umumylygy olary bir sapaga düzýär. Şahyryň şu zeýilli özboluşlygy, durmuş didaktikasy T.Kabulowy ylhamlandyrypdyr. Goşguda Magtymgulynyň „Bolmasa“ goşgularynyň tas barsynyň hem täsiri görünýär. Şol bir wagtyň özünde, „Magtymgula murajat“ akyldaryň „Bolmasalaryndan“ belli-külli tapawutlanýar. Mertlik, dostdanalyk, wada ygrarlylyk, hyýanatçylygy ret etmek we başga birnäçe ahlaky kadalar-dessurlar mynasybeti, ol ýa beýleki bir ýagdaýy tassyklamak ýa inkärlemek ideýalary Magtymgulyda ýeterlik hyjuwa eýlenen. T.Kabulow şeýle ugurdaş temalara özüçe çemeleşýär, olary şu gün bilen ykjam baglanyşdyrýar.
Häzir zaman gärezsizlik zamany,
Hämmeniň kökiregi tanyr namany.
Kim biledi keuildegi nalany,
Zibanga ses berer sazy bolmasa.
(Mazmuny: häzir zaman Garaşsyzlyk zamany,
Hemmäniň kükregi bilýär namany.
Kim biledir, köňüldäki nalany,
Zybana ses berer sazy bolmasa.) 3/.-T.Kabulow., Ýeň žaksy namaga žanym sadaga. Nökis, „Karakalpakstan“, 2006, 271-272 s./
T.Kabulow goşgusynda azatlygy, erkinligi taryplaýar. Magtymgulynyň öz döwründe amala aşmadyk hyýallarynyň indi ýol aljakdygyna bil baglaýar.
Sen sözlar aýtkansaň aldyňdy bolžap,
Bizge nesip ýetip turgandaý sol uak.
Araldyň därtine dangyl bir žol tap,
Köldiň kuty kaşar gazy bolmasa. /1/.-şol ýerde./
(Mazmuny: Sen geljek-boljagy bileniňden soň, bize nesip edip duran ýaly seniň arzuwlan döwrüň, aralyň derdine bir çäre-ýol tap, kölüň görki gaçar gazy bolmasa.)
Aýdymçylaryň, baksylaryň we kyssahanlaryň bu goşgyny häzirki wagtda il içinde aýdýandyklary onuň terbiýeçilik ähmiýetini, gadyr-gymmatyny äşgärleýän ýagdaýdyr. Bu goşgy garagalpak-türkmen, türkmen –garagalpak edebi gatnaşyklary baradaky kitabyň mazmunly sahypalaryna goşulan mynasyp goşantdyr.
Häzirki zaman garagalpak şygryýetinde galamyny uly yhlas bilen işledip gelýän şahyrlaryň ýene biri Eskerbaý Ajynyýazowdyr. Onuň şahyrana mirasynda halk döredijiliginiň, garagalpak ýazuw edebiýatynyň däplerinden, şeýle hem dünýä edebiýatynyň ülňülerinden täsirlenip ýazylan eserlerem az däl. Mysal üçin, onuň durmuşa bolan garaýşynda, gowulygy beýgeldip, ýaramazlyklary ýazgaryp goşgular ýazmakda Magtymgulynyň oňa galamdaýanç bolandygyna E. Ajynyýazowyň käbir şygyrlary şaýatlyk edýär. Şahyryň „Bolar“ goşgusy gündogaryň edebi däplerine, aýratyn-da Magtymgulynyň nesihat kysymly eserlerine döredijilikli çemeleşmäniň bir görnüşidir. Goşguda ýagşylyk bilen ýamanlyk, pespällik bilen men-menlik, dogruçyllyk bilen ýalançylyk kimin häsiýetleriň her bir şahsyýete peýdasy we zyýany nukdaý nazardan şahyrana görkezilýär.
Adam tanymasa akty-karany,
Mäzi kuuys gäude – tiri žan bolar.
Žigit halkdan şette tutsa arany,
„Žalgyz attyň şaňy şykpas“, hor bolar.
(Mazmuny: Adam tanamasa agy-garany, mädesi dok göwre-gury jan bolar. Ýigit eger halkdan arany üzse, „ýekäniň hiç çaňy çykmaz“-hor bolar.)/1/.-Žaslar hauazy. Nökis, „Karakalpakstan“, 1987, 66 s./
Bent aňladyş şekili taýdan sada, pikirler dury, obrazly. „Ýalňyz atyň çaňy çykmaz, çaňy çyksa-da, şany çykmaz“ diýen halk nakylynyň bendiň mazmunyna uýgunlaşdyrylyp çykarylýan netijede ylalaşykly, arkalaşykly, köpçülik bilen bile bolmak kämilleşmegiň iň dogry ýoly hökmünde görkezilýär. Şahyr adamlardaky ýagşy hem ýaman häsiýetleri deňeşdirip tassyklamak usulyny ulanýar. Gapma-garşylykly duýgulary has-da täsirli bermek maksady bilen original, bir gezek okanda hem okyjynyň ýadynda galar ýaly sagdyn setirlerde ýüze çykarýar.
Žagymsyzlar zyýapatka şakyrsa,
Tentek törde şalgaýaklap žatyrsa,
Ýesli žigit ýesik bette otyrsa,
Ýesik žapsar bolar, žapsar – tör bolar./2/.-şol ýerde.
(Mazmuny:Ýakymsyzlar zyýarata çagyrsa. Tentek törde ýalaňaýak ýatsa,Aňly ýigit işik agzy otursa, işik aç-ýap bolar, aç-ýap – tör bolar.)
Magtymgulyda „Bolar“ atly alty goşgy sataşýar. Hemmesi bogun ölçeginde ýazylan. Temalary didaktik häsiýetli. Ýagşylygyň tarapynda durup, ýamanlara daş oklamak, ýagşylykdan göterimlenip, jahyllary näletlemek, kembagallary goldap, husytlary garalamak ideýalary her bir goşgynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.Bu iki polýusyň arasyndaky gapma-garşylyk adaty beýan ediläýmeýär-de, simwolik manyda, çeper detallarda, täsirli setirlerde aýdyňlaşdyrylýar. Magtymgulynyň „Ýat bolar“ goşgusynda şeýle bir bent bar:
Garyp aýak ýalaň, kendir guşakdyr,
Bir märekä barsa, orny aşakdyr.
Garyplar at münüp, depse – eşekdir,
Döwletliler eşak münse, at bolar./3/- Magtymguly. 1 t., 178 s./
Bendiň şekil gurluşy, çeper deňeşdirme usuly, şahyrana obrazlar we gelinýän netijeler E. Ajynyýazowyň ýokarda görkezilen bendini ýatladýar. Emma bu bendi E. Ajynyýazow köre-körlük bilen gaýtalamaýar. Birihjiden, garagalpak şahyrynyň goşgusyndaky durmuş materialy täze döwre dahylly. Ikinjiden, goşgynyň lirik gahrymanlary „garyplar“, „döwleti bihasap baýlar“ däl. Olar şahyryň zamandaşlary: „ýaranjaňlar“, „törüni bermeýän tentekler“ bilen pähim-parasatly „ýigitler“. Awtor gylygy taýdan biri-birinden beter ýoknasyz adamlar hakynda, položitel we otrisatel tipler dogrusynda gürrüň edýär. Häzirki zaman adamlaryna has bolan gylyk-häsiýetleri oňlamak ýa oňlamazlyk nukdaýdan eser döretmek üçin E.Ajynyýazowa nähilidir bir nusga gerek bolupdyr we şeýle zerurlyk ony Magtymgulynyň goşgularyndan täsirlenmäge iteripdir. Goşgynyň döreýşine şu jähetden garasak, onuň özboluşlygy ýene hem göze gelimli bolýar.
U.Danyýarowyň Magtymgula ýanap ýazan „Bolar sen“, „Başlady“ goşgulary hakynda-da, umuman, gowy pikirdediris. Awtor iki goşguda hem Magtymgulynyň döredijiligine bolan gyzyklanmasyny, öwüt-nesihat şygyrlaryna yhlasyny inçe ýürek duýgularyna eýläp beýan etmäge çalyşýar. Her bir bentde Magtymgulyny ýatladýan alamatlar gabat gelýär.
Žan dostyň keuline härgiz dak salma,
Mal dostyň bergenin köp dep heş alma.
„Hasly žaman menen otyrma-turma“,
Sonda bir ýel suýgen dana bolarsaň.
(Mazmuny: ýegre dost köňlüne hergiz dag salma, namardyň berenni köp görüp alma, „Asly ýaman bilen oturma-turma“,şonda sen ilsöýer dana bolarsyň.) /1/-Kus žoly. Poeziýa, proza, ädebiýattanyu. Toplum. –Nökis, „Karakalpakstan“: 1989,65 s.
Awtoryň „žan dostyň žoluna koýgyl basyňdy“,„Tuury, hadal bolsyn, söýlegen söziň“ ýa-da „Nämärtke is tüsse mütäžiň pitpes“, „Däme kylma hasly žaman adamnan“, „Bir-bireuden hürmet kete baslady“ ýaly hatarlary terbiýeçilik ähmiýete eýe we olaryň emele getirilmeginde Magtymguly nesihatlarynyň täsiri bar, elbetde. Emma awtoryň şu hili jan etmelerine garamazdan, goşgusyny ýokarda ady agzalan şahyrlaryň şygyrlarynyň derejesine ýetirip bilmändigini welin aýtmagymyz gerek.Niýet ýagşy, temasy wajyp. Şeýle-de bolsa, onda şahyranalyk kemter, obrazlar öz kaddyna ýetirilmeýär. Goşgularyň ikisi-de Magtymgulynyň ol ýa beýleki bir şygrynyň gaýtalanmasy ýaly duýuldy bize. Ynha, oňa bir mysal:
Nämärtlerge žüz sargaýtyp karama,
Keuli karalarga härgiz žolama,
Žan dostyňdy ämelsiz dep korlama,
Sonda öziň şyn azamat bolasaň.
Namartlara mätäçlikde ýüz tutma, Köňli garalary hergiz ýoldaş etme, çyn dostuňy kärsiz diýip horlama, şonda özüň çyn azamat bolarsyň.)/1/-şol ýerde, 66 s./
Dogrusy, bu bendi täze, özboluşly diýip bahalamak kyn. Magtymguly bu pikirleri mundan tas üç asyr ozal aýdypdyr ahyryn.
Tama kylyp, sargartmagyn ýuzuňni,
Her namarda haýyp eýleme söziňni./2/.-Magtymguly. 1 t., 202 s./
Şu goşgynyň soňuragyndan ýene bir bölek okap göreliň:
Köňli gara bilen bolmaňlar ülpet,
Ýokar andan dürli-dürli kesapat./3/.-şol ýerde/
Şunuň ýaly gönümel meňzeşligi täsire syrykdyrmak bolmaýar, ol Magtymguly ideýalaryna häki bir ýüzleý çemeleşmek, dogrusy. Munuň üstüne, bendiň dördünji „Sonda öziň şyn azamat bolarsaň“ diýen setiri Berdagyň şu aşakdaky:
Syýlasaň gärip-ýetimdi,
Çyn azamat boladursyň –
setirlerini-de ýadyňa salýar./4/-Berdak. Taňlamaly ýygarmalary. Nökis, „Karakalpakstan“, 1987, 87 s.
Goşgulardaky „Dym orynsyz söz aýtpagyl hyş uakta“, „Dostyňdy orynly, syrtynan makta“ ýa-da „Aulak bolyň doslar, žaman kyýaldan“, „Märt penen katnassaň bolar agaýyn“ zeýilli habar türündäki mysralary hakyky zehiniň önümi diýmek çetin. Şahyrana obraza çolanmadyk beýle „ýalaňaç“ goşgular okyja lezzet bermeýär, ony hyjuwlandyrmaýar.
Edebiýat wekillerimiz şeýle temalara jogapkärçilikli çemeleşseler, Magtymgula eýermekde her bir galam eýesi öz mümkinçilik we talanty derejesinde şahyry Garagalpagystanda wagyz etmekde, diňe bir mowzugyň möhümligine üns bermän, türkmeniň beýik şahyrynyň çeperçilik, ussatlyk tejribesine-de gol ýapsalar milli şygryýetimiz mundan beýlägem kuwwatlanardy, kämilleşerdi. Häzirki garagalpak şygryýetinde bu işe hötde gelip biljak zehinli awtorlar azlyk etmeýär.
Kerimbaý KURAMBAÝEW,
Ajynyýaz adyndaky garagalpak döwlet Mugallymçylyk institutynyň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory, Garagalpagystan Respublikasynyň ylymda at gazanan işgäri.
Özbekçeden terrjime eden: Ahmet MÄMMEDOW.
Edebi tankyt