Döwletmämmet Azadynyň edep-terbiýeçilik mirasynyň ähmiýeti
Döwletmämmet Azadynyň edep-terbiýeçilik mirasynyň ähmiýeti
“Wagzy-Azat” eserine şol bir wagtyň özünde birnäçe nukdaýnazardan garamak bolýar:
• Şygyr bilen ýazylan çeper eser hökmünde;
• Döwlet we jemgyýetçilik gurluşy baradaky ylmy-pelsepeçilik, hukuk eseri hökmünde;
• Dünýä, adam, jemgyýet we döwlet barada pelsepe eseri hökmünde;
• Nyzam al-Mülküň “Syýasatnama”, Makiawelliniň “Hökümdar” atly kitaplary ýaly patyşalara nesihat kitaby hökmünde;
• Ýunus Emräniň “Risalatun-nushyýa (Nesihat kitaby), Keý-Kowusyň “Kowusnama”, Sopy Allaýaryň “Sebatyl Ajyzyn”, Wepaýynyň “Rownakyl yslam”, Sagdynyň “Bossan” hem “Gülüstan” eserleri we ş.m. ýaly edepnama (edep-terbiýeçilik) kitaby hökmünde.
Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” eseri barada aýdylanda, külli gündogarda meşhur eser bolan “Kowusnamanyň” ýazary Keý-Kowsuň öz ogly Gilanşaha ýüzlenip ýazan şu sözlerini ýatlamak ýerlikli bolar: “Oglum, bilip goýgun, ynsanda şeýle bir häsiýet bardyr: ol durmuşda toplan iň gowy zatlaryny iň eý görýän adamlaryna goýup gitmäge jan edýär. Bu dünýäde meniň toplan zatlarym şu sözlerdir, iň eý görýän adamym hem sensiň. Ýalançyny terk etmäge taýynlanyp ýörşüme, saňa ýadygär goýsam diýýärin”. Döwletmämmet Azady hem ömürboýy toplan iň gymmatly hazynasy bolan “Wagzy-Azat” eserini iň eziz görýän adamlary bolan bize – türkmen halkyna miras goýup gitdi. Edebi makalalar