Dostoýewskiniñ gözi bilen 1877-1878-nji ýyllardaky Rus-Osmanly urşunda ruslaryñ halas edijilik missiýasy we bolgar hakykaty
Dostoýewskiniñ gözi bilen 1877-1878-nji ýyllardaky Rus-Osmanly urşunda ruslaryñ halas edijilik missiýasy we bolgar hakykaty
DOSTOÝEWSKINIÑ GÖZI BILEN 1877-1878-NJI ÝYLLARDAKY RUS-OSMANLY URŞUNDA RUSLARYÑ HALAS EDIJILIK MISSIÝASY WE BOLGAR HAKYKATY
■ ýa-da iñ bolmanda Dostoýewskiý kimin hakykatçyl bolalyñ…
Bolgariýada her ýyl bellenýän 3-nji mart Milli baýramynyñ añyrsynda Şipka geçelgesinde bolan ganly söweş bar. Bu baýram bellenende ýörite Şipak depesine üýşülip, Süleýman paşa ýaly köp sanly abraýly osmanly ofiserleriniñ maketi ýasalýar we dabaraly ýagdaýda kellesi kesilýär.
Osmanly imperiýasynyñ taryh sahypalaryna girenine bir asyr geçenem bolsa, ýokarky agzalan ýaramaz sahnalar biziñ gelejegimizi zäherlemäge ýeterlik bolýar. Ynsan hökmünde bu sahnalardan inimiz üýşense-de, häzire çenli hiç kim muña "beýtmäñ" diýip bilmedi. Şipkada kellesi "kesilenler" osmanly esgerleri bolsa-da, bärde Bolgariýada ýaşaýan musulman-türk halkyna nämedir bir zatlar yşarat edilýär. Gynansak-da, Bolgariýada musulman-türk duşmanlygy ýok bolup gitmeýşinden ötri, bular ýaly epizodlaryñ añyýetdäki agalyk ediş güýji gitdigiçe agressiwleşýär, sebäbi bu zatlardan kimdir birileri peýdalanýar. Sözde ýöredilýän bolgar milletçiliginiñ türkleri kemsitmek prinsipine esaslanýandygyny hakyky bolgar milletçileriniñ özlerem bilmän duranok. Ýewropa ýurtlaryna barýan bir bolgaryñ iñlis, nemes, fransuz ýa-da haýsydyr bir ýewropaly bilen özara gatnaşygynda, gepleşiginde muny açyk görüp bolýar.
Rus-osmanly urşunda wepat bolan ruslaryñ hormatyna uly ýadygärlik galdyrylýar. Ýöne bärde "şehit bolan musulman-osmanly esgerlerine-de bir ýadygärlik dikäýeliñ" diýen bolmaýşy ýaly, olar üçin ýönekeý bir daş galdyryp goýmagam hiç kimiñ kellesine gelmedi. Hatda muny musulman halklarynyñ arasyndan biri çykybam diýmedi. Geplände "biz bolgar doganlarymyz bilen bir döwüm çöregi deñ bölüşip iýýäs" diýip agzyny dolduryp gürleýänleñ içinde-de muña milt eden bolmady. Daşary ýurtly diplomatlar we "medeni ýewropa" jemgyýetçiligi Şipkada her ýyl geçirilýän bu wagşy sahnany geñirenmek bilen tomaşa edýänem bolsalar, her gezek dymyp oñýarlar. Sebäbi "ýere sokulýan" türkler bolsa, "ADALATYÑ" şular ýaly dabaralanýandygyna özlerini ynandyrypdyrlar.
Ýogsam bolmasa, Ýewropa bileleşigniñ halklaryñ arasynda duşmançylyk duýgularyny oýarmak maksady bilen taryhy wakalaryñ ýoýulyp başgaça görnüşde ýatlanmagyna garşy tutumyny hemmelerem bilýär, muña garamazdan bu prinsipe eýerilmeýändigine geñ galaýmaly.
Şeýle-de 3-nji martda Şipkada döwlet derejesinde dabaraly nutuklar okalýar, okalýan ýüzlerçe nutuklaryñ barsynda diýen ýaly "osmanlylar erbet, bolgarlar "bendi", ruslar bolsa halas edijidir". Ýöne ruslaryñ düýp maksady bolgarlary halas etmek däl-de, imperial bähbitlerden ybaratdy, ýagny Ortaýer deñzine çykalga döretmekdi. Bolgarlar bolsa bu işde diñe ulanyldy. Bu taryhy hakykatlary agzaýan ýok.
Bärde başga hakykat bar: Bolgariýa uruşmaga getirilen rus esgerleri Russiýada daýhanlaryñ hor-homsy haldaky itme-ýykylma ýaşaýyşyndan has başga we gurply ýaşaýan bolgar daýhanlarynyñ baý durmuşyny görüp, söweşmek islegi peselipdir, olar özleriniñ aldanandyklaryna gowy düşünipdirler.
Şonuñ üçinem rus patyşasynyñ hut özi bu ýere gelip, goşuny uruşmaga ruhlandyrmaga çalyşypdyr. Bu taryhy hakykatlar bolgarlaryñ özünden ussatlyk bilen gizlenýär. Osmanlylaryñ elindäki "bendilik" döwründe bolgar halkynyñ iñ asuda döwürlerini ýaşandygyny eger-eger agzaýan ýok. Osmanlynyñ Bolgariýanyñ abatlygy üçin bolgar ilatyndan ýygnan salgytlaryndan 10 esse köp maýa goýumlaryny goýandygyny, häzirki Bolgariýanyñ çäklerinde ýerleşýän prawoslaw buthanalaryñ, musulman metjitleriñ, köprüleriñ, hammamlaryñ we başgalaryñ Osmanly zamanasynda we osmanly puly bilen gurulandygyny hem hiç kim agzamazam we hiç kime aýtmazam.
Osmanly "bendiligi" döwründe ýurtda bolgar gimnaziýalarynyñ öz dillerinde bilim berendigini, gazet-žurnallar çykarýandygy we kitap neşir edýändigi üçin salgyt salynmadyk etraplaryñ bolandygyny, soñky 150 ýylda Osmanlynyñ bolgarlardan harby gulluga esger almandygyny we ş.m. başga-da birnäçe ýeñillikleri edendigini agzalsa, hamala biri gelip agyzlaryna uraýjak ýaly.
Osmanlydan soñky bolgar döwletini dolandyran ýolbaşçylaryñ (premýer-ministrler, ministrler, häkimler we başg.) köpüsiniñ Stambulda bilim alandygyny hem halkdan gizleýärler. Ýöne nämüçindir XXI asyryñ "medeni ýewropasy" Bolgariýada ýaşaýan musulmanlaryñ we türkleriñ ene dillerinde bilim almaklaryny görmegem, eşitmegem islemeýär.
Soñky müñýyllygyñ iñ beýik akyldarlaryndan bolan Karl Marksyñ 1853-1863-nji ýyllarda Londonda amerikan gazetleriniñ Ýewropa we Orta Gündogar boýunça habarçysy bolup işlände, Osmanlynyñ ekerançylygy we oba durmuşy barada ýazan "Jennet" atly makalalar toplumyny hem namartlyk bilen gizleýärler.
Ýokarda agzalan ähli janagyryly meselelerimiz boýunça Bolgariýanyñ Turgowiçe (öñki Eskijuma) şäherinde (1944) doglan we häzir Bursada ýaşaýan terjimeçi şahyr Ahmet Emin Atasoý dünýä edebiýatynyñ klassygy F.M.Dostoýewskiniñ eserlerini boýdan-başa okap, tankydy seljerme geçirdi. Şahyr barypýatan panslawýançy we osmanly duşmany Dostoýewskiniñ ezilen gatlaklara bolan "rehim-şepagatynynyñ", şeýle-de Bolgariýada Osmanly döwletine garşy ýüze çykan 1876-njy ýylyñ aprel gozgalañynyñ gysga wagtyñ içinde hökümet güýçleri tarapyndan basylyp ýatyrylmagy bilen baglanyşykly dünýä jemgyýetçiliginde dörän "nägilelikleriñ" üstünde giñden durýar. Ol ruslara we hristianlara meçew bermek üçin ýeterlik san bolan 3.000 bolgaryñ we 500 türküñ wepat bolandygyny mälim eden ýalan maglumatlaryñ Ýewropany we dünýä jemgyýetçiligini aldap bilendikleriniñ üstüni ussatlyk bilen açandan soñ, meseläniñ özenine has içgin aralaşýar.
Şol döwürde dünýä jemgyýetçiligini aldamak işine Wiktor Gýugo, Juzeppe Garibaldi, Çarlz Darwin ýaly günbataryñ iñ öñdebaryjy adamlary hem işjeñ gatnaşypdyr. Bu işden Lew Tolstoý, Iwan Turgenew, Nikolaý Dobrolýubow, Aleksandr Gersen, Nikolaý Çernyşewskiý ýaly rus ýazyjylary hem çetde galmandyr.
Günbatar metbugatynda "elhenç pajygaly waka" hökmünde tanadylan Aprel gozgalañyndan täsirlenen Dostoýewskiý Osmanlylara garşy gazaply aýyplamalar bilen çykyş etmäge başlady. Iñ ýaman ýerem, "bigünä bolgar halkynyñ ýok edilmek islenýändigini" ýazdy. "Bolgarlaryñ osmanly boýunturugyndan halas edilmeginiñ hatyrasyna" Dostoýewskiý şeýle bir öte geçdi welin, hatda ol käbir ýazgylarynda şol wagtyñ meşhur ýazyjylary Tolstoýdan we Lewinden başgasyny osmanlylara we yslama hoşniýetli pikirleri bar diýip gazaply tankyt etmekden hem-de olary Russiýa we rus halkyna dönüklik etmekde aýyplamakdanam çekinmändi.
1877-nji ýylyñ 24-nii aprelinde Russiýa-Osmanly urşy başlanan wagtynda, "doganlyk bolgar halkynyñ gulçulykdan hökmany suratda halas boljakdyna tüýs ýürekden ynanýanlaryñ" arasynda ilkinji nobatda Dostoýewskiý bardy. Hamala, olaryñ pikiriçe "ýüzlerçe ýyllap özgäniñ golastynda ýaşan bolgarlar ahyrynda erkana durmuşa gowuşjakmyş, "ýok edilen" buthanalar täzeden dikeldiljekmiş, ilkinji gezek bolgar bilim ojaklary açyljakmyş, Ýewropada täp-täze we özbaşdak Bolgariýa dörejekmiş"…
Şular ýaly "arzuwlary" ýüreginde beslän beýik ýazyjy hökümet işgärleriniñ pozisiýasy, daşary ýurtlarda oýnalýan diplomatiki oýunlary, žurnalistleriñ we beýleki ähli metbugat işgärleriniñ beýannamalary bilen birlikde on aý töweregi dowam eden rus-osmanly urşunyñ başky etabyndaky üýtgeşmeleri ýakyndan synlaýar. Ol diýseñ hyjuwly, çişirilen we taraply (milletçilikli) ýazgylaryny ilki gazetlerde, soñra "Gündelik" ("Ýazyjynyñ gündeligi — sentýabr-noýabr, 1977") ady bulen kitap görnüşinde çap etdirýär. Beýik ýazyjy bu kitabynda Osmanly döwletine bolan çäksiz ýigrenjini beýan etmek bilen birlikde, ýüzlerçe ýyl bäri bolgarlaryñ ýaşap gelýän "bendiligi" hakynda-da kitaby okanlaryñ añyny bulaşdyryp taşlaýan maglumatlary berýär.
1877-1878-nji ýyllardaky Osmanly-Russiýa urşuna gönüden-göni gatnaşan rus esgerleriniñ we ofiserleriniñ şaýat bolan wakalaryny bu "Gündelikde" bermek bilen, Dostoýewskiý gürrüñ berilýän zatlara özüniñem haýran galandygyny gizläp durmaýar.
"Halas etmäge" gidenler "bendilikde" diýip düşünilýän bolgarlaryñ özlerinden has gowy durmuşda ýaşaýandygyny görüp, gahar-gazaba atlanýar. Ýazyjy muny özüçe beýan etmäge çalyşýar. Dostoýewskiý "Gündelikde" şeýle diýýär:
"Jenaplar, tomus aýlarynda, Plewneden has öñ, Bolgariýa birdenkä nädip girendigimizi, Balkanlara aýak basanymyzdan soñam hoşnutsyzlykdan dilimizi dişimiziñ añyrsyna niçiksi gysandygymyz ýadyñyza düşýän bolsa gerek.
Ilki goşundakylar, yzyndanam Peterburgda oturan metbugat organlary gowur turuzdylar.
Bu gowur halysalla janyýangynlylyk bilen çykýan mertligiñ baş galdyryjy sesleriniñ alamatydy… Munuñ ýeke-täk sebäbi, bütin dünýäde, hususanam bizde mälim bolşy ýaly, bu gowry turuzýanlaryñ depgilenenleri, horlananlary, ezilenleri we jebir-jepa çekenleri halas etmek üçin aýaga galmagydy.
Uruş yglan edilmänkä biziñ gazetlerimizde uruşyñ netijesi we ediljek harçlar barada makalalar okandygymy, "Bolgariýa gitmek bilen diñe öz goşunymyzyñ däl, açlykdan çyrpynýan bolar halkynyñam garnyny doýurnalt bolar" diýen ýaly howsalaly pikirleriñ orta atylandygyny häzirem ýatlaýan. Bulary hut öz gözüm bilen okadym we nireden okandygymy anyk görkezip biljek. Şeýlelikde, bolgarlar hakynda şeýlekin pikirlere eýe bolan bizler, Fin aýlagynyñ we bütin Russiýanyñ kenarýaka sebitlerinden ýesir edilenleriñ we zulum görenleriñ hatyrasyna gan dökmek niýeti bilen ýola çykanymyzda, birden-birden bag-bakjaly, owadan bolgar öýlerine duş geldik. Güller, ir-iýmişler, mal sürüleri, çekilen zähmetiñ rehnetini esseme-esse beren bereketli topraklar we hasa beteri-de her bir metjide derek gurulan üç buthana…. Eýsem biz bu "ýesirleriñ" hatyrasyna ölmäge giden bolsak näme! Käbir dargursak halas edijiler: "Bu nähili beýle!" diýip şobada gahar-gazaba mündi, kemsinmeden ýaña ýüzleri çym-gyzyl boldy. Biz olary halas edýän bolsak, olar bizi dyza çöküp garşylamaly dälmi! Ýöne olar dyza çökmek beýlede dursun, bize ýadyrgap seredişýärler we biziñ gelenligimize begenenoklar! Dogrusy, bizi duz-çörek bilen garşylanlaram boldy, ýöne olar bize birtüýsli seredişýärler!.."
"Ýazyjynyñ gündeliginiñ" başga bir bölüminde Osmanly "bendiliginde" ýaşaýan bolgarlar barada şeýle gürrüñ berilýär:
"Bizdäki barjamly kişilerem şu ýesir bolgarlar ýaly mes ýaşaýan däldir.
Soñ başga biri çykyp bolgarlaryñ başyna gelen bu belalaryñ ýeke-täk jogapkäriniñ ruslardygyny aýdýar. Olaryñ pikiriçe, nämäniñ nämedigini bilmän, ýesir bolgarlaryñ hasabyny türklerden soramaga we yzyndanam bu "sogan deý soýulan" baýlary halas etmedik bolsak, bolgarlar häzire çenli asuda durmuşda ýaşajak eken. Olar häzirem şu pikiriñ dogrudygyna ynanýarlar".
Ýazyjynyñ "Gündeligindäki" käbir setirleri üns berip okamak gerek. Üns berip okalanda, iñ azyndan iki meselä yşarat edýän käbir möhüm aýratynlyklary duýmazlyk mümkin däl.
Birinjisi: Osmanly döwletliniñ tabynlygynda ýaşaýan bolgarlaryñ hal-ýagdaýynyñ osmanly duşmanlygyny edýän sferalar tarapyndan Günbatarda we Gündogarda aýdylşy ýaly "erbet" bolmandygyna we 1876-njy ýylyñ Aprel gozgalañynyñ millet derejesindäki galkynyş hereketi däl-de, edil Serbiýada we Garadagda (Çernogoriýa) bolşy ýaly, Russiýanyñ küşgürmegi netijesinde täze rus-osmanly urşuny turuzmak üçin bahana döretmek maksady bilen käbir galtamanlaryñ öñbaşçylyk etmeginde başlanan hem-de garaşylmadyk pajygaly wakalara getiren hadysadygyna gijem bolsa göz ýetirer.
Ikinjisi: Okyjyda ýazyjy bolgarlaryñ durmuşyny mysal görkezmek bilen öz ýurdundaky rus sarizmine "bütin dünýä wagşy diýip tanadylan Osmanly özünden bolmadyk musulman däl raýatlaryna şeýle hoşniýetli çemeleşýän bolsa we olaryñ adam şekilli ýaşamaklary üçin ähli şertleri döredýän bolsa, näme üçin äpet Russiýa imperiýasy öz daýhanlarynyñ durmuşyny gowulandyrmakda haýal-ýagallyga ýol berýärkä?…" diýen ýaly aýlawly sözler bilen Dostoýewskiligini edipdir diýip, pikir döreýär.
Kim bilýä, belki-de, ýazyjy bu setirleri ýazanda bolgarlaryñ asuda durmuşyny özlerinden gysganjak derejede egoistlige, adama mahsus duýgulara añyny aldyran rus esgerlerine we ofiserlerine "başgalary halas etmegiñ yşky bilen görkezýän beýikligiñizi, birazajygam bolsa öz halkyñyzyñ derdi bilenem gyzyklanyp görkezseñiz erbet bolmazdy…" diýmek isländir….
Ýokarda mysal getirilen sitatalar bolgar hakykatyny aýdyñlatmak bilen birlikde, 1877-1878-nji ýyllaryñ Rus-Osmanly urşunyñ täsirinde ýazylan ýazgylar Dostoýewskiniñ beýikligini ýene-de bir gezek görkezýär diýip hasap etmeli.
Üstünden 100 ýyl geçensoñ, 3-nji mart baýramyna-da başga nukdaýnazardan seretmegiñ wagtynyñ gelendigine ynanýarys. Iñ bolmanda Dostoýewskiý kimin hakykatçyl bolalyñ….
Rafet ULUTÜRK.
# bgbulturk
Taryhy makalalar