| |

«Dost bolgun hemişe sadadan-sada…»

"Dost bolgun hemişe sadadan-sada…" «DOST BOLGUN HEMIŞE SADADAN-SADA…»

Dost bolgun hemişe sadadan-sada,
Suw ýaly, men ýaly adamlar bilen.
Temmäkiñi tüsseledip derdiniş
Dünýäniñ ajysyn dadanlar bilen.

Bolmaz olañ jögüligi, «ah-wahy»,
Gerek bolsa senden aýamaz gerşin.
Ýigrenerler öz bahasy bir köpük
Adamlañ pul bilen gomalyp ýörşün.

Kössüz däldir olañ edýän gürrüñi,
Ýugrulandyr gödek, morta sözlere.
Ýöne kyn sözleri şolardan öwren,
Öwren dogry seretmegi gözlere.

Olardan ýene-de bir zady öwren:
Duşsa-da girdabyñ ýowuz erñegi,
Pikiriñi köýnek ýaly çalşyrman,
Öz wyždanyñ bilen ömür sürmegi.

Ýuriý RÝABININ.

Terjime eden Mämmet SEÝIDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle