Dört ýyl mundan ozal (Hekaýa)
BA Din,
hytaý ýazyjysy
Bu waka dört ýyl mundan owal, ýaňy gelen güýz paslynyň agşam çaglarynyň birinde bolupdy. Du Dasin daýzasynyň bagynda, otuň üstünde otyrdy. Sosnadyr gyrymsy agaçlaryň Aýyň ýagtysyna ýere düşýän kölegeleri sünnäläp bejerilen nagşa çalym edýärdi. Daýzasynyň gyzy bolan magşugy onuň çep gapdalynda agaja arkasyny berip otyrdy. Häzir daş-töwerekde asudalyk höküm sürýärdi. Gür otlukdan çybyn-çirkeýleriň çyrryldy sesi eşidilse, howada gülleriňdir otlaryň ysy burk urýardy.
Bokurdagy dolup duran Du Dasin zordan gepledi:
— Bu habar dogry däl bolaýmasyn? Anyk bilýäňmi?
Ýigidiň agzyndan çykýan her bir söz ýüregine tiken kimin sünjülip, çäksiz yza berýärdi.
— Nähili dogry bolmasyn?! Laýlaryň maşgalasy bu işi tiz bitirmek isleýärmiş. Düýn agşam ejem gelnejelerimiň biri bilen bu hakda gürrüň edip otyrka, Hoňýü öz gulaklary bilen eşidipdir… Meni aldadylar… Ejem duýgularymy aýamak isländigini, meni utandyrasynyň gelmändigini aýtdy… Ýene-de ejem… — diýen gyzyň sesi sandyrap gitdi. Soňra ol dymdy. Mümkin, utanan bolmaly.
— Duýgularyňy aýamak isläpdir, şeýlemi?! Häzir seniň ykbalyň çözülýär ahyryn. Ilki bilen, durmuşa çykjak gyzyň razylygy alynmazmy?! Olar ähli zady senden gizlin edipdirler. Seni aldapdyrlar! — diýen ýigidiň sesinde gahar-gazap duýuldy.
— Olar meniň razylyk bermejegimi bilen bolmaly. Sebäbi ejem biziň ikimizden habarlydy…
Şeý diýip, gyz ýene dymdy. Onuň gussaly ýüzüni gyzyl tegmiller örtdi. Biraz köşeşenden soňra, sözüni dowam etdirdi:
— Ejem seniň bilen görüşmezligimi haýyş etdi.
— Näme üçin? Men saňa näme ýamanlyk edipmişim beýle? — diýen Du Dasin dodagyny dişledi. Ol gyza dikanlap seretdi.
— Ejemiň saňa pisindi oturanok. Seniň geň häsiýetleriň barmyşyn. Edep kadalaryna eýermeýärmişiň. Tertip näme, düzgün näme bilmän, kelläňe gelşi ýaly isläniňi edýärmişiň. Bu bolsa adamda ýakymsyz duýgulary döredýärmiş…
— Senem aýdylanlara ynanýaň, şeýlemi?
Gyz uludan demini aldy-da:
— Sen meniň duýgularymdan bihabarmy, eýsem?! — diýip, sowala sowal bilen jogap gaýtardy.
Du Dasin elini kükreginiň üstüne goýup, janygyp gepledi:
— Eýsem, ikimiziň kalbymyz deň uranokmy?! Sen meniň ýüregimdäkileri oňat bilýäň ahyryn.
Gyz diňe baş atyp oňdy. Onuň owalam gussaly ýüzi yşk derdinden ýaňa ak tam boldy.
Ara ýene dymyşlyk düşdi. Birdenkä ýigidiň gözlerinde bagt uçgunjyklary peýda boldy. Ol, göýä diýersiň, öçüp barýan umydyny gaýtadan tutaşdyrjak bir çykalganyň üstünden baran dek keýpiçag gepledi:
— Eger biziň ýüreklerimiz deň urýan bolsa, birek-biregi hakykatdan söýýän bolsak, daýzama üns bermäli… Ähli zat diňe ikimize bagly… Bu ýerde ejeňem günäsi ýok. Nämäni wajyp hasaplasak, şony ederis. Biz öz bagtymyzy özümiz taparys! Heniz giç däl. Çykalga bar. Juda bolmasa, bu ýerden başymyzy alyp gideris!
Gyz jogap berip bilmän hamsygyp, aglamaga başlady.
— Aglar ýaly näme boldy şu wagt? Çykalga bar diýip aýtdym-a! Men-ä seň üçin ähli zatdan geçmäge taýýar.
Gyz henizem dymyp, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýärdi.
— Aglamaňy bes edäý-dä! Gaýtam, meniň bilen täze durmuş ýoluna aýak basmaga häzirlen! Näme üçin dymýaň? Bir zatlar diý ahyryn! — diýip, ýigit janygyp gepledi. Ol gyzyň näme sebäpden jogap bermän gözýaş edýändigine düşünmeýärdi.
Gyz ahyrsoňy dillendi:
— Meni beýle zada mejbur etme!.. Men beýdip bilmen. Habaryň bar, meniň kakam ýok. Ejemi ýeke goýmak islämok. Özem indi gartaşypdyr… Men onuň ýeke perzendi, gözüniň guwanjy. Meniňem barym şol.
Şol pursat duýdansyz gelen gahar-gazap we hasrat Du Dasiniň bogazyna tegek boldy. Ol gyryljyk sesi bilen:
— Diýmek, sen meni söýeňok-da! Isleseň, häziriň özünde gursagymdan ýüregimi sogrup alyp, saňa görkezeýin? — diýip, köýneginiň ýakasyny çekeledi.
Gyz aglamjyrap seslendi:
— Meniňem saňa kalbymy açasym gelýär… Wah, ýöne… Megerem, bu dünýäde meniň ýaly betbagt adam ýok bolsa gerek. Men saňa mynasyp däl… Men ejemi ýeke galdyryp, oňa ejir çekdirip bilmen. Onuň gam çekip, saralyp solmagyny islämok.
— Onda sen Laýlaryň maşgalasyna gelin bolmaga razy-da?!
— Ýok, o hakynda şu wagt hiç zat sorama!
— Düşnükli. Diýmek, sen razy…
Ýigit ne köşeşdiriji sözleri aýtdy, ne-de gyzyň gözgyny ýagdaýyna haýpy geldi. Gaýtam, hal-hereketi bilen owalam bagry paralanyp duran gyzyň ýarasyna duz sepmek isledi. Söýýän adam magşugynyň diňe özüniňkidigini bilse, onda onuň üçin ähli zatdan geçer. Emma özünden ýüz öwrülýändigini syzsa, söýgi duýgusy onda rehimsiz ar alma hyjuwyny oýarar. Şol wagt Du Dasin hem şonuň ýaly duýgyny başdan geçirdi. Gyz birki söz bilen onuň haçandan bäri ýüreginde besläp ýören ähli arzuwlaryny duw-dagyn etdi, soňkuja umyt uçgunlaryny öçürdi. Gyz ony häzirem ýürekden söýüp biler, emma munuň hiç hili ähmiýeti ýok. Ol başga biriniň maşgalasy bolmaga razylyk beripdir. Depesine täç edinen söýgüsi tamasyny ödemedi. Şatlygyň ornuny gaýgy-hasrat eýeledi. Köňül yzasy çekip-çydardan çökder gelensoň, gyza duýgudaşlyk bildirmekden geçen, gaýtam, ähli gahar-gazabyny onuň üstünden eňteresi geldi. Du Dasin häzire çenli ony ömrüniň manysy hasaplapdy ahyryn. Häzir onda gyzyň duýgusy hakda oýlanmaga, özüni onuň ýerine goýup görmäge gaýraty galmandy. Tersine, ony has-da ynjydasy geldi:
— Diýmek, sen Laýlaryň maşgalasyna gelin bolup barmaga razy-da? Wah, bu gözlerim nirä seretdikä?! Ýüregimi beren adamymy nädip tanamadymkam! — diýdi.
Şol pursat bimaza edilen guş çasly gygyrdy-da, uçup gitdi. Şygyrdaşan ýapraklaryň sesi kesilip, ýene ümsümlik aralaşdy.
Birden uzakdan bir ýerden Hoňýü atly hyzmatçy gyzyň: «Hanym, hanym» diýip, gygyrýan sesi eşidildi.
Du Dasin ör turup:
— Men gitdim — diýdi.
Gyz ony saklajak bolmady. Ol daşlardan üşürilip ýasalan emeli depejikden aýlanyp geçdi-de, ýüzüni derwezä tarap tutup ötägitdi. Onuň özem, kölegesem gyrymsy agaçlaryň arasynda gaýyp boldy.
Du Dasin daýzalaryndan gaýdyşyn akylyny ýitiren ýalydy. Beýnisi kellesine agram salyp, aýaklary diýen etmeýärdi. Aýyň ýagtysy oňa ýolboýy hemra boldy. Ýigit daş-töweregine üns bermän, puç bolan arzuwlary we özi hakynda pikir edýärdi. Göwnüne, göze görünmeýän haýsydyr bir gara güýç onuň gymmatly baýlygyny elinden aljak bolýan ýalydy. Olam döşüni gerip, garşylyk görkezýärdi. Emma gymmatly hazyna saýýany hakykat ýüzünde oňa asla degişli däl eken. Özümiňki diýip hasaplany indi oňa ýatdy. Muny boýun almak bolsa ölüm bilen barabardy. Sebäbi onsuz ýaşaýşy göz öňüne getirip bilmeýärdi. Häzir ol diňe bir özüne degişli zady däl, eýsem, öz janynam aýamaga çalyşýardy.
Ýöräp gelşine öýüniň deňinden geçenini hem duýman galdy. Muňa garamazdan, nirä barýanyny özem bilmän ýöremegini dowam etdi. Kellesi öňküsindenem beter agralan ýaly boldy. Bady haýallady. Şagga basan derden ýaňa endam-jany öl-myžžyk boldy. Ol şonda-da ýöremegini dowam etdi.
Birden çykan çasly ses ony özüne getirdi. Kellesiniň bir zada degendigini saýgaryp, yza çekildi. Görse, ötegçileriň biri bilen süsüşipdir.
— Içigar galmyş! Nirä ýöreýäniňi göreňokmy? Gözüň körmi? — diýip, ýaňky ötegçi aýak çekip käýinjiredi. Yz ýanam: — Awgustda dalçynyň ysy burk urar, sentýabrda hrizantema saralar — diýip, öz-özi hüňürdäp gidiberdi.
Ol gözden ýitensoň, Du Dasinem yzyna öwrülip, öýüne tarap ýöredi.
Ertesi irden oýananda, düýnki bolan zatlary hakydasynda aýlady. Şonda ol özüni gödek alyp barandygyna, diňe özi hakda pikir edendigine düşündi. Iki oduň arasynda galan magşugyna duýgudaşlyk bildirmekden geçen, ony ynjydandygyna akyl ýetirdi. Bu hereketine puşman edip, häziriň özünde baryp ondan ötünç soramak isledi, emma ýigitlik mertebesi muňa ýol bermedi. Ejizligini görkezmeli däl diýen netijä geldi.
Öýde oturyp karar tapmadyk Du Dasin dördünji gün diýlende, ýene daýzalaryna gitdi, ýöne gyzy görüp bilmedi. Göwnüne, bu öýüň adamlary özgerip, oňa öňkä görä has sowuk daraýan ýalydy. Gyzyň ýagdaýlary hakynda sorap durmaga çekindi. Turjak bolanda onuň keselläp ýatandygyny eşitdi. Ol gyzyň näme derdiniň bardygyny bilýärdi. Magşugyny şeýlebir göresi geldi, emma göze görünmeýän böwet beýtmäge ýol bermedi. Hoşlaşyp, öýden çykanda aňyrdan alňasap gelen Hoňýü: «Hanym size «bersin» diýdi» diýip, bir kitaby eline tutdurdy.
Oglanyň magşugy hakynda oňa sorag baryny ýagdyrasy geldi, emma elindäki zadyň nämedigini aňşyryp ýetişmänkä, ýaňky gyz gözden gaýyp boldy.
Bu kitap gyzyň birwagtlar okamaga alan romanydy. Içinde hat bardyr diýip pikir eden Du Dasin sahypalaryny hernäçe agdaryşdyrsa-da, tapan zady bolmady. Diňe öýe gelensoň, kitabyň soňky sahypasynda magşugynyň şeýle sözler bilen ýazan gysgajyk hatyna gözi düşdi: «Düýn agşamky bolan gürrüňde men ejiz geldim. Haýyş edýän, men garamaňlaýy unut! Sen entek ýaş. Saňa beýik geljek garaşýar. Özüňi gora! Saňa menden ýüz esse gowy gyzyň duşjakdygyna ynanýan…».
Magşugynyň keselläp ýatanyna owalam hapa bolup duran on sekiz ýaşly ýigit beýle agyr sözlerden soň edil çaga ýaly hamsygyp aglady.
Şondan soňra Du Dasin düýpgöter özgerdi. Özüni nähili parahat alyp barsa-da, içinde harasat gopýardy. Käwagtlar daýzasyny sorap gaýdardy. Gyz tizara sagaldy. Ýöne Du Dasiniň göwnüne, ol gaty horlanypdy. Gabatlaşaýsalaram, gysgajyk salam-helikden başga hiç zat gepleşmezdiler. Dagy näme etsinler?! Ýakynlaryna syr bildirmezlik üçin şeýtmekden başga alaçlary ýokdy. Ykbal bir-birege gowuşmaga mümkinçilik bermeýän bolsa, köňül ýarasyny bular ýaly gysgajyk duşuşyklar bilen zol-zol gozgap durmagy manysyz hasaplan Du Dasin aýgytly netijä geldi. Daýzalaryndan aýagyny çekdi. Gyzy ýatdan çykarmaga çalyşdy, emma tersine boldy. Gyzyň tutuş durky bilen ýüreginde orun alandygyna düşündi. Çekip-çydardan çökder gelýän bu agyr dertden ýaňa daýzalaryna barmak beýlede dursun, soňabaka olaryň köçesinden geçmäge-de çekindi. Ýaşaýan şäherini ýigrendi. Entegem ejesiniň barlygy, ýogsam onda bahym durmuşa-da ýigrenç dörärdi. Du Dasin şol ýyl mekdebi tamamlapdy. Şanhaýa gidip, okuwyny dowam etdiresi gelýärdi. Näçe çalt gitse, şonça gowy bolaýjak ýalydy. Üç günden ugramaly diýlende, agyr derde uçrap, başyny ýassyga goýdy.
Hassa wagty gyz ejesi bilen birnäçe gezek gelip, halyndan habar alyp gitdi. Ýeke bolmansoň, onuň bilen arkaýyn gürleşip bilmedi. Derdi zerarly bu ýerlerden uzaklaşyp bilmedik Du Dasin gyzyň toýuny hem görmeli boldy. Heniz doly aýaklanmasa-da, bärden başyny alyp gitjekdi, ýöne toýa gal diýip, özelenip duran ejesiniň ýüzünden geçip bilmedi. Sebäbi ol mähriban ejesini diýseň eý görýärdi. Käbesi başujunda gözýaş edip oturansoň, ähli gaharynydyr ýigitlik mertebesini unutmaly boldy. Oglunyň ýüreginde gopýan apy-tupandan bihabar ene çaga kimin ejizläpdi, emma onuň duýgudaşlyk bildirişini hiç zat bilen deňeşdirer ýaly däldi. Du Dasiniň mähriban ejesiniň göwnüni ýykan gezegi az bolmandy. Ýöne bu gezek ol ejesiniň diýenini etdi. Doly sagalýança galmaga razylaşdy.
Onuň üçin ölüm bilen barabar bolan şol agyr gün hem gelip ýetdi. Ýaz paslynyň hoştap howaly günleri toý boljak öýi şatlyk gurşap alypdy. Diňe Du Dasin bilen gyzyň ýüreginde aýazly gyş höküm sürýärdi. Ýigit näme edip, näme goýýanyny bilmeýän ýalydy, onuň oýnadylýan agaç gurjakdan parhy ýokdy. Magşugyny güller bilen bezelen toý kejebesine mündürenlerinde onuň aglap, garşylyk görkezýändigini gördi. Toýa gelen dost-ýarlar atasy öýüni terk edýän gyzyň hapa bolşuny adaty ýagdaý hasapladylar. Ýöne munuň hakyky sebäbini diňe Du Dasin bilýärdi. Gyzyň gözgyny haly ony şeýlebir tolgundyrdy welin, mähelläni böwsüp geçägetdin, ýanyna barmak we ony bagryna basmak isledi. Ýöne beýdere gaýraty çatmady. Şeýlelikde, onuň soňkuja umydam öçdi.
Gözi ýaşly magşugynyň kejebesini toý sazynyň astynda gözüniň öňünde göterip alyp gitdiler. Indi onuň agysam eşidilmeýärdi. Hemmeler üçin gyz öz bagtyna sary barýardy. Ýigit welin öz bagtyndan mahrum bolýardy, özem ömürlik…
Du Dasin öýlerine geldi. Onuň şol pursat çekýän jebir-jepasyny beýan edere söz ýokdy. Toýdan üç gün soňra, ýaşlaryň däbe görä, ilkinji gezek görme-görşe gelmeli günleri ýene daýzalaryna gitmeli boldy. Du Dasin myhmanlaryň arasynda durdy. Ahyrsoňy gelin bilen ýigit myhmanlara baş egip, hormat bildirmek üçin daşaryk çykdylar. Du Dasin olary üns bilen synlady. Kellesinde hünji mysaly uzyn dür şelpeli başgaby bolansoň, hernäçe dyrjaşsa-da, gyzyň ýüzüni oňly görüp bilmedi. Iki sany jorasy täze gelne adamsynyň gapdalynda dyzynyň üstünde jaýlaşykly oturmaga ýardam etdiler. Öz gezegi gelip, adata görä baş egen Du Dasin kellesini galdyranda, ýigidiň ýüzüne seretdi. Ol çekgeleri çykyp duran gan-petsiz ak ýüzlüdi, özem gapyrgalaryny sanabermeli derejede hordy. Özünden kem bolmasa, artyk ýeri ýokdy. Du Dasin ary galan dek oňa çäksiz ýigrenç bilen bakdy. Birneme ýüregi ýeňlän ýaly bolan ýigit özüni ýeňiji hasaplap, myhmanlaryň arasyndan saýlandy-da, o ýerden uzaklaşmak bilen boldy. Ýöne öýlerine gelensoň, gyza beýle keselbent kişi bilen ýaşaşmagyň ýeňil düşmejegini bilip, ýene suslandy.
Ýaz aýynyň ýagmyrly bir güni Du Dasin dogduk obasyny terk etdi. Ol diňe bir düwüp goýan goşlaryny däl, eýsem, ejesiniňdir jigileriniň aga ýugrulan hoşlaşygyny kalbynda baky möhürläp ötägitdi. Owalky magşugy, indi bolsa bary-ýogy garyndaşy bolan daýzasynyň gyzy hem irden onuň bilen hoşlaşmaga geldi. Gyzyň: «Dogan, özüňizi aýaweriň…» diýip, söze başlanam şoldy welin, birdenkä bokurdagy dolup dymdy.
Şol pursat Du Dasiniň mähriban ynsanyny bagryna basyp, oňa içini dökesi geldi. Ýöne «Özüňe gel, indi ol seniňki däl» diýen pikir birden ýyldyrym çaltlygynda onuň kellesine urdy. Ol bu gyzy näme sebäpden henizem söýýändigine düşünmeýärdi. Dyňzap duran duýgularyna erk edip bilmek üçin öz-özi bilen göreşýärdi. Şol pursat ýüzüniň üýtgändigi ejesiniňem nazaryndan sypmady. Gyz hem Du Dasine gamgyn gözler bilen bakdy. Ahyry özüni dürsän ýigit: «Alada etmäň. Ähli zat oňat bolar» diýip, başyny aşak egdi we assyrynlyk bilen oňa seretdi. Gyz zordan diýen ýaly baş atdy, soňam elýaglygyny çykaryp, burnunyň suwuny süpürýänlerdensiräp, gözüniň owasyny dolduran gözýaşlaryny syldy.
Şanhaýa gelen Du Dasine abraýly ýokary okuw mekdepleriniň birine girmek miýesser etdi. Ýöne indiki ýyl ejesiniň aradan çykandygy baradaky habary aldy. Jigisinden gelen hatda aýdylyşyna görä, ejesi alada goýmazlyk üçin keseli barada oňa hiç zat duýdurylmazlygyny isläpdir. Diňe halys ejizlände, agşam çaglary Du Dasini görmek isleýändigini aýdypdyr. Ertesi säher bilenem bakyýete göç etmeziniň öň ýany oglunyň çagalykda tutulýan adyny niçeme gezek gaýtalapdyr. Bu hat onuň bagryndan ok bolup geçdi. Her niçik-de bolsa, arsyz wagt öz ugruna akmagyny dowam etdirdi. Diňe ýekeje zat üýtgäpdi. Olam Du Dasiniň özüdi. Ol mundan beýläk ejesiniň ýokdugyny boýun almaly boldy. Ynsan oglunyň bu dünýäde diňe ýekeje ejesi bolýar. Du Dasiniň käbesi ogluna bolan ähli söýgüsini özi bilen bakyýete alyp gitdi. Şeýlelikde, ol ýüreginiň ýene bir parçasyny ýitirdi. Ýaşaýyş oňa öňküsindenem beter tukat göründi.
Ýene bir ýyldan soň, ol okuwyny bütinleý taşlady. Tutuş durky bilen köpden bäri hyýal edip ýören işine berildi. Öýden öňküsi ýaly yzygider pul gelýärdi. Gerek-ýaragyna az-owlak aýryp, baryny diýen ýaly gatnaýan guramasyna geçirýärdi.
Du Dasin şeýdip başagaý bolup ýörşüne, geçmişini bütinleý unudana meňzeýärdi. Öýden gelen hatlarda ilki söýgüsi — daýzasynyň gyzy hakynda hiç zat aýdylmaýardy. Diňe bäş aý mundan owal «Sadanyň ýeňşi» atly poemasy çap edilen döwürleri jigisinden gelen hatda daýzasynyň gyzynyň adamsynyň aradan çykandygy barada ýazylypdyr. Biçäräniň keç ykbalyna gamlanan Du Dasiniň gözünden birki katra gözýaş damdy diýäýmeseň, ol bahym özüne geldi.
Hytaý dilinden terjime eden Mähriban GELENOWA