|

Dört ýyl

Dört ýyl DÖRT ÝYL

Kakama

Obadan urşa giden mugallym
Esger bolup gaýdyp geldi mekdebe.
Gaýdyp geldi ýene okuwçylarna
Gaýdyp geldi ýene kitap-depderne.

Hany onuñ söwer okuwçylary? —
Hany iküç ýyllap siñdirilen yhlas?
Oturanlar başga okuwçylardy,
Ýerinde bolsa-da şol tanyş klas.

Oglan-gyzlar ýedinjini gutaryp,
Her haýsy bir işe dargap gidipdir.
On üç sany söwer okuwçysyna
Öz dek deñ mugallymlyk edipdir.

Dört ýyl heýhat!
Oýlandy ýaş mugallym:
(Ýaş bolsa-da saçyna ak düşüpdir!)
…Ýa uruş dört ýyldan uzak bolupdyr,
Ýa ýigitler, gyzlar tiz ýetişipdir?!

Atamyrat ATABAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle