Döreýiş / hekaýa
Döreýiş / hekaýa
Hekaýa
…Aglap bilmeýän adam betbagtdyr…
…Gözýaş dökmeýän adamyň ömri-de gysga bolýar…
/Kitaplardan/
* * *
Oglanjygy ýene-de urdular. Ýene-de aglatmakçy
boldular. Ol welin gözýaş dökmäge döwtalap däldi.
Şuňa göz ýetirdikleri saýy beter urdular.
Ýumrukladylar, taýakladylar, depgilediler. Eger-eger…
Nädäýersiň hamsygaýsa. Asyl aglamaga milt etmese
nä. Günde urlup ýörendenem bolsa, ahmal, kim bilýä?!
* * *
Oglanjygyň bir oturgyjy bar. Oturgyjyň üsti örän
ýumşak bolup, ol näçe otursaň-da, otyrýeriňi
agyrtmaýar. Bu hili oturgyç üçünji klaslylaryň içinde
diňe oglanjykda bar. Başga hiç kimde ýok. Dogry,
Senem mugallymanyň oturgyjy hem biraz täzeräk
diýäýmeseň, edil şunuň ýaly. Ýöne ol hasap däl. Ol
mugallymyň oturgyjy. Mugallym ýumşak oturgyçda
oturmaly. Oňa gaty oturgyçda oturmak bolmaýar. Gaty oturgyçlarda, goý, okuwçylar otursyn! Elbetde, edeýin diýseň, hemme okuwçyny-da ýumşak oturgyçly edip bolýar. Ýöne ol nämä gerek?! Mugallym bilen okuwçynyň oturgyjy tapawutly bolsa ýagşy! Aslyýetinde bu ýumşak oturgyç goňşy klasyň
mugallymynyň oturgyjy. Oglanjyk munuň yşgynda köp gezdi. Azyndan bäş gezek dagy düýşüne-de girdi.
Mekdepdäki seýrek zatlaryň hatarynda goýaýmaly bu
ýumşak oturgyç düýşe-beýlekä girmänem bilerdi. Onuň üçin Senem mugallymanyň oturgyjyny alaýmalydy. Ýöne beýtmek göz-görtele boljakdy. Onsoňam töwerek-daşyň ýaranjaňdan doly. Baryp, Senem mugallyma şugullaýsalar dat günüňe. Garaz,
ogurlamak üçin goňşy klasyň mugallymynyň
oturgyjyndan amatlysy ýok. Oglanjyk ahyr bagta
töwekgellik etdi. Emelini tapagetdin, bir gün şol
oturgyjy ogurlap goýberdi. Ogurlap goýberdi-de, bir
zada düşündi: bu oturgyç gideňde äkidip, geleňde
getirip, ýanyňdan goýman göterip ýöreniňe degýär.
Degmesine degýär welin, arman ony göterip ýörüp
bolanok-da.
Ine, hemmesi-de şu oturgyçly wakadan soň
başlandy.
Oglanjyk säher bilen gelşine klasa girdi. Görse,
oturgyjy ýok. Ýerinde köne, gaty oturgyç goýupdyrlar.
Ol dergazap bolup gygyrdy:
— Hany meň oturgyjym?
— Begjik aldy, berjekgä diýýä indi – diýip, oňa jogap
berdiler.
Bu jogap buşluk äheňinde ýaňlandy. Emma
okuwçylaryň oglanjykdan söýünji hantamalygy ýok.
Olar oglanjygyň Begjik bilen garpyşmagyny isleýärler,
tomaşa küýseýärler. Garpyşyk söýünjiniň ornuny
tutýan bolsa bildiňmi?
Begjik oturgyjy çyny bilen alana meňzeýär. Ini
welin müňk-müňkde. Üstünde oýkanjyrap oturşyndan belli. Özem öler ýaly gorkýar. Gorkmaýan oglan heniz özüne ýagşydan-ýamandan habar gatylmanka:
— Berjekgä. Diňe sen oturmalymy ýumşak oturgyçda
– diýmez-ä. Garaz, Begjigiň gep urşundaky gowşaklyk
oglanjygyň dogumyny artdyrdy:
— Getir meň oturgyjymy – diýip, ol süründi.
— Berjekgä…
— Bermeseň bar-a, men bar-a…
— Berjekgä. Menem oturyp göreýin bir gün.
Garpyşdylar. Garpyşyk gutaraýmanka golaýdan bir
ýerden Senem mugallymanyň çakyr sesi eşidildi. Çaky, klasa girmäge jaň bolupdyr.
— Salam oturyň!.. Tä-äk, hany, matematika
kitaplaryňyzy çykaryň. Bir ýüz… Bir ýüz on dördünji
sahy… Gyýw, size näm boldy? Geç tagta… Ikiňem
geç… Näm boldy?
Oglanjyk ýumruklaryny düwdi. Ykjamlandy.
Mugallymanyň gözlerine göni seredibem:
— Meň oturgyjymy alypdyr – diýdi.
Begjik sesini çykarmady, burnuny çekdi. Senem
mugallyma gözlerini çerreldip oglanjyga bakdy:
— Onsoň?
— Onsoň oturgyjymy alypdyr-da, üstünde otyr.
Menem getir bärik diýdim. Biýem berjekgä diýdi.
Menem berersiň diýdim. Biýem bermen diýdi.
Menem…
Mugallyma Begjige tiňkesini dikdi:
— Şeýlemi?
— Ýo-ok, men-ä myň oturgyjynam alamok. Ýöne
oturyp göreýin-le diýdim. Biýem özüniňkini bermedi.
Mollumyňkyny alaý diýdi. Şoňkam ýumşak diýdi.
Senem mugallyma oturgyjyna seretdi. Geň galyp,
seňrigini ýygyrdy.
— Onsoň?
— Onsoň menem aljakgä diýdim. Biýem meni urdy.
Şoň üçin. Aljakgä diýenim üçin. Molluma aýdarnam
diýdim. Aýtsaň aýdyp geç diýýä. Mollumdan gorkýan
ýok diýýä.
Oglanjyk tasdanam gaty sesi bilen: “Aldaýa” diýip
gygyrypdy. Agzyny açan bolsa gygyrardym. Ýöne
agzyny açmaga ýetişmedi. Mugallymynyň gurşun ýaly
agyr elleri ony birhowa saňsar edip goýdy.
— Gorkaňokmy?.. Gorkaňok-da onda?.. Ine,
gorkmasaň!.. Me, gorkmaýan bolsaň!..
Senem mugallymanyň haýbatdan ýasalan sözleri
ebeteýsiz, gödek ýumruklar bilen bilelikde oglanjygyň
ozaldanam gyzyp duran gulaklaryny gazalamaga
başlady. Oglanjyk yhlas bilen olary sanamaga durdy:
bir, iki, üç, dört, bäş, alty.. Hasap bulaşdy. Indi
mugallyma iki eli urýardy.
— Gorkmaýan ekeniň-dä onda sen… Şondan
jikjerýänsiň sen… Ine, jikjerseň… Ine, gorkmasaň…
Wah, bir jikjersene ýene-de…
Senem mugallyma ýalbartjak bolýar, gorkýan
diýdirjek bolýar. Şeý diýdirip, okuwçylaryň öňünde
oglanjygyň adynyň yzyna gorkak lakamyny ýelmejek
bolýar. Häzir gözüňi ýaşdan dolduraga-da, boýnuňy
burup: “Gorkýan, mollum! Bagyşla, mollum!
Bilmändirin! Ýalňyşypdyryn! Indi gaýtalaman
mollum!” diýäýseň, mugallyma urmasyny goýar.
Onsoň: “Hä-ä, ýumruk göreňsoň, baý, toba gelersiň-ä”
diýip heşelle kakar.
Oglanjyk mugallymadan eýmenmänem duranok,
dogrusy. Ýöne ol toba gelmez, gorkýan diýmez,
ýalbarmaz.
Gapy kakyldy. Senem mugallyma çykyp gitdi.
Eglendi. Bir salymdan gelip, sapak geçip başlady.
“Zyýany ýok. Barybir hiç kime bermen oturgyjymy.
Hany, göreli bakaly, jaň bir bolsun” diýip, oglanjyk
burçda, açak üstünde durka karara geldi.
* * *
Arakesme mahaly oturgyjy Begjigiň özi meýletin
getirip berdi. Her näme-de bolsa, oglanjygyň ony
ýenjesi geldi. Ýöne het edibilmedi. Soňuny saýdy. Berk
düwlen kinniwanja barmaklary öz-özünden gowşady.
Gykylyk welin, Begjik bilen bolmasa-da, barybir bolup
geçdi.
— “Ene diliňizi” çykaryň – diýip, gapynyň iç ýüzünde
kellesi görnenden Senem mugallyma wyzyrdap
başlady. – Öýe näm iş tabşyrypdyk geçen sagat? Hany kim aýtjak?… Ýok, sen geçen gezegem aýdyp berdiň. Başga, başga, hany kim?.. Ýok, senem däl. Başga aýtjak ýokmy? Hany?..
Mugallyma klas žurnalynyň üstüne abandy:
— Mm… Häzir, häzir. Başga aýtjak ýok bolsa… Häzir
aýdyp berýä… Häzir… Mm… Aýdyp berýä…
Mugallyma oglanjygyň adyny tutdy. Oglanjyk
gozganjyrady. Kynlyk bilen ýerinden galdy.
— Hawa, näme tabşyrypdyk öýe?
“Pylanynjy sahypadaky pylan teksti okap, gürrüň
edip bermeli” diýip, yzky partada oturan oglan
pyşyrdap gepledi. Oglanjyk onuň kömek edesi gelip
däl-de, ýaranjaňlyk üçin aýdanyny belledi.
— Hawa, diňleýäs, aýdybermeli!
Oglanjyk pyşyrdyny gaty sesi bilen gaýtalady.
— Täk, hawa, dogry, gaty dogry!.. Hany indi okabam
ber şo teksti doska geçip.
Oglanjyk içinden paýyş sögündi. Sahabynyň daş
ýüzüne “Ene dili 3 klas” diýlip ýazylan kitabyny eline
alybam göwünli-göwünsiz öňe çykdy. Mugallyma
kitaba seredip, allaniçigsi boldy.
— Bu-u-uww, dur, dur, hany, göreýin şo kitabyňy…
Baý-bu-uww, meň paýlan kitabymmy şü?
Oglanjyk külbikesini dişläp, baş atdy.
— Beremde täzeje dämidi bi? Köne kitaba-a beremok
men size! Ýa berdimmi?
Şeý diýip, mugallyma ýüzüni okuwçylara öwürdi.
Klas hor bolup jogap berdi: “Ýok!”
Oglanjyk içinden olara-da sögündi.
Senem mugallyma ýeňil gopup, ikinji hataryň birinji
partasynda ýeke oturan gyzjagazyň öňündäki kitaby
eline aldy.
— Gel, bärik!.. Seret şuňa! Ikisem bir günde çykan
kitap. Seret, seňki nähili, myňky nähili?.. Nämetdiň bi
kitaby? Zawutýaga çümdürip çykardyňmy?..
Yzdan oglan hikirdisi eşdildi. Ýognaslygyndan çen
tutup, oglanjyk bu hikirdiniň Töräniňkidigini ýere
garap durşuna aňlady.
Ol mugallyma hakykaty aýtmady. Onuň-da iki sany
düýpli sebbäi bardy. Birinjiden-ä, bütin klasyň böwregi
bökjekdi. Hemmeler içi byjyklanan ýaly, hezil edip
güljekdi. Ikinjiden bolsa, hakykat mugallymanyň
çakyndan has ýowuzdy: oglanjygyň birinji klasa
gatnaýan jigisi Paşşy bu kitaby haýsydyr bir maksat
bilen solýarkalay bedrä sokup çykarypdyr. Henizem
ejesi göräýipdir. Görmedik bolanlygynda, soňunyň
başgaçarak gutarmagy-da mümkin ekeni. Birinji klas
okuwçysy dagyn kitabyň gadyryny biläýjek ýaly
welin…
Mugallyma oglanjygyň kitabyny burnunyň golaýyna
tutup, ysyrgandy:
— Aä, ýok, zawutýag-a däl! Solýarkaň ysy gelýän
ýaly-la myndan, ä?!
Bu gezek hemmeler gülüşdiler. Olaryň gülküsi
oglanjygyň boýnunyň ýüzündäki damarlaryny taýak
ýaly etdi. Emma ol dymdy. Ýogsa, mugallyma:
— Bol, geple, diliňi ýuwutmadyk bolsaň – diýip näler
gyssadam. Ol welin bela başyndan sowulýança lal
açypdy. Teý-ahyr bolmansoň, nobat ýumruga ýetdi.
Senem mugallyma dişlerini şakyrdadyp: “Senden soň
jigiň okamaly bu kitaby” diýip, bir urdy. “Ondan soň
jigiň jigisi okamaly bu kitaby” diýip, iki urdy. Köp
urdy. Gepledip bilmedi.
Oglanjyk teksti okamaly-ha bolmady. Tumşugyny
diň-göge tutup, ol şuňa begendi.
* * *
Oglanjyga-da urmak gezegi ýetdi. Jaň bolup, Senem
mugallyma klasdan çykdy welin, ol Töräniň
ýakasyndan ebşitläp tutdy.
— Ýaňy nämä güldüň?
— Kim güldi?
— Sen güldüň.
— Nämä güldüm?
— Maňa güldüň.
— Ýo-ok, men-ä…
— Bilmedik bolan bolm-eý.
— Men-ä gülemogam.
Oglanjyk Begjigi şaýat tutundy:
— Güldümi, gülenok ýaňy, bol aýt!
— Güldi, özem bilgeşlinden güldi.
— O nä allaýaň-eý?!
— Güldüň-ä ýaňy. Birinji bilen gülen sen-dä.
— Allama-ow.
— Güljegňe gülüp, o nä indi heleýleýäň-eý?!
Oglanjyk Töräniň üstüne süründi:
— Aýdyp dur-a, ine, güldüň diýýär-ä.
— Men-ä saňa-da gülmedim o gezek.
— Onda kime güldüň?
— Nemä güldüm…
— Nämä güldüň?
— Şalaryň päpkesi ýyrtylypdyr. Men-ä şoňa güldüm.
— Şeýlem-eý, Şalar?
Şalar portfelini şaýat hökmünde eline aldy-da,
Töräniň aýdanlaryny tassyklady:
— Hawa, ine, Äşe bilen urşamda ýyrtyldy.
Barybir oglanjyk Töräniň ýakasyndan elini
aýyrmady.
— Ýok, sen maňa güldüň. Mollum zawutýaga
çümdüripsiň diýende güldüň – diýdi.
— Ýok-how!
— Nämüçin şondan öň gülmediň?
— Nämä?
— Nämüçin jaň bolanda gülmediň Şalaryň päpkesine?
— Aýyr-ow, eliňi. Abda aýdaryn…
Oglanjyk yza teserli däldi. Onsoň Töre iň soňky
emelini ulanmaly boldy. Aglady. Aglap gutularyn
öýtdi. Emma oglanjygyňam ony aman galdyrasynyň
gelmeýändigi çyn bolup çykdy.
— Aglap syparyn öýtm-eý!
Bir minuda ýeter-ýetmez wagtda Töräniň ýüzi
köýneginden beter, köýnegi ýüzünden beter pars-ala
boldy…
Diňe şundan soň oglanjyk portfelini goltugyna aldyda:
— Meň oturgyjymda biriňiz oturaýsaňyz bar-a, edil
bar-a… – dýip, klasdakylara haýbat atdy. Howlukdy.
Klasa girmäge jaň bolaýmanka çykyp gitdi. Jaň bolsa,
hä diýdirmän, Senem mugallyma geljekdi.
Oglanjyk klasdan wagtynda çykyp gaýdanlygyna
monça boldy. Oturgyjynyň ýeke galanyna bolsa
gyýyldy.
* * *
Onuň bir pökgüsi-de bar. Pökgi alagaýyş bolup, ol
depip oýnamak üçin diýseň amatly. Kemmän agsagyň
ortanjy ogly Nökeriň obanyň çetindäki ýurt ýerinde
oýnamak üçin ýörite ýasalan ýaly. Aslyýetinde-hä
pökgi oýnamak üçin mekdebiň stadionyndan gowy ýer ýok. Ol ýer ýykylaýanyňda-da bijaý ýeriňi agyrtmaýar. Şonda-da oglanjyga pökgi oýnamak üçin Nökeriň ýurt ýerinden arzyly ýer ýok. Çünki ol ýere uly oglanlar barmaýarlar. Olar pökgüni diňe stadionda oýnaýarlar. Onsoňam bu ýurt ýer uruşmak üçin oňat. Näçe uruşsaň, urşubermeli. Hiç kim päsgel bermeýär. Bu ýeňil pökgüni edinmek oglanjyga biçak gymmat düşdi. Bäş bahasyny töläp almaga taýyndygyny aýdyp, ol pökgüniň ozalky eýesi Amaşy zordan yrdy. Pul tapmak meselesinde hem nijembir külpetleri başyndan geçirmeli boldy. Ilki ejesiniň gapjygyna, soňam kakasynyň jübisüne girip çykdy. Kakasy-ha muny bilibem durmady. Ejesiniň welin, bu samsyk söwda üçin mazaly şarpyklaryndan datmaly boldy. Şonuň üçinem oglanjyk pökgüsini uçursyz eý görýär. “Iň gowy görýän zadyň näme?” diýip, birdenkä
beriläýmegi ähtimal sowalyň jogabyny ol baryp-ha şu
pökgüni satyn alan güni taýynlap goýupdy: “Birinj-ä
pökgim, ikinjem oturgyjym”.
…Oglanjyk mekdepden gelşine pökgüsine ýapyşdy.
Ýapyşdy welin, birinji klasa gatnap ýören halyna
henizem “r” sesini “yý” diýip aýdýan jigisi Paşşy hem
edil häzir görýän ýaly, pökgä hyrydar çykdy.
— Goý-ow, meň pökgümi!
— Sürsen-aý bar, seň nä pökgiň bamy?!
— Kitaplaňňy ýyýtaýyn…
— Elläp bir gör!
— Getiý-ow, meň pökgümi… Eje-e… Pökgim…
Goltugy pökgüli oglanjyk Paşşynyň gözüniň öňünde
bir pursat saklandy-da, sumat boldy.
* * *
Nökeriň ýurt ýerine oglanjyklary çagyryp getirmeli
däl. Özleri gelýäler. Häzir welin bu ýerde hiç kim ýok.
Deň-duşlarynyň mekdepdedigine oglanjyk müňkürlik
etmedi. Umuman mekdep oňuşmazça ýer däl. Olam
edil Nökeriň ýurt ýeri ýaly, köpüň üýşýän ýeri.
Göwnüňe ýaramadyga yrsarap bolýar. Urup bolýar.
Ýöne ol ýerde oturylýarmy, göçürilýärmi, garaz, pökgä
oýnalmaýar. Mekdepde mugallym diýibem bir
okuwçylara gelen ganym bar. Şolar bolmasa dagyn
mekdep Nökeriň ýurt ýerinden müň esse gowy boljak.
Çünki bu ýerde-de oglanjyklaryň ýagysy ýok däl.
Kemman agsak diýip sakgally-sarmykly bir bela bar
welin, urşup duranlara zat diýenok ol, pökgi oýnap
ýöreniňi görse, edil ýöne atasy öläýýär. Jyrraldyp
kowalap başlanda eline düşen özüň bolma. Gaty myrtar urýar. Mekdep mugallymsyz bolýan bolsady, oglanjyk, ähtimal o ýerden gaýtmazdy.
Oglanjygyň ýüregi gysdy. Ýöne ýurt ýeri-de taşlap
gidesi gelmedi. Pökgüsini gapdalda goýdy-da,
oturýerini meýdançanyň gyra çetinde ýatan beton daşa berdi. Bu daş pökgi oýnalýan wagty derwezäniň bir sütüniniň ornuny tutýardy. Elbetde, daşyň üstünde oturandan pökgüniň üsti ýakymlydy. Oglanjyk muny bilýärdi. Emma ätiýajy bardy. Ýeli içine sygman, pökgi ýarylaýsa, nätjek?! Üstünde arkaýyn gaýşaryp oturyberer ýaly, ol ýumşak oturgyç däl-ä! Oglanjygyň ýeňsesinde hasyrdy gopdy. Ara salym düşmänkä-de onuň gulak düýbüne bir şarpyk degdi. Ol ýöne-möne şarpyk däldi. Güýçlidi, çeýedi. Şundan misil tutup, oglanjyk: “Kemman agsakdyr” diýip çak urdy.
— Näçe aýtdym men size, peläket! – diýen ses
çaklamany aňryýany bilen tassyklady.
“ Şol. Edil özi.”
Oglanjyk ýeňsesine gaňrylyp seretmäge-de
ýetişmedi. Atagzy ýaly barmaklar onuň gulagyny
zabun towlady. Tasdan-da goparypdy. Oglanjyk bir
ebeteýini tapyp sypmadyk bolsa, ahmal, goparardym.
— Hany, şo pökgi? – diýip, Kemman agsak alagaýyş
pökgä topuldy. Ony garpyz göteren ýaly edip eline
aldy. Hol aňyrda duran namut oglanjyga gara çyny
bilen hemle urdy:
— Ýene gelginiň şu ýere, bomy?! Häý, peläketiň biri
peläket!
— Pökgi oýnamog-a, Kemman kaka! Men-ä ýöne
otyrdym.
— Wah, gel, otursana ýene, gelsene bir!
— Pökgimi bersene, Kemman kaka!
— Pökgi gerekmi saňa?! Gel bereýin pökgiňi! Bir
golaýragyma gelsene!..
— Indi gelmäýin-ow, Kemman kaka, şu taýyk…
Pökgümi bersene, Kemman kaka!
— Ugr-aýt, ataňanälet doňuz diýsänim.
— Beräý-ow…
— Häk, seniňem bir…
Oglanjyk iň soňky okuny atdy:
— Pökgümi ber diýýän-ow saňa, Kemman agsak! Eeý,
Kemman agsak!
Ol kowga garaşyp durmady.
* * *
Şu ikarada Paşşy edibilenini edipdir: Oglanjygyň
portfelini suwly ýaba zyňypdyr, mekdebe gidende
geýýän ýeke-täk jalbaryny bir ýerlere ýitirim edipdir,
ýaňy burny açylyp ugran köne botinkasynyň bir taýyny
işikdäki o-bi salynýan hütdük bassyrmanyň üstüne,
beýleki taýyny bolsa hajathananyň çukuryna oklapdyr.
Ýöne oglanjyk muňa kän bir gyýylybam durmady.
Gowulyga ýordy. “Mekdebe gitmesiz borun gaýtam”
diýdi. Şeý diýip, özüne göwünlik berdi. Göwünligem
bermedi-de, öz-özüne hakykaty aýtdy.
Paşşy bu edenleri bilenem oňmandyr. Uly ili bilen
zörledip aglapdyr. Aglapdyram-da, utanman, baryp,
kakasyna arz edipdir.
Öýde oňa gaýyş teletinden ýasalan, demir tokasynda
bäş burçly ýyldyzyň şekili bolan esger kemeri garaşyp
duran ekeni…
Ýagyrnysy awy-zerzaw bolýança oglanjyk gaşynam
çytmady. Kemer işini bitirensoňam müzzermedi. Gap
dula geçdi-de, ýüzüni dik ýokary tutup, gözleri bilen
petigi dörjeleşdirip başlady.
* * *
Şeýdip biraz ýatansoň goňşulary Hojak milise geldi.
Gelşine-de oglanjyga habar gatdy:
— Ýer-ow, pälwan, näm boldy? Saňa gelişjek zat dälle
beýdip ýatmak?
Sowala kakasy jogap berdi:
— Gelişmänmi?! Hany, göreli, indiden beýläk. Entek
gözi näme görýä… Näm edipdir diýsene!
— Näm edipdir?
— Jigisiniň oýnap oturan pökgüsini elinden alyp,
uzakly gün nemedip goýupdyr, gygyrdyp. Çagaň
gözleri çym-gyzyl bolupdyr, aglap.
— Päheý-de welinem, oňňaly iş edýän bolsa dagyn
hasam gatyrak urmaly ekeniň. Şuňňaly jigisini
agladýan oglanlary biziň nädýänmizi bilýäňmi?
Nemedýäs, garaňky jaýa salagetdin, aç-suwsuz
saklaýas. Günde üç-dört gezegem oklaw ýaly irzin
bilen, biz oňa dubinka diýýäs, ana şoň bilen it ýenjen
ýaly ýençýäs.
— Be-eý, walla, günde üç-dört gezekmi?
— Hawa, üç-dört gezek. Ýöne ol biziň öz elimizdäki
zat. Islesek, bir günde on gezegem urubilýäs…
— Nätdiň-aý?
— Pah, milise bilen oýun edýäňmi sen?!
Olaryň gürrüňleri oglanjygyň ýüregine düşdi. Ol
daşaryk ýöneldi. Gapydan çykyp barýarka-da
kakasynyň:
— Ýene gaýtalasyn şu günki oýnuny. Onsoň görer
meň çynym bilen ýenjişimi – diýenini eşitdi. Hojak
milisäniň: “Çagadyr, how, entek. Gaty daraşyberme
beýle. Birden maýyp edäýme gül ýaly çagany” diýenini welin eşitmedi. Kakasynyň bolsa oňa jogap hökmünde: «Be-eý, walla, Hojak, dogurdanam-aý, meň şu oglum ýaman birhil-aý. Ýaňy, ine, şu kemer bilen näçe
saýgylaýanam welin, dur-da gözüni mölerdip.
Kemteresinden dişinem gysanok-da, aglamag-a beýlede dursun… Ana, ol Paşşymmyz gaty izzik. Sähel ýüzüňi ajytsaňam zörledip aglap dur. Munymyz welin… Men-ä haýran şuňa, kime çekip, beýle bolup ýör bi. Ejeler-ä özüň bilýäň, ýumruga gezek gelende gaty namart. Dogrusy, şu kemer-ä özümem çydaryn öýdemok. Nädip çydajak? Sered-ä myňa!” diýen ýaly howsala gatyşykly sözleri hem oglanjygyň gulagyna ýetmän galdy. Ol köçä çykypdy. Ýüzi Gündogara tarapdy.
* * *
Ýaňy günorta boldy. Entek giç agşama çenli
isledigiňçe ýenjilip ýetişmäge salym bar.
Oglanjyk tomaşa küýsedi. Ol eýýam köne jara tarap
barýar. Ol ýerde uly oglanlar suwa girip, top bilen
balyk tutýarlar. Oglanjygyň balyk iýesi gelse-de, balyk
tutmak höwesi ýok. Höwesi bolanda-da, ol başarjak
däl. Şonda-da köne jara barýar. Balyk tutýanlary we
tutulýan balyklary görmäge barýar. Diňe onuň üçin
hem däl, ol Begjigiň kakasy Gelenden, Töräniň agasy
Abdydan, Kemman agsagyň ortanjy ogly Nökerden
şarpyk hakyny almaga barýar. Ol aýakýalaňaç
gezýänligi sebäpli, haýsydyr bir bihepbäniň döwen
çüýşesiniň gyýçagyna aýagyny kesdirmäne barýar. Ol
ertiriň, birigüniň hem ondan-da aňyrda ýatan
surnukduryjy günleriň ejir-ezýetlerine özüni
taýynlamaga barýar. Aglamaga, gözýaş dökmäge
baranok.
* * *
Gijäniň bir wagtlary Aý ilerik agansoň Hojak
milisäniň işiginde duran ýeňil maşynyň tigirleri
haşşyldap, ýelini goýberdi. Ýaryldy! Ýaryldymy,
ýardylarmy, belli däl. Onuň kän bir hajaty hem ýok. Bu ýerde başga zat bar. Hojak milisäniň maşyny beýleki maşynlardan sähel tapawutly. 0-da maşynyň reňkigaramtyl mele bolup, böwründen sary zolak geçýär. Şol zolagyň içinde bolsa bir ýazgy bar. Ýazgy onçakly uly däl. Alty-ýedi harpdan ybarat. Oglanjyk ol ýazgyny hiç mahalam soňuna çenli okamandy. Okajakdy. Ýöne okap bilenokdy. Onuň heniz bilmeýän harplary-da kändi.
Ol barypýatan ikilikçidi.
Dekabr, 1992. Aşgabat. Hekaýalar
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.