“Döredijilik adamy” tagamynyň :-) resepti
“Döredijilik adamy” tagamynyň 🙂 resepti

(Şol birwagtda antiki, nusgawy hem-de molekulýar aşhana degişli bolan bu resept, Gadymy Rim Imperatory Geptowian Dekabryň baş aşpezi Tapbatçymus Satirikoniý Marysellin Ýepbekçion tarapyndan oýlanyp tapylan)
1. Bir çümmük zehin;
2. Kyrk gadak zähmet;
3. Kyrk gadak tutanýerlilik, onuňam: «barypýatan keçjallyk» diýilýän, tapylgysyz, defisit sortundan;
4. Üç gadak çüwegenlik, onuňam «Ylahy serpaý» kärhanasynda öndürilen «maňlaýlylyk» görnüşinden;
5. Üç gadak hyjuw;
6. Üç ýarty gadagam ruhubelentlik, onuňam näçe ursaňam barybir dikelýän, ýaman zandyýaman hilisinden;
7. Başga-da haýsam bolsa bir möçberlerde nähilidir bir zatlar…
Bolany.
Hemmesini birden ýüzlük gazana atýaň.
Agyr toýlarda palaw bişirilýän kepgir bilen garyşdyrýaň.
Soň pessejik otda, içini ýaka-ýaka, gaýnadýaň.
Haýaljak, ysgynsyz alawda, öz-özünden içjagazy-bagyrjygy tütäpler, jyzyr-jyzyr, bygyr-bygyr gaýnap bişýärem welin, ýarym kaşyk dadyp görýäň-de, ýene «şory» ýetmedik bolsa, çärýek çümmük zehin sepeläp, garyşdyrýaň.
«Bula-bula ber gula» – goýýaň, jalkyldadyp, eliň tersi bilen, isleýäniň (aňyrsy alýan mädesi iri, nähili ýuwundy goýsaňam symyşlap ýatan, hörek dannamaz horanyň) öňünde!
«Myhmanyň öňünde aş goý, iki elinem boş goý» diýleni (Hatda, çemçe-de berme! Belaň sapyny iýsin! Goý, öňünde goýlan çorbany içip bilmän, gultuna-gultuna, öz sülekeýine düwnüp, gelşi ýaly öýüne aç gaýtsyn, ýerler çeken! Kim, oňa çagyrylmadyk halyňa, ýüzüň pisini aşyrdyp gel, diýdi, şu ýana?!).
Alyň onda, noş bolsun!
Pst-äniň öwezine bolsa, täpbe-täzeje aforizm:
“Dünýäde näçe aşpez bolsa, şonça-da kelesaňlyk bar” :-(.
© Tapbatçy ÝEPBEKÇIÝEW. Degişmeler