Dördünji şem
Dördünji şem

Otaglaryñ birinde dört sany şem sessizje ýanyp dur…
Birinji şem:
— Men — parahatçylyk! — diýdi. — Ýöne hiç kim meniñ dowamly ýanyp durup, töweregime ýagty saçmagyma ýardam edenok… Kem-kemden sönüp barýan…
Aýdyşy ýalam boldy. Söndi…
* * *
Ikinji şem:
— Men akyl-paýhas we ylym-bilim — diýdi. — Adamlar garañkylygy saýlap alýarlar. Hiç kimiñ maña zerurlygy galmady… Ýanyp oturmagymyñam manysy ýok…
Şeýdip, olam söndi gitdi…
* * *
Üçünji şem:
— Men söýgi — diýdi. — Emma indi töweregime berjek güýjüm galmady. Adamlara söýgi gerek däl. Söýgüsizlik olara has gowy ýaly…
Şemjagazyñ boýny buruldy, öçügsileşdi we ahyrynda sessizje söndi…
* * *
Şol wagt bir çagajyk üç şemiñ öçenini görüp aglady… Dördünji şem köşeşdiriji sesi bilen çagajygy diñdirjek boldy:
— Aglama, köşek, aglama… Gorkma, men ýanyp dursam, odum bilen beýlekileri täzeden ýakyp bolar we olaram ýagtylyk saçmaga dowam ederler… Maña UMYT diýýäler…
* * *
(Ýatdan çykmanka aýdaýyn, bu hekaýajygy çykanym Kemal Rastgeldi ugradypdy…)
Şu günlerde iñ köp mätäçlik duýýan duýgymyz — umyt…
Diñe şol sönende dünýämiz garalar… Garañkylyga boýun egmekden başga edibiljek zadymyz bolmaz…
Hemme zat soñlanyp barýar, çagajyk bolsa durman aglaýar…
Garaşylýan zat ýok… Ne aýdyñlyga, ne ýagtyylyga…
* * *
Ýöne bize aýdyñlyk lazym…
Dördünji şem sönmesin…
Bekir JOŞKUN.
«SÖZCÜ» gazeti, 30.03.2018 ý. Oýlanmalar