Dörändir Türkmen
Dörändir Türkmen
Zemini gül-bossan eýlemek üçin,
Onuň ýazlaryndan dörändir Türkmen.
Zemine ak bagty paýlamak üçin,
Bagtyň gujagynda örýändir Türkmen.
Säheri aýdyňdyr, asmany nurly,
Topragy baýlykdyr nebitli,gazly,
Akly bihuş edýän aýdymly, sazly,
Mukamly ýollardan barýandyr Türkmen.
Doganlyk ýollary, dostluk ýollary,
Agzybirlik gurşar sagy-sollary,
Birleşdirip üzňe düşen gollary,
Altyndan alkyşlar alýandyr Türkmen.
Göwünlere ornaşdyryp ak niýet,
Zemini gül-bossan eýleýär, seret,
Bedew badyň bilen öňe dowam et,
Ynamly geljege dowamdyr Türkmen.
Isa HOJAMERDANOW. Goşgular