Doñuzlar
Doñuzlar

Her gün agşam üýşüp gelýär añyrdan,
Noburyñ boýuny syryp doñuzlar.
Heder etmän alabaýdan, goñurdan,
Zaýalar gawuny ýaryp doñuzlar.
Ilkiagşamdan horkuldysy eşdilýär,
Adamlaryñ tarkyldysy eşdilýär,
Jojuklaryñ hyrkyldysy eşdilýär,
Torç edip gidýärler irip doñuzlar.
Jojuklaryn tirkäp, mekejin gelýär,
Käte diñirgenip, bir gulak salýar,
Biýarasy bilen goparyp ýolýar,
Gawun-garpyzlary dörüp doñuzlar.
Ynsaby ýok, çozýar garrysy, ýaşy,
Gylyçdan, almazdan ýitidir dişi,
Garaguma garyp, künjini, mäşi,
Arkaýyn, çekinmän girip doñuzlar.
Mämmetguly (1868-1931). Goşgular