Doñuz
Doñuz
Bir mahalda bir doñuz, baý saraýna barypdyr;
Aşhanadan at ýatagna — baryn gezip görüpdir.
Soñ agynap ders, küle,
Kire çümen durşy bile.
Doñuz doñuzlygna öýne barypdyr,
Çopan oña şeýle sorag beripdir:
«Baýyñ öýi altyn, kümüş-zer diýip,
Tamy bir-birinden oñat bor diýip,
Mysal bardyr ilde-günde
Näme gördüñ, aýt onda?»
Hor-hor edip doñuz oña şeý diýen.
~ «Kim aýtsa bary ýalan, eý, diýen.
Aýlandym ýördüm,
Bar ýerni dördüm,
Ders-kirden başga hiç zat görmedim,
Oñat ýerniñ men üstünden barmadym».
* * *
Hudaý görkezmesin şeýle bir zady:
Doñuz bilen deñemäge her zady.
Tankytçy hem diýip bolmaýar oña?
Görýäni erbet oñ ~ topulýar şoña.
Iwan KRYLOW. Goşgular