|

Doñan ýylany ölüdir öýdüp, Bagdada elten margir hakynda hekaýat

Doñan ýylany ölüdir öýdüp, Bagdada elten margir hakynda hekaýat DOÑAN ÝYLANY ÖLÜDIR ÖÝDÜP, BAGDADA ELTEN MARGIR HAKYNDA HEKAÝAT

Doñan ýylany ölüdir öýdüp, Bagdada elten margir hakynda hekaýat

Men bu hekaýaty ençe ýyl ozal
Eşidipdim. Diñläp, senem many al.

Margir, ýagny ýylan tutýan bir kişi,
Şonuñ bilen eklenç edýän bir kişi

Endigne eýerip, ýylan tutmaga
Ugrady alysda görünýän daga.

Şeýle bir nakyl bar: «Agtaran-tapar»,
Her kim öz geregniñ ugruna çykar.

Diýipdirler ýene: «Yhlasa-myrat»,
Ahyr ele düşer gözlenilýän zat.

Margirem hazyna agtaran ýaly,
Aýlanyp ýör, ýylan tutmak hyýaly.

Gaýalardan süýşüp gaýdan galyñ gar
Jülgeleriñ eteginde agarýar.

Şol gar bilen gaýdan äpet ýylany
Tapdy ol. Seretse, ýok ýaly jany.

Begendi ol kişi: «Awum-a oñdy!»
Ýylany tegeläp, ýüp bilen dañdy.

Adam diýlen mahluk özün tanaman,
Pyglynyñ gurbany bolýar kä zaman.

Ýa gymmat bahaly atlazdan geými
Jidä çalşar, duýmaz hiç hili müýni.

Özümiz ýylandan gorkunç bolsak-da,
Haýran galyp, gürrüñ edýäs ol hakda.

Ili geñ galdyrmak margire kada,
Ol ýylany alyp, gitdi Bagdada.

Ýylan uly, esli agramy bardy,
Margir ony zordan süýräp barýardy.

Çümýärdi ol süýji arzuw-hyýala.
«Adamlar añk bolup bakar ýylana.

Bu eden ummasyz azabma derek
Maña-da esli pul düşäýse gerek…»

Ine, ol ahyry şähere ýetdi,
Gören agzyn açyp, ýakasyn tutdy.

«Heniz beýle äpet ýylan görmändik,
Margiriñem zordugyna geñ galdyk.

Gorkman, süýräp ýörşi geñ-aý oñ, walla».
Diýip, gürrüñ etdi giden mähelle.

Kim şeýle syn etdi, kimse pul berdi,
Garaz, il görmedik zadyny gördi.

Gaty kändi üýşen adamlañ sany,
Margir açyk ýerde goýup ýylany,

Üstüne-de tapan-tupanny atdy,
Ýylan gymyldaman kän wagt ýatdy.

Nurly Günem galyp barha ýokary,
Howry bilen çoýup başlady ýeri.

Örtükleñ ýylsyna, Günüñ çoguna,
Ýylanam janlanyp başlady, ana.

Garda, buzda doñan göwrä girip jan,
Kem-kemden oýandy sus ýatan ýylan.

gymyldap ugrady guýrukdyr kelle,
Oñ bolşuna gözi düşen mähelle

«Assa gaçan-namart» diýlişi ýaly,
Edil suwuñ dagdan inişi ýaly,

Duran-duran ýerden ýazzyny berdi,
Giden meýdan ýöne ala güpürdi.

Zähresi ýarylan adamlar kileñ
Çakyşyp, itişip bir-biri bilen,

Margiriñ hut ýedi puştuna gargap,
Jyn dagan dek bolup, gitdiler dargap.

Ýylanyñ eýesem gözün tegeläp,
Tas basgyda galyp, bolupdy heläk.

«Öz başyma satyn alyp belany,
Ölüdir öýdüp bu äpet ýylany.

Guzynyñ möjegi oýarşy deýin,
Derde galdym. Indi näme edeýin?»

Diýip, ýaýdanjyrap duran margiri
Ýylan şo durşuna ýuwutdy diri.

Gerinjiräp, eýläk-beýläk towlandy,
Ol biçäräñ süñkleri-de owrandy…

Betbagtlyk buzunda şol ýylan deýin,
Kalbyñ uklap ýatan wagty arkaýyn.

Bir söý bilen oýarsañ aç nebsiñi,
Margiriñ gününe salar ol seni.

Açgözlük ýylany janlansa eger,
Ömrüñe, abraýña ýetirer zeper.

Şer işlere şert döredip, jan berseñ,
Soñ ömrüñ durkuna ahmyr eder sen.

Jelaleddin RUMY. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle