Dokuzy düzüwlik
Dokuzy düzüwlik
Bolsa ýagty, ýyly, yzgar,
Iýmit hem tenekar howa.
Biýarañ murty talawlap,
Asman sary bolar rowan.
Göbegi pugta düwülse,
Kalby bolmasa binowa.
Ynsaby täretli bolsa,
Äre kär etmez bet doga.
Gözden görünýän gül göwne
Tagzym eder çal saç zemin.
Başy belent, mert gelinler
Mukaddesdir Gurhan kimin.
«Aýnaman bilse dok güni»,
Kethudasy adyl bolsa,
Göwnüm, kör bol, irde-giçde
Şol illerden nadyl bolsañ.
* * *
Dünýä geldim bir sähetli günde men,
Dowamlary bolmak üçin pederiñ.
Çarkandakly ýollaryndan bu ömrüñ,
Billerim guşalgy, ýokdur hederim.
Şu günüñ Karuny, goý, diýsin maña:
«Öz nepini bilmez, aklyn gidiren».
Menden welin munda bir düýp gül galar,
Bir düýp itgyzganam sogrup giderin.
Muhammedöwez ARRYKOW. Goşgular