Dogry jogap (Hekaýa)
Arnaba SAHA,
amerikan ýazyjysy
Olar meni däliziň ugrundaky oturgyçlaryň birinde oturtdylar. Men basym aňry çetdäki otaga girmelidim. Biraz gorkýardym. Kakam özümi arkaýyn, asuda alyp barmagymy aýtsa, ejem hiç zat hakynda biynjalyk bolmazlygy sargaýardy. Ýekeje soraga «dogry jogap» bersem ähli zadyň gülala-güllük boljakdygyny aýdýardylar. Şol pursat meni olaryň berjek üýtgeşik sowaly gyzyklandyrdy. Ýöne şol sowalyň «dogry jogaby» barada hiç hili düşünjäm ýokdy.
Aradan ep-esli wagt geçdi. Bir zenan maşgala ýanyma geldi-de, özüniň yzyna düşmegimi haýyş etdi. Men aýdylany bilen boldum. Maňa zenanyň gözlerindäki ünjini duýmak kyn däldi. Bu duýgudaşlykmy ýa-da gussa? Muny bilmek kyndy. Gapa golaýladygymça ol ýerdäki sesler aýdyňlaşýardy. Ýaňlanýan sesleriň biri ejemiňki bolsa, beýlekisi kakamyňkydy. Başga-da her dürli ses gulagyma ilýärdi. Zenan maşgala gapyny açan badyna dymyşlyk aralaşdy. Ol meniň otaga girmegimi üm bilen yşarat edensoň, onuň yzyna düşdüm hemem ol ýerde oturan hossarlarymy görüp, özüme gelen ýaly boldum. Olar maňa seredişip, birgeňsi dymyp otyrdylar, hersiniň yzynda-da bir epeý kişi durdy. Üçünji bir nätanyş adam bolsa oturgyjyň beýleki tarapynda otyrdy.
Ine, şol adam hem öz gapdalyndaky oturgyçdan maňa ýer hödürledi. Ýerleşenimden soň, ol asudalyk bilen gürrüňe başlady.
— Salam, oglum! Bärik näme üçin geleniňi bilýänsiň-le?
Men başymy atdym. Ol gürrüňini dowam etdi.
— Beýle bolsa, aýt, seň kim bilen bolasyň gelýär? Ejeň bilenmi ýa-da kakaň?
Bu sözleri eşidip, üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Agzym mumlanan ýaly bolup duraýsam nätjek. Ol ýene soragyny gaýtalady. Men agzyma suw alan ýaly bolup durdym. Birdenem ol:
— Oglum, näme üçin dymýaň? Seňem öz pikiriň bardyr ahyry. Hany, aýt, sen kimi has gowy görýäň? Galan ömrüňi kim bilen geçirmekçi — ejeň bilenmi ýa-da kakaň? — diýdi.
Men edil doňňaradaş ýaly geplemän otyrdym. Asyl serime hiç zat gelmedi. Ol halys ýadan borly, ahyry:
— Bol, bir zat aýt. Näme pikir edýän bolsaň gürle. Senden ahyrky gezek soraýan? — diýdi.
Men birhili oýanan ýaly boldum. Aljyraňňylyga düşüp, tolguna-tolguna:
— Men-ä näme diýip, näme aýtjagymam bilemok — diýip, pikirlerimi jemläp bilmän ýuwdundym. Bu emeli çagalar bagynyň ýolbaşçysynyň öňünde, has dogrusy, aýtmaly goşgym ýadyma düşmedik mahaly ulanardym. Ynha, bu gezegem şeýle etdim. Uludan demimi alyp, aýtjak sözlerimi kellämde jemledim. Ýöne meni soragyň «dogry jogaby» iňkise goýýardy. Men:
— Jenap, ejem bilen kakam meni soňky doglan günümde haýwanat bagyna äkitdi. Ol ýerde jandarlar diýseň kän eken. Piller, žiraflar, gaplaňlar, umuman, her dürli haýwanlar bardy — diýdim.
Bu geçen alty aýyň dowamyndaky hakydama gelen ilkinji ýatlamalardy. Olar özümi asuda, parahat duýmagyma ýardam berýärdi.
— Haýwanat bagynda kakam meni arkasyna mündürip haýwanlary görkezdi, ejem bolsa elimden tutup aýlady.
Bu gürrüňlerim gara eşikli adamy irizen bolsa gerek, ol biraz gatyrgandy-da:
— Oglum, men seniň doglan günüň barada bilmek islämok. Sen soragyma dogry jogap ber — diýdi.
Geçen günlerimiň ýatlamalary ynamymyň artmagyna getiren bolsa gerek, men:
— Jenap, haýyş edýän, aýtmaga ygtyýar beriň, bu örän möhüm — diýdim.
Ol biraz ýumşan ýaly boldy, soňra mylakatlylyk bilen:
— Dowam ediber — diýdi.
Şondan soň täzeden güýje giren ýaly hyjuw bilen gürläp ugradym.
— Biz tutuş günümizi bile geçirdik. Ejem bize öýde taýýarlan datly naharlaryndan berdi. Kakam bolsa nahar iýip bolanymyzdan soň doňdurma alyp berjegini aýtdy. Jenap, men buzgaýmagy örän gowy görýän.
— Bizem gowy görýäs — diýende, ol öňküsindenem beter mylaýymlaşan ýaly göründi.
— Ýöne men her gezek miweli buzgaýmak bilen şokoladly buzgaýmagyň haýsyny saýlajagymy bilmän oda-köze düşýän. Şonuň üçinem ejemdir kakamdan haýsyny almalydygyny soraýan. Onsoň olar maňa olaryň haýsam bolsa birini alyp berýärler.
Gürrüňimi diňläp, ahyry sabyr käsesi dolan ol adam:
— Öýüňizde wagtyňyzy nähili geçirýäňiz? — diýdi.
Men ýene ýuwdundym-da, şeýle diýdim:
— Jenap, men her bir oýnawajymy, iýjek naharymy, köýnegimi, iň bärkisi dostumy saýlanymda-da, ejemdir kakamyň maslahaty bilen edýän. — Sesim endiräp duransoň, biraz sägindim-de, ýene dowam etdim. — Ýöne bu gün olaryň ikisem… kimi saýlamalydygym barada ne-hä maslahat berýäler, ne-de kömek.