Dogruçyl oglanjyk (Ko­reý halk er­te­ki­si)

Dogruçyl oglanjyk (Ko­reý halk er­te­ki­si)

Gadym zamanda bir ýurtda örän paýhasly we bagtyýar patyşa ýaşapdyr. Emma ol dünýeden perzentsiz ötüp barýandygyna gynanar eken. Bir gezek ol: «Men ýurdumdaky iň dogruçyl oglanjygy özüme ogullyk edineýin» diýen netijä gelýär. Ol ähli çaga gül tohumlaryny paýlamagy buýurýar-da, jar çekdirýär:

— Eger kimde-kim şu gül tohumlaryndan owadan gülleri ösdürip ýetişdirse, ol meniň oglum ýa-da gyzym bolar!

Çagalar gül tohumlaryny ekipdirler we ertir-agşam suwarypdyrlar. Son Ir atly oglanjyk hem eken tohumlaryna yhlasly ideg edipdir. Emma aradan on gün geçse-de, ýarym aý, bir aý geçse-de güldandaky tohumlar gögermändir. «Geň galaýmaly!» diýip, güldana seredip durşuna Son Ir pikir edipdir hemem ahyry bu ýagdaýy ejesine aýdypdyr.

— Eje, näme üçin eken tohumlarym gögerenok?

Ejesi bu ýagdaýa aladaly garap:

— Oglum, şol tohumlary başga topraga-da ekip gör! — diýipdir.

Son Ir ejesiniň aýdyşy ýaly, tohumlary başga topraga ekipdir, emma şonda-da gögermändir.

Şeýlelikde, patyşanyň gülleri görmeli güni hem gelip ýetipdir. Bezemen geýnen çagalar köçä çykypdyr. Olaryň öňündäki güldanlaryň içi dürli reňkli güllerden dolumyş. Çünki çagalaryň her biri patyşanyň mirasdüşeri bolmak isläpdir. Emma, nämüçindir, patyşa güllere seredip barşyna, çagalaryň deňinden lapykeçlik bilen geçipdir. Onuň ýüzünde begençden nam-nyşan ýokmuş. Birdenem onuň gözi hol beýlede eli boş güldanly aglap duran Son Ire düşýär. Patyşa nökerlerine ony ýanyna çagyrmagy buýurýar.

— Sen näme üçin içi boş güldanly dursuň? — diýip, patyşa ondan sorapdyr.

Son Ir horkuldap durşuna, gül tohumlaryny ekse-de gögermändigini, munuň sebäbiniň bolsa, kesekiniň bagyndan gizlinlikde bir almany ýolup alandygy üçin bolmagynyň ahmaldygyny aýdypdyr.

Bu gürrüňi eşiden patyşa Son Iriň elinden tutupdyr-da, şeýle diýipdir:

— Halaýyk, bu dogruçyl oglanjyk meniň oglum bolar!

Muny eşiden adamlar:

— Patyşa näme üçin eli boş güldanly oglanjygy ogullyga alýarka? — diýip, galmagal edip ugraýarlar.

Patyşa:

— Sebäbi biziň çagalara paýlan gül tohumlarymyz gaýnadylandy — diýip, patyşa düşündiripdir.

Şondan soň hemmeler baş atyp onuň bilen ylalaşypdyrlar we patyşanyň bu kararyny makullapdyrlar. Elleri gülli çagalar bolsa utanjyndan nätjeklerini bilmändir. Çünki olar güldana başga gül tohumlaryny sepen ekenler.

Rus dilinden terjime eden Suraý ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle