|

Doganyma

Doganyma DOGANA

Sag bol dogan
Köp zat öwrendim senden,
Gaýmak deý goýalyp gitdi ak dañlar.
Kalbyñ çuñlugyna çabrap urdy,
Ümsümlikde syzan ajaýyp ýañlar.

Ýola düşsem ýoldaş bolup tümlerde,
Kalbyñ çoýdy gijelere ak reñki.
Hydyr görmek maña indi hökman däl,
Saña duşup bar zat ugruna meñki.

Düşündim men, syryp dünýäñ perdesin,
Hemme zat mañyzly
Ähli zat aýdyñ.
Guýynyñ düýbünde galan yhlasdan,
Ýylçyr gaýalarda döretdim aýdym.

Şowuna aýlawa çykan bedew deý,
Ýollar akýar,
Dazlap barýan ýelgine.
Mawy alys ýaşyl parça beslense,
Ak bulutlar boýalypdyr gülgüne.

Ümez baglan gözler doly röwşenden,
Bu baharlar ömrüñ elwan keşdesi.
Başyñ belent
Öýüñ bolup abadan,
Bulanmasyn doganlygyñ çeşmesi.

Oguljemal ÇARYÝEWA.

«Яш коммунист» gazeti, 1987. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle